Bap 21
Biraz wagtdan soň başga wakalar bolup geçdi. Ýizregel galasynda Samarýa patyşasy Ahabyň köşgüniň ýanynda ýizregelli Nabodyň üzümçiligi bardy.
2 Bir gün Ahap Nabota: «Maňa gök önüm ekmäge ýer bolar ýaly üzümçiligiňi maňa ber, çünki seniň üzümçiligiň meniň köşgüme ýakyndyr. Men onuň deregine saňa ondan has oňat bag bereýin. Eger isleseň, men saňa onuň bahasyny kümüş bilen töläýin» diýdi.
3 Emma Nabot Ahaba: «Ata-babalarymdan galan mirasy saňa bermekden Hudaý saklasyn!» diýdi.
4 Ahap ýizregelli Nabodyň aýdan sözüne ýüzüni sortduryp, gaharly halda öýüne gaýtdy, çünki Nabot: «Atalarymyň mirasyny saňa bermerin» diýipdi. Ahap öýüne gelip, hiç zat iýip-içmezden düşegine geçip, ýüzüni ters öwrüp ýatdy.
5 Aýaly Izebel Ahabyň ýanyna gelip, ondan: «Sen hiç zat iýmän-içmän, näme beýle ynjalyksyz görünýärsiň?» diýip sorady.
6 Ahap aýalyna şeýle jogap berdi: «Men ýizregelli Nabota: „Üzümçiligiňi maňa kümşe sat ýa-da isleseň, onuň deregine saňa başga bir üzümçilik bereýin“ diýdim. Ol maňa: „Üzümçiligimi saňa satjak däl“ diýdi».
7 Aýaly Izebel oňa: «Ysraýyla patyşalyk edýän sen dälmi näme? Tur, naharyňy iý-de, göwnüňi hoşla; ýizregelli Nabodyň üzümçiligini saňa meniň özüm alyp bererin».
8 Şeýdip, Izebel Ahabyň adyndan hatlar ýazyp, olary Ahabyň möhüri bilen möhürledi-de hatlary Ýizregel galasynda ýaşaýan ýaşululara, beglere iberdi.
9 Ol hatlarda şeýle ýazylypdy: «Agyz beklemegi yglan ediň-de, Naboty halkyň öňünde törde oturdyň.
10 Onuň garşysynda hem iki sany pis adamy oturdyň we olar: „Sen Hudaýy, patyşany näletlediň“ diýip, ol barada güwälik etsinler. Onsoň Naboty galadan daşaryk çykaryň-da, daşlap öldüriň».
11 Ýizregel galasynyň adamlary, ýaşululary we begleri Izebeliň özlerine iberen hatynda tabşyryşy ýaly hem etdiler.
12 Olar agyz beklemegi yglan edip, Naboty halkyň öňünde hormatly ýerde oturtdylar.
13 Iki sany pis adam gelip, onuň garşysynda oturdy. Olar halkyň öňünde Nabot barada güwälik edip: «Nabot Hudaýy, patyşany näletledi» diýdiler. Şeýdip, olar Naboty galanyň daşyna çykaryp, şol ýerde daşlap öldürdiler.
14 Soňra olar Izebele: «Nabot daşlanyp öldürildi» diýip habar iberdiler.
15 Nabodyň daşlanyp öldürilendigi baradaky habary eşiden badyna, Izebel Ahabyň ýanyna baryp: «Git-de, ýizregelli Nabodyň saňa kümşe satmakdan boýun gaçyran üzümçiligini eýele, çünki Nabot öldürildi».
16 Ýizregelli Nabodyň öldürilendigi barada eşiden badyna, Ahap onuň üzümçiligini eýelemäge gitdi.
17 Onsoň Reb tişbeli Ylýas pygambere şeýle diýdi:
18 «Sen Samarýa patyşalyk edýän ysraýyl patyşasy Ahabyň ýanyna git. Ol häzir Nabodyň üzümçiligindedir. Ol ony öz eýeçiligine almaga gitdi.
19 Sen oňa Reb şeýle diýýär diý: „Sen ilki Nabody öldürdüň, indi hem onuň üzümçiligini eýeleýäňmi? Itler Nabodyň ganyny ýalan ýerlerinde seniň hem ganyňy ýalarlar“».
20 Ahap Ylýasa: «Hä, duşmanym meni ahyry tapdyňmy?» diýdi. Ylýas oňa: «Hawa, men seni tapdym, çünki sen Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmäge ýüz urduň!
21 Şonuň üçin hem Reb şeýle diýýär: „Men seniň başyňdan bela inderip, seniň ýoguňa ýanaryn! Ysraýylda isle gul bolsun, isle-de azat, parhy ýok – Ahabyň erkek nesilleriniň baryny gyraryn.
22 Meniň gaharymy getirip, ysraýyl halkyna günä etdirenligiň üçin seniň nesilleriňi-de Nebadyň ogly Ýarobgamyň we Ahyýanyň ogly Bagşanyň nesilleri ýaly ederin“.
23 Şeýle hem Reb aýalyňy Izebel barada şeýle diýýär: „Izebeli Ýizregel galasynyň golaýynda itler iýer.
24 Ahaba degişli bolanlaryň galada ölenlerini itler, düzde ölenlerini bolsa guşlar iýer“» diýdi.
25 (Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.
26 Ahap Reb tarapyndan ysraýyllaryň öňünden kowup çykarylan amorlar ýaly butlara sežde edip, iň nejis işleri etdi).
27 Ahap bu sözleri eşidende, ýakasyny ýyrtyp, jul geýnip, agyz bekläp, julda ýatyp, uly gama batdy.
28 Onsoň tişbeli Ylýasa Rebbiň şu sözi geldi:
29 «Ahabyň özüni Meniň öňümde nähili kiçeldendigini gördüňmi? Onuň Maňa boýun egendigi üçin Men belany Ahabyň başyna onuň günlerinde getirmän, ogullarynyň günlerinde getirerin».