1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 1

Efraýym daglygyndaky Ramataýymsopym galasynda Elkana diýen bir adam ýaşaýardy. Efraýym tiresinden bolan bu adam Ýerohamyň ogly, Elihuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy we Supuň ýuwlugydy.
2 Elkananyň Hanna hem-de Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannadan perzent bolmaýardy.
3 Elkana ýylyň-ýylyna Hökmürowan Rebbe sežde etmek hem Oňa gurbanlyk bermek üçin, Şilo galasyna gidýärdi. Ol ýerde Eliýiň Hopny we Pinehas atly iki ogly bardy. Olar Rebbiň ruhanylarydy.
4 Elkana her gezek Şiloda gurbanlyk berende, gurbanlyk etinden aýaly Peninna hem-de onuň çagalarynyň hersine bir paýdan bererdi.
5 Emma ol Hanna iki paý bererdi. Çünki Reb Hannany önelgesiz edenem bolsa, Elkana ony söýýärdi.
6 Rebbiň perzent bermeýändigi sebäpli, Hannanyň günüsi ony ynjydardy, kemsiderdi.
7 Bu ýyllarboýy şeýle boldy. Her gezek Rebbiň öýüne gidende, Hannanyň gündeşi onuň ýarasyny täzelärdi. Bir gün hem Hanna oturyp aglady we hiç zat datmady.
8 Äri oňa: «Hanna, sen näme üçin aglaýaň, näme üçin hiç zat iýmeýäň, näme üçin beýle hasrat çekýäň? Seniň üçin men on oguldan-da artyk dälmi näme?!» diýdi.
9 Olar iýip-içip bolanlaryndan soň, Hanna ýerinden turup, Rebbiň huzuryna bardy. Eliý ruhany şol wagt Rebbiň ybadathanasynyň söýesiniň gapdalyndaky kürsüde otyrdy.
10 Hannanyň kalby hasratdan doludy. Ol gözünden boýur-boýur ýaş döküp durşuna, Rebden dileg etdi.
11 Ol şeýle kasam etdi: «Eý, Hökmürowan Reb, Öz gyrnagyňyň çekýän hasratyna nazar sal, ony ýatla. Öz gyrnagyňy gözden salma-da, gaýtam, oňa bir ogul ber, men ony Saňa ömürlik nazyr edeýin, onuň kellesine päki degmez».
12 Hanna Rebbiň huzurynda uzak wagt dileg edensoň, Eliý onuň agzyna seredip otyrdy.
13 Hanna içinden dileg edensoň, onuň sesi eşidilmän, diňe dodaklary gymyldaýardy. Şoňa görä Eliý oňa serhoşdur öýtdi.
14 Eliý oňa: «Haçana çenli beýdip, entirekläp ýörjek? Bar, serhoşlukdan açylansoň gel» diýdi.
15 Hanna oňa: «Ýok, agam, men serhoş däl, men ýarym göwün bir biçäre. Meniň arak-şerapdan içen zadym ýok. Men diňe Rebbiň huzurynda içimi dökýän.
16 Gyrnagyňa ýaramaz aýaldyr öýtme. Men ajy gam-gussadan we gaýgy-hasratdan ýaňa dileg edýärin» diýip jogap berdi.
17 Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi.
18 «Öz gyrnagyňa merhemet et!» diýip, Hanna öz ýoluna gitdi. Soňra ol naharlandy. Ol indi gamgyn däldi.
19 Ertesi irden turup, olar Rebbe sežde etdiler, soňra yzlaryna gaýtdylar we Ramadaky öz öýlerine dolanyp geldiler. Elkana öz aýaly Hanna ýanaşdy; Reb onuň dilegini kabul etdi.
20 Şeýlelikde, Hanna göwreli bolup, bir ogul dogurdy. «Men muny Rebden diläp aldym» diýip, ol oglunyň adyna Şamuwel dakdy.
21 Onuň äri Elkana tutuş maşgalasy bilen ýene ýyllyk gurbanlygyny bermek üçin hem-de beren wadasyny ýerine ýetirmek üçin, Şilo gitmekçi bolanda,
22 Hanna bu gezek onuň bilen gitmedi. Ol adamsyna: «Süýtden aýrylandan soň, men çagany Rebbiň huzuryna alyp bararyn, ol şol ýerde ömürlik galar» diýdi.
23 Elkana oňa: «Bolýar, gözel göwnüň, çagaň süýtden aýyrýança garaşaý. Goý, Reb seniň wadaňy amala aşyrsyn!» diýdi. Şunlukda, Hanna öýde galyp, çagany süýtden aýyrýança, oňa seretdi.
24 Çagany süýtden aýrandan soň, üçýaşar öküz bir batman un we bir tulum şerap bilen bilelikde Hanna ony Şilo galasyna Rebbiň öýüne getirdi; çaga entek ýaşdy.
25 Bir öküzi gurbanlyk berenlerinden soň, olar çagany Eliýiň ýanyna alyp bardylar.
26 Hanna Eliýä ýüzlenip: «Eý, agam, ömrüň uzak bolsun! Men şu ýerde huzuryňda durup, Rebden dileg eden aýal.
27 Ine, şu çaga üçin dileg edipdim. Reb meniň dilegimi kabul etdi.
28 Şoňa görä men ony Rebbe berýärin. Goý, ol tä ömri ötýänçä, Rebbiň hyzmatynda bolsun» diýdi. Soňra ol şol ýerde Rebbe sežde etdi.