Bap 4
Şonda ysraýyllar piliştlilere garşy baş göterdiler. Ysraýyllar Ebenezerde, piliştliler bolsa Apekde düşelge gurdular.
2 Piliştliler ysraýyllaryň garşysyna söweşmek üçin, hatara düzüldiler. Söweş ýaýbaňlanyp, ysraýyllar piliştlilerden ýeňildiler. Piliştliler söweş meýdanynda olaryň dört müň çemesi adamyny öldürdiler.
3 Goşun düşelgä gaýdyp gelende, Ysraýylyň ýaşululary şeýle diýdiler: «Näme üçin Reb bizi piliştliler bilen söweşde ýeňlişe sezewar etdikä? Geliň, Rebbiň Äht sandygyny Şilodan şu ýere alyp geleliň. Goý, ol biziň aramyzda bolup, bizi duşmanyň elinden halas etsin».
4 Olar Şilo birnäçe adam iberip, keruplaryň ýokarsynda tagt guran Hökmürowan Rebbiň Äht sandygyny getirdiler. Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem Hudaýyň Äht sandygynyň ýanyndadylar.
5 Rebbiň Äht sandygy düşelgä getirilende, ähli ysraýyllar şeýle bir gygyryşdylar welin, olaryň gykylygyndan ýaňa hatda ýer sarsdy. 6–7 Piliştliler bu gykylygy eşidip: «Ýewreýleriň düşelgesindäki bu gykylyk nämäniň alamatyka?» diýşip geňirgenişdiler. Ysraýyllaryň düşelgesine Rebbiň sandygynyň getirlendigini bilenlerinde bolsa, olar gorkup, şeýle diýdiler: «Olaryň düşelgesine hudaýlar gelipdir. Dat biziň günümize! Bu öň görlüp-eşidilen zat däl ahyryn.
8 Dat biziň günümize! Bu kuwwatly hudaýlaryň elinden kim bizi halas edip biler? Her hili bela-beterler bilen bular çölde müsürlilere göz görkezen hudaýlar ahyryn.
9 Eý piliştliler, ýewreýleriň öz gapyňyzda gul boluşlary ýaly, siziň hem olaryň gapysynda gul bolasyňyz gelmeýän bolsa, gaýrata galyň, mert boluň! Olar bilen mert durup söweşiň!»
10 Şondan soň piliştliler hüjüme geçdiler. Ysraýyllar ýeňlip, dyr-pytrak bolup, öýli-öýüne gaçdylar. Uly gyrgynçylyk boldy, ysraýyllaryň otuz müň pyýada esgerini öldürdiler.
11 Hudaýyň sandygy elden gitdi, Eliýiň ogullary Hopny bilen Pinehas hem öldürildi.
12 Benýaminlerden biri gaçyp, söweş meýdanyndan çykdy we şol günüň özünde Şilo geldi. Ol ýakasyny çäkläp, başyndan gum sowrupdy.
13 Ol gelende, Eliý ýoluň ugrundaky kürsüsinde gözlerini zordan ýola dikip otyrdy, çünki Hudaýyň sandygynyň alnyp gidilmegi onuň ýüregini elendirýärdi. Ýaňky adam gala girip, bolan wakany habar berende, tutuş gala eňredi.
14 Eliý bu zenzeläni eşidip: «Bu galmagal nämekä?» diýdi. Ol adam gyssanmaç gelip, Eliýi habardar etdi.
15 (Şol wagt Eliý togsan sekiz ýaşyndady, onuň çöňňelen gözleri oňly saýgarmaýardy).
16 Ýaňky adam Eliýä: «Men söweş meýdanyndan gelýärin. Men ol ýerden şu gün gaçyp gaýtdym» diýdi. «Näme boldy, oglum?» diýip, Eliý ondan sorady.
17 «Ysraýyl piliştlilerden gaçdy, halk gyryldy, ogullaryň Hopny bilen Pinehas duşman elinden öldi, Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýip, habar getiren adam jogap berdi.
18 Hudaýyň sandygy agzalan bada, Eliý oturan kürsüsinden çiň arkanlygyna derweze tarapa agyp gaýtdy. Ol garry hem agyr göwre bolansoň, boýny omrulyp jan berdi. Ol Ysraýyla kyrk ýyllap serdarlyk etdi.
19 Onuň gelni – Pinehasyň aýaly aýy-güni ýetik göwrelidi. Hudaýyň sandygynyň elden gidendigi, gaýynatasydyr adamsynyň-da ölendigi baradaky habary eşidende, ol göwresindäki çagany dogurdy, emma ol burgy agyrysyna döz gelip bilmedi.
20 Ol demini sanap ýatyrka, ýanyndaky aýallar oňa: «Gorkma, ogluň boldy» diýdiler. Emma ol bulara ne üns berdi, ne-de jogap.
21 Hudaýyň sandygy elden gidensoň, gaýynatasydyr adamsy-da ölensoň, «Ysraýyldan şöhrat gitdi» diýip, ol oglunyň adyna Ikabot dakdy.
22 Ol: «Ysraýyldan şöhrat gitdi, çünki Hudaýyň sandygy elden gitdi» diýdi.