Bap 2
Elimelegiň kowumyndan, ýagny Nagomynyň äriniň ýakyn garyndaşlaryndan bir tanymal hem-de baý adam bardy. Onuň ady Bowazdy.
2 Mowaply Rut Nagoma: «Men ekin meýdanyna gideýin, ol ýerde maňa öz yzyndan hoşa çöplemäge rugsat eden adam tapylsa, onuň yzyndan hoşa çöplärin» diýdi. Ol hem: «Gidiber, gyzym» diýdi.
3 Rut gidip, orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemäge başlady. Onuň tötänden giren ýeri, Elimelegiň kowumyndan bolan Bowazyň ekin meýdany eken.
4 Ine, Bowaz Beýtlahamdan geldi. Ol orakçylara: «Reb siz bilen bolsun!» diýip ýüzlendi. Olar hem: «Seni-de Reb ýalkasyn!» diýip jogap berdiler.
5 Bowaz orakçylaryň ýolbaşçysyndan: «Bu gelin kim?» diýip sorady.
6 Orakçylaryň ýolbaşçysy oňa: «Bu mowaply gelin. Ol Nagomy bilen bilelikde Mowap ýurdundan gelen. Ol orakçylaryň yzyndan hoşa çöplemek üçin menden rugsat sorady. Irdenki gelşinden tä şu wagta çenli hoşa çöpläp ýör, işiň aralygynda ýekeje salym hem dynç almady» diýip jogap berdi.
8 Bowaz Ruta: «Diňle, gyzym, hoşa çöplemäge başga ýere gitme. Bu ýerden aýrylma, biziň gelin-gyzlarymyzyň ýanynda bol.
9 Gözüň orakçylaryň orak orýan meýdanynda bolsun, sen olaryň yzyndan ýöre. Men öz adamlaryma saňa azar bermezligi tabşyrandyryn. Suwsan wagtyň hyzmatkärleriň dolduran küýzelerindäki suwdan içersiň» diýip tabşyrdy.
10 Rut iki bükülip tagzym edip: «Meniň bir kesekidigime garamazdan, sen men barada näme beýle aladalanýarsyň? Saňa beýle ýakymly görünmegime näme sebäp boldy?» diýdi.
11 Bowaz oňa: «Seniň adamyň ölenden soň, öz gaýyn eneňe eden ýagşylyklaryň barada hemme zat maňa mälim. Sen ene-ataňy, dogduk mekanyňy taşlap, hiç bir tanamaýan halkyň arasyna gelipsiň.
12 Eden ýagşylyklaryň Rebden gaýtsyn! Seniň pena tapynan Rebbiň, Ysraýyl Hudaýy sylagyňy bersin!» diýip jogap berdi.
13 Rut: «Meniň jenabym, sende rehim-şepagat tapaýyn. Men seniň gyrnagyň bolmasam-da, mylaýym sözleriň bilen öz gyrnagyň göwnüni göterdiň» diýdi.
14 Nahar wagty bolanda, Bowaz oňa: «Bärik gel-de, biraz nan alyp, şeraba batyryp iý» diýdi. Rut orakçylaryň ýanynda oturdy. Bowaz oňa gowurga uzatdy. Ol iýip doýdy, galanyny ýygnap goýdy.
15 Ol hoşa çöplemek üçin ýerinden galanda, Bowaz özüne degişli erkek adamlara: «Desseleriň arasyndan-da çöplesin. Oňa hiç zat diýmäň.
16 Oňa desseleriňizden-de baş sogrup goýuň; çöplesin, käýemäň» diýip tabşyrdy.
17 Ol agşama çenli meýdanda hoşa çöpledi, çöplänini döwdi. Ýarym batmana golaý arpa boldy.
18 Onsoň ony göterip, gala geldi we ýygnan arpasyny gaýyn enesine görkezdi. Rut özünden galan gowurgany çykaryp, gaýyn enesine berdi.
19 Gaýyn enesi oňa: «Bu gün hoşany nireden çöplediň? Nirede işlediň? Sen barada aladalanan bu adamy Hudaý ýalkasyn» diýdi. Rut gaýyn enesine kimiň ýanynda hoşa çöpländigini aýtdy. Rut: «Meniň bu günki hoşa çöplän ýerimiň eýesiniň ady – Bowaz» diýdi.
20 Nagomy gelnine: «Wepalylygyny ölülerden, dirilerden gaýgyrmadyk Reb bu adamy ýalkasyn! Bu adam biziň garyndaşymyzdyr, iň ýakyn hossarlarymyzyň biridir» diýdi.
21 Mowaply Rut: «Ol maňa: „Ekin meýdanymda orak orulýan möwsüm doly tamamlanýança, meniň işgärlerimiň ýanynda boluber“ diýdi» diýip, bolan zatlary gaýyn enesine gürrüň berdi.
22 Nagomy gelnine: «Hawa gyzym, ekin meýdanyna onuň gelin-gyzlary bilen bile çykanyň gowy, başga biriniň ekin meýdanynda saňa erkekler azar bererler» diýdi.
23 Rut arpa oragynyň we bugdaý oragynyň möwsümi gutarýança, hoşa çöplän wagtynda Bowazyň gelin-gyzlarynyň ýanynda bolup, gaýyn enesi bilen bile ýaşaberdi.