Bap 3
Gaýyn enesi Nagomy Ruta ýüzlenip: «Gyzym, saňa gowy bolar ýaly, täze mesgen gözläýsem, oňat bolardy!
2 Bowazyň gelin-gyzlary bilen bile hoşa çöplediň, şol Bowaz biziň ýakyn garyndaşymyz dälmi näme? Ol şu gije harmanda arpa sowurýar.
3 Sen ýuwun-da, endamyňa ýag çal, iň gowy geýimleriňi geýip, harmana bar, ýöne ol iýip-içip bolýança, oňa görünme.
4 Ol ýatmaga gidende, onuň nirede ýatýandygyny anykla; onsoň baryp, onuň ýorganyny aç-da, girip aýagujynda ýat. Näme etmelidigini onuň özi aýdar» diýdi.
5 Rut oňa: «Seniň ähli diýenleriňi aýdyşyň ýaly ederin» diýdi.
6 Şeýlelikde, harmana baryp, gaýyn enesiniň hemme tabşyranlaryny ýerine ýetirdi.
7 Bowaz iýip-içip, keýpini kökledi. Soň harmanyň gyrasyna ýatmaga gitdi. Rut bolsa assyrynlyk bilen gelip, onuň aýagujy tarapyndan ýorgany açyp, girip ýatdy.
8 Ýarygije Bowaz tisginip oýandy, görse, aýagujynda bir aýal ýatyr.
9 Bowaz oňa: «Sen kim?» diýdi. Ol: «Men Rut, seniň gyrnagyň. Meniň garamatymy öz üstüňe alsana, çünki sen biziň ýakyn hossarymyzsyň» diýip jogap berdi.
10 Bowaz: «Gyzym, goý, seni Reb ýalkasyn, seniň soňky görkezen wepalylygyň ozalkyňdan-da has gowy, çünki sen haýsydyr bir garyp ýa baý ýaş ýigidiň yzyna düşüp gitmediň.
11 Gyzym, gorkma; men seniň soran zatlaryňy ederin. Obamyzyň ähli adamlary seniň päk aýaldygyňy bilýär.
12 Dogry, menem hossaryňdyryn welin, ýöne saňa menden-de has ýakyn bir hossar bar.
13 Bu gije sen şu ýerde ýat, ertir ol saňa hossar çyksa çykar, bolmasa-da, men özüm saňa hossarlyk ederin, Rebbiň barlygynda muňa ant içýärin! Ertire çenli sen şu ýerde boluber» diýdi.
14 Şeýlelikde, Rut onuň aýagujynda ertire çenli ýatyp, daňdan alagaraňkylykda turdy. Bowaz: «Harmana aýal gelendigi bilinmesin» diýdi.
15 Bowaz Ruta: «Ýapynjaňy getirip, ony ýere ýaz!» diýdi. Rut hem ony etdi. Bowaz arpadan galbir bilen alty gezek alyp, Rutuň ýapynjasyna guýdy-da, onuň omzuna goýdy. Soňra Bowaz gala tarap gitdi.
16 Rut gelende, gaýyn enesi oňa: «Gyzym, hany aýt, nämeler bolup geçdi?» diýdi. Ol hem Bowaz bilen bolan zatlaryň baryny aýdyp berdi.
17 Soňra Rut: «Bowaz maňa „Gaýyn eneň ýanyna eliň boş gitme“ diýip, ine, şu alty galbir arpany berdi» diýdi.
18 Nagomy: «Gyzym, bu işiň soňunyň nähili boljakdygy belli bolýança, garaşyber, çünki ol bu işi şu gün bitirmän ynjalmaz» diýdi.