Bap 21
Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.
2 Dawut Ahymelege: «Patyşa maňa bir ýumuş tabşyrdy. Ol: „Senden iberen bu ýumşum hakda hiç kim hiç zat bilmeli däldir“ diýdi. Şoňa görä, öz ýigitlerim bilen hem duşuşar ýaly ýer belleşdik.
3 Häzir ýanyňda nämäň bar? Maňa bäş sany çörek ýa-da ýanyňda başga nämäň bar bolsa ber» diýdi.
4 Ruhany oňa: «Mende adaty çörek ýok. Mende diňe mukaddes çörek bar. Eger ýanyňdaky ýigitler golaýda aýala ýanaşmadyk bolsalar, siz ony iýip bilersiňiz» diýdi.
5 Dawut ruhana şeýle jogap berdi: «Hawa, meniň, adatça, sapara gaýdanymda edişim ýaly, biz aýal bilen ýatmadyk. Ýanymdaky ýigitler ýönekeý sapara çykanlarynda-da inlerini päk saklaýarlar. Onsoň, olaryň öz inlerini bu gezek nähili päk saklajakdyklaryny biliber!»
6 Gyzgyn çörekler bilen çalşyrylmak üçin, Rebbiň huzuryndan aýrylan çöreklerden başga çörek ýokdy. Şonuň üçin ruhany Dawuda şol aýrylan mukaddes çörekleri berdi.
7 Şawulyň çopanlarynyň başlygy edomly Döweg hem bu gün şol ýerdedi. Ol Rebbiň huzurynda dini dessurlary berjaý edýärdi.
8 Dawut Ahymelege: «Ýanyňda naýza ýa gylyç ýokmy? Patyşanyň tabşyrygy juda gyssagly bolansoň, ýanyma ne gylyjymy alyp ýetişdim, ne-de başga ýaragymy» diýdi.
9 Ahymelek oňa: «Ela jülgesinde seniň eliňden ölen Jalut piliştliniň gylyjy şu ýerde, efotyň ýeňsesinde mata dolangy ýatyr. Eger isleseň, şony alaý. Bu ýerde şondan başga ýarag ýok» diýdi. Dawut oňa: «Ondan gowy ýarag bolmaz, şony beräý» diýdi.
10 Dawut Şawuldan gaçyp, şol gün Gatyň hany Akyşyň ýanyna gitdi.
11 Akyş hanyň adamlary oňa: «Bu Ysraýylyň patyşasy Dawut dälmi? „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýşip, ol hakda aýallar aýdym aýdyp, tansam edipdiler-ä» diýdiler.
12 Bu sözler Dawudy uly iňkise goýdy we ol Gat hany Akyşdan juda gorkdy.
13 Şeýlelikde, Dawut olaryň ýanynda özüni alypbarşyny üýtgetdi. Olaryň ýanynda ol özüni dälilige saldy, derwezäniň gapylaryny dyrnaçaklap, olaryň ýüzüni persala etdi; sakgalyna erniniň suwuny akdyran boldy.
14 Akyş han adamlaryna: «Oňa bir seretseňizläň, ol däli ahyryn. Näme üçin ony meniň ýanyma getirdiňiz?
15 Näme özümde däli kemterlik edýändir öýdýäňizmi? Ýa onuň däliligine tomaşa etsin diýip getirdiňizmi? Heý, şeýle adamam bir meniň howlyma girmelimi?» diýdi.