Bap 8
Şamuwel garrap, ýaşy bir çene baransoň, öz ogullaryny Ysraýyla serdar goýdy.
2 Onuň uly oglunyň ady Ýowel, kiçisiniň ady bolsa Abyýady. Olar Beýerşebanyň serdarydylar.
3 Şamuweliň ogullary öz kakasynyň ýolundan gitmediler; gaýtam, diňe baýamagyň gamyny iýdiler, para aldylar, adalatdan ýüz döndürdiler. 4–5 Ysraýylyň ähli ýaşululary ýygnanyşdylar we Ramada oturýan Şamuweliň ýanyna baryp: «Indi seniň-ä ýaşyň bir çene bardy, ogullaryň bolsa seniň yzyňy tutmadylar. Şoňa görä, beýleki halklarda bolşy deý, üstümizden hökümdarlyk eder ýaly, bize-de bir patyşa belle» diýip, oňa ýüz tutdular.
6 Ysraýyl ýaşulularynyň: «Bize hökümdarlyk eder ýaly patyşa belle» diýen sözi Şamuwele ýaramady. Şamuwel Rebbe dileg etdi.
7 Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.
8 Özlerini Müsürden alyp çykan günümden bäri olar Menden ýüz öwrüp, keseki hudaýlara ybadat edip gelýärler. Indi olar sen babatda hem şeýle etmegiň kül-külüne düşüpdirler.
9 Sen indi olara gulak as, ýöne öz üstlerinden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünlerinden olary mazaly habardar et».
10 Şamuwel Rebbiň sözlerini özünden patyşa talap edenleriň dykgatyna ýetirdi.
11 Ol bulara şeýle diýdi: «Siziň üstüňizden höküm sürjek patyşanyň ýöretjek düzgünleri şeýle bolar: ol ogullaryňyzy alyp, söweş arabalary we atlylary bilen gulluk etmäge mejbur eder, olardan bir bölegi şanyň söweş arabalarynyň öňünde ylgarlar.
12 Ol özi üçin müňbaşylar we ellibaşylar bellär. Kimsine öz ýerlerini agdardar, hasylyny ýygnadar, kimsine bolsa, uruş enjamlaryny we öz söweş arabalarynyň şaýlaryny ýasadar.
13 Gyzlaryňyzy alyp, atyr ýasadar, aşpez eder, çörek bişirder.
14 Şa siziň iň saýlama ýerleriňizi, üzümçilikleriňizi, zeýtun baglaryňyzy eliňizden alyp, öz hyzmatkärlerine berer.
15 Öz goşunbaşylarydyr hyzmatkärlerine bermek üçin, galla hem-de üzüm hasylyňyzyň ondan bir bölegini eliňizden alar.
16 Ol sizi gul-gyrnaksyz goýar, iň saýlama mal-garalaryňyzy we eşekleriňizi alyp, olary öz hajatlary üçin ulanar.
17 Dowarlaryňyzyň-da ondan birini alar, özüňiz bolsa onuň guluna öwrülersiňiz.
18 Şonda siz öz saýlap-seçen patyşaňyzyň elinden dady-perýat edersiňiz. Emma ol gün Reb siziň dadyňyza ýetişmez».
19 Barybir halk Şamuweliň sözüne gulak asmady. Olar: «Ýok! Bizde patyşa bolsun!
20 Şeýdip, biz hem beýleki halklara meňzäris. Biziň üstümizden patyşamyz hökmürowanlyk eder, öňümize düşer, uruşlarymyzda bize baş bolar» diýdiler.
21 Şamuwel halkyň ähli aýdanyny diňledi we eşidenlerini Rebbiň dykgatyna ýetirdi.
22 Reb Şamuwele: «Diýenlerini et-de, olara bir patyşa belle» diýdi. Şamuwel ysraýyllara: «Baryň, her kim öz galasyna gaýtsyn» diýdi.