Bap 11
Süleýman fyrownyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlylardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy.
2 Reb ysraýyl ogullaryna: «Siz keseki milletlerden gyz alşyp-berişmäň, çünki olar hökman sizi öz hudaýlaryna sežde etdirerler» diýip aýdan milletlerindendiler. Emma Süleýman muňa garamazdan şu aýallara öýlendi.
3 Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnagy bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar.
4 Süleýmanyň garrylyk çagynda aýallary ýüregini keseki hudaýlara tarap öwürdiler. Süleýman kakasy Dawut ýaly Hudaýy Rebbe wepaly bolmady.
5 Süleýman sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, ammonlaryň nejis hudaýy Milkoma sežde etdi.
6 Süleýman Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri edip, kakasy Dawudyň bolşy ýaly Rebbe wepaly bolmady.
7 Soňra Süleýman Iýerusalimiň gündogaryndaky dagda Mowabyň nejis buty Kemoş we ammonlaryň hudaýy Molek üçin sežde edilýän ýer gurdy.
8 Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem sežde edilýän ýerler gurdy.
9 Rebbiň Süleýmana gaty gahary geldi. Süleýman özüne iki gezek görnüp, başga hudaýlaryň yzyna eýerme diýip tabşyryk beren ysraýyl Hudaýy Rebbiň tabşyrygyny berjaý etmän, Ondan ýüz dönderipdi.
10
11 Şonuň üçin hem Reb Süleýmana şeýle diýdi: «Seniň Meniň bilen eden ähtiňi bilgeşleýin bozup, Meniň saňa tabşyran parzlarymy saklamandygyň üçin, Men patyşalygy hökman seniň eliňden alyp, ony köşk emeldarlaryňyň birine bererin.
12 Emma seniň kakaň Dawudyň hatyrasy üçin Men muny seniň günleriňde etmerin; patyşalygy seniň ogluňyň elinden alaryn.
13 Men bütin patyşalygy seniň eliňden alman, gulum Dawudyň hem-de Öz saýlan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin, diňe bir tiräni seniň ogluňa bererin».
14 Soňra Reb edomly Hadady Süleýmana duşman etdi. Ol Edomda patyşa neslindendi.
15 Çünki Dawut Edomdaka, goşunbaşy Ýowap öldürilenleri jaýlamaga gidip, Edomdaky erkekleriň ählisini gyrypdy (çünki Ýowap we bütin ysraýyllar Edomdaky erkekleriň ählisini gyrýançalar, alty aýlap şol ýerde galypdylar).
16
17 Emma Hadat kakasynyň emeldarlary bolan birnäçe edomlylar bilen gaçyp, Müsüre gidipdi; Hadat ol wagtlar ýaş oglandy.
18 Olar Midýandan çykyp, Parana geldiler, Parandan hem ýanlaryna birnäçe adam alyp, Müsüre, Müsür patyşasy fyrownyň ýanyna bardylar. Patyşa Hadada ýaşamaga jaý we mellek ýer berip, ony azyk bilen üpjün etdi.
19 Hadat fyrownyň mährini gazandy; ol öz aýalynyň gyz doganyny, ýagny melike Tahpeneýsiň gyz doganyny Hadada aýallyga berdi.
20 Ol Hadada ogul dogrup berip, onuň adyna Genubat dakdylar. Tahpeneýs Genubaty fyrownyň öýünde terbiýeledi. Genubat onuň ogullarynyň arasynda ösüp ulaldy.
21 Hadat Müsürdekä, Dawudyň ata-babalaryna gowuşandygy hem-de Ýowap goşunbaşynyň ölümi barada eşidende, ol fyrowna şeýle diýdi: «Maňa öz ýurduma dolanmaga rugsat ber».
22 Fyrown ondan: «Ýurduňa gitmekçi bolar ýaly, meniň ýanymda näme kemiň bar?» diýip sorady. Ol: «Kem zadym ýok, ýöne maňa hökman gitmäge rugsat ber» diýip jogap berdi.
23 Jenaby Soba patyşasy Hadadgezerden gaçyp giden Elýadanyň ogly Rezony hem Hudaý Süleýmana duşman etdi.
24 Dawut sobalylary öldürende, Rezon ýanyna adam ýygnap, bir leşgere baş boldy. Olar Damaska baryp, şol ýerde mesgen tutdular, onuň adamlary Rezony Damaskda patyşa etdiler.
