1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 7

Şondan soň Kirýatýegarymlylar gelip, Rebbiň sandygyny alyp gitdiler. Olar ony depäniň üstünde ýaşaýan Abynadabyň öýüne getirdiler we Kirýatýegarymyň ýaşululary Rebbiň sandygyna gözegçilik etmäge onuň ogly Elgazary belläp, ony mesh etdiler.
2 Sandyk uzak wagtlap – ýigrimi ýyla golaý Kirýatýegarymda galdy. Şol arada tutuş ysraýyl halky Rebbe nalyş etdi.
3 Ahyry bir gün Şamuwel tutuş Ysraýyl nesline ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eger siz bütin kalbyňyz bilen Rebbe dolanmakçy bolsaňyz, onda Aştoret we beýleki keseki hudaýlaryňyzdan geçiň, özüňizi Rebbe bütinleý bagyş ediň we diňe Oňa gulluk ediň. Şeýtseňiz, Ol sizi piliştlileriň elinden halas eder».
4 Şondan soň ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny terk edip, diňe Rebbe gulluk etdiler.
5 Şamuwel olara: «Hemmäňiz Mispada ýygnanyşyň, men ol ýerde siz üçin Rebbe dileg etjek» diýdi.
6 Olar Mispada ýygnanyşdylar. Olar guýudan suw çekip, ony Rebbiň huzurynda ýere döküp: «Biz Rebbiň öňünde günä gazandyk» diýip, şol gün agyz beklediler. Şeýdip, Şamuwel Mispada ysraýyllara serdar boldy.
7 Ysraýyllaryň Mispada toplanyşandygyny eşiden piliştli hanlar olara garşy baş göterdiler. Ysraýyllar muny eşidip, howsala düşdüler.
8 Olar Şamuwele: «Hudaýymyz Rebbe biz üçin dileg etmäňi goýma, Ol bizi piliştlileriň elinden halas etsin» diýip ýüzlendiler.
9 Şamuwel heniz otugmadyk bir guzyny Rebbe başbütin ýakma gurbanlyk berdi. Soň ol Ysraýyl üçin Rebbe perýat etdi; Reb oňa seslendi.
10 Şamuweliň Rebbe ýakma gurbanlyk berýän wagty, ysraýyllaryň üstüne çozmak üçin, piliştliler olaryň alkymyna geldiler. Emma Reb ol gün güňleç ses edip, piliştlileri aljyraňňylyga saldy; olar ysraýyllardan ýeňlip gaçdylar.
11 Ysraýyllar Mispadan çykyp, piliştlileri Beýtkaryň etegine çenli kowalap, olary gyrdylar.
12 Şamuwel bir daşy alyp, ony Mispa bilen Şeniň arasynda dikeldip goýdy we «Reb bize şu güne çenli ýardam etdi» diýip, ol şol ýeri Ebenezer diýip atlandyrdy.
13 Şeýlelikde, piliştliler boýun egdirildi we şondan soň gaýdyp olar ysraýyl topragyna aýak sekmediler. Tä Şamuwel dünýäden ötýänçä, Rebbiň goly piliştlileriň garşysyna boldy.
14 Piliştliler ysraýyllardan basyp alan galalaryny – Ekrondan Gata çenli aralykdaky galalaryň ählisini yzyna gaýtaryp berdiler. Ysraýyllar öz topragyny piliştlilerden azat etdiler. Ysraýyl bilen amorlaryň arasynda asuda durmuş berkarar boldy.
15 Şamuwel ömri ötýänçä, Ysraýyla serdar boldy.
16 Ol ýylyň ýylyna Beýtele, Gilgala, Mispa aýlanyp, şol ýerlerde Ysraýyly dolandyrardy.
17 Ol soňra özüniň Ramadaky öýüne gaýdyp, şol ýerden hem Ysraýyla serdarlyk etdi. Ol Ramada Rebbe gurbanlyk sypasyny gurdy.