Bap 4
Bowaz galanyň derwezesiniň agzyna gelip oturdy. Şol wagt Bowazyň: «Ol saňa has ýakyn hossardyr» diýen adamy geçip barýardy. Bowaz ony gören badyna adyny tutup: «Bärik sowul, gel, şu ýerde otur» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Ol gelip oturdy.
2 Soňra Bowaz galanyň ýaşulularyndan on adamy çagyrdy-da, «Geliň, ýanymda oturyň» diýdi. Olar oturdylar.
3 Bowaz ýaňky ýakyn hossaryna: «Mowap ýurdundan yzyna gelen Nagomy doganymyz Elimelegiň ýer paýyny satjak bolýar.
4 Men muny bu ýerde oturanlaryň we halkymyň ýaşulularynyň huzurynda saňa eşitdireýin diýdim, ony sen satyn al. Eger ýere eýelik edip biljek bolsaň-a et, eýelik edip bilmejek bolsaň-da, ony aýt, men bu barada bileýin. Sebäbi, onuň iň ýakyn hossary sensiň, galyberse-de, mendirin» diýdi. Ýaňky ýakyn garyndaşy: «Eýelik ederin» diýdi.
5 Bowaz: «Eger-de sen Nagomynyň ýerini satyn alaýsaň, onda mowaply dul aýal Ruta öýlenmeli bolarsyň. Çünki Rutdan çaga dünýä inse, şol ýer çaganyň adyna geçer we öleniň ady dikeldiler» diýdi.
6 Ýaňky ýakyn hossary: «Men oňa eýe çykyp biljek däl, eger eýe çykaýsam, onda, öz mirasymy dagadaryn, ony sen alaý. Men beýle edip biljek däl» diýdi.
7 Haýsydyr bir zada eýe çykylanda ýa-da ýer başga biriniň adyna geçirilende, muny makullamak üçin ozallar Ysraýylda şeýle däp bardy: taraplaryň biri aýakgabynyň bir taýyny çykaryp, beýlekä uzadardy.
8 Şoňa görä ýaňky ýakyn hossary Bowaza: «Seniň özüň satyn alaý» diýip, aýakgabyny çykardy.
9 Bowaz ýaşululara, derwezäniň agzyndaky adamlara: «Elimelegiň, Kilýonyň we Mahlonyň ähli emlägini Nagomydan meniň satyn alandygyma bu gün siz şaýatsyňyz.
10 Şeýle hem merhumyň ady öz mirasynyň üstünde berkarar bolup, doganlarynyň arasynda, dogduk mekanynda onuň ady ýitmez ýaly, Mahlonyň aýaly, mowaply Ruty men özüme aýallyga alýaryn. Siz muňa şaýatsyňyz» diýdi.
11 Derwezäniň agzyna üýşen ýaşulular we beýleki adamlar Bowaza ýüzlenip: «Biz şaýatdyrys. Goý, seniň öýüňe geljek aýaly Reb, Rahel we Leýa ýaly etsin! Ol ikisinden ysraýyl halky emele gelendir. Efrata tiresiniň arasynda seniň döwletiň artyp, adyň Beýtlahama dolsun!
12 Şu gelniň üsti bilen Rebbiň saňa berjek perzentlerinden dörejek nesil Tamaryň Ýahuda dogrup beren ogly Peresiň nesli ýaly bolsun!» diýdiler.
13 Bowaz Ruta öýlendi. Ol onuň ýanyna girdi; Rut Rebbiň merhemeti bilen göwreli boldy we bir ogul dogurdy.
14 Aýallar Nagoma: «Rebbe alkyş bolsun! Ol bu gün seni hossarsyz goýmady. Dünýä inen bu oglanyň ady Ysraýylda uly hormata eýe bolsun!
15 Ol seniň durmuşyňy täzelär. Garranyňda, ol saňa arkadaýanç bolar. Seniň üçin ýedi oguldan hem artyk bolan bu gelniň saňa ogul dogrup berdi, ol seni söýýär» diýdiler.
16 Nagomy çagany alyp, gujagyna gysdy we oňa eneke boldy.
17 Goňşy aýallar çaga at goýup: «Nagoma bir ogul dogdy» diýişdiler. Ony Obet diýip atlandyrdylar. Obet Dawudyň kakasy Ýyşaýyň kakasydyr.
18 Peresiň nesilleri şulardyr: Peresden Hesron, Hesrondan Ram, Ramdan Ammynadap, Ammynadapdan Nahşon, Nahşondan Salman, Salmandan Bowaz, Bowazdan Obet, Obetden Ýyşaý, Ýyşaýdan bolsa Dawut dünýä indi.