25 Hadadyň ýamanlyk edişi ýaly, Süleýmanyň bütin ömrüne Rezon Ysraýyla duşman bolup, Ysraýyly ýigrendi hem-de Arama hökmürowanlyk etdi.
26 Süleýmanyň emeldarlarynyň biri bolan Seredadan efraýymly Nebadyň ogly Ýarobgam patyşa garşy çykdy. Onuň ejesi Seruga atly bir dul hatyndy.
27 Onuň patyşa garşy el galdyrmagynyň sebäbi şeýledi: Süleýman Millony täzeden dikeldip, kakasy Dawut galasynyň diwarlarynyň ýykylan ýerlerini abatlady.
28 Ýarobgam başarjaň adamdy, bu ýaş ýigidiň iş başarjaňlygyny gören Süleýman, ony Manaşe we Efraýym tirelerine degişli bolan mejbury işdäkileriň üstünden baştutan edip goýdy.
29 Bir gün Ýarobgam Iýerusalimden çykyp barýarka, ýolda oňa şiloly Ahyýa pygamber gabat geldi. Ahyýa täze eşikler geýipdi. Çola ýerde olaryň ikisinden başga adam ýokdy.
30 Ahyýa egnindäki täze eşigini çykardy-da, ýyrtyp on iki bölege böldi.
31 Soňra Ýarobgama şeýle diýdi: «On bölegini özüň üçin al, çünki ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär:
32 „Men patyşalygy hökman Süleýmanyň elinden alyp, on tiräni saňa bererin, ýöne gulum Dawudyň hatyrasy üçin hem-de Ysraýylyň bütin tirelerinden saýlap alan şäherim Iýerusalimiň hatyrasy üçin diňe bir tire Süleýmanyňky bolar. Çünki ol Meni terk edip, sidonlylaryň hudaýy Aştoreta, Mowabyň hudaýy Kemoşa, ammonlaryň hudaýy Milkoma sežde etdi.
33 Süleýman kakasy Dawut ýaly, Meniň gözümiň öňünde dogry işleri edip, parzlarymy, hökümlerimi berjaý edip, ýollarymdan ýöremedi.
34 Muňa garamazdan, Men bütin patyşalygy onuň elinden almaryn. Meniň tabşyryklarymy, parzlarymy berjaý eden, Öz saýlan gulum Dawudyň hatyrasy üçin, Men Süleýmany ömrüniň ahyryna çenli patyşa ederin.
35 Emma patyşalygy Dawudyň oglunyň elinden alyp, ony on tire bilen saňa bererin.
36 Maňa ybadat edilmegi üçin, Öz saýlan şäherim Iýerusalimde gulum Dawudyň neslinden biri hemişelik patyşalyk eder ýaly bir tiräni Süleýmanyň ogluna bererin.
37 Men seni Ysraýyla patyşa ederin we sen Ysraýyla göwnüňiň isleýşine görä patyşalyk edersiň.
38 Gulum Dawudyň edişi ýaly, parzlarymy, tabşyryklarymy berjaý edip, Maňa gulak goýup, ýollarymdan ýöräp, Meniň gözümiň öňünde dogry işleri etseň, Men hemişe seniň bilen bolaryn. Men seni Ysraýyla patyşa ederin we edil Dawudyň nesillerini patyşa edişim ýaly, senden soň seniň nesilleriňi hem patyşa ederin.
39 Süleýmanyň günäleri üçin Men Dawudyň nesillerine jeza bererin, ýöne bu hemişelik bolmaz“».
40 Şonuň üçin hem Süleýman Ýarobgamy öldürmäge synanyşdy, ýöne Ýarobgam Müsüre, Müsür patyşasy Şişagyň ýanyna gaçyp baryp, Süleýman dünýäden ötýänçä, şol ýerde boldy.
41 Süleýmanyň ähli galan we eden işleri hem-de akyl-paýhasy barada «Süleýmanyň işleri» diýen kitapda ýazylandyr.
42 Süleýman Iýerusalimde bütin Ysraýyla kyrk ýyl patyşalyk etdi.
43 Süleýman ata-babalaryna gowuşdy. Ol kakasy Dawut galasynda jaýlandy. Onuň ýerine ogly Rehabgam patyşa boldy.