Bap 29
Piliştliler öz güýçlerini Apekde jemlediler, ysraýyllar bolsa Ýizregeldäki çeşmäniň boýunda ornaşdylar.
2 Piliştli hanlar ýüz we müň adamlyk toparlary bilen barýardylar; Dawut we onuň adamlary Akyş han bilen bile yzdan gelýärdiler.
3 Piliştli baştutanlar: «Ýewreýler bu ýerde näme işleýär?» diýdiler. Akyş han olara şeýle jogap berdi: «Onuň Ysraýylyň şasy Şawulyň guly Dawutdygyny siz bilýärsiňiz ahyryn. Bir ýyldan gowurak wagt bäri ol meniň ýanymda. Gelen gününden tä şu güne çenli men onuň ýaramaz iş edenini görmedim».
4 Piliştli baştutanlar onuň üstüne heňkirip, şeýle diýdiler: «Ony yza, öz bellenen ýerine ugrat. Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin, ýogsa ol biziň garşymyza urşar. Sebäbi öz hojaýynyna gowy görünmek üçin, onuň şu adamlaryň kellesini kesmekden gowy tär tapjak gümany barmy näme?
5 „Şawul müňüsini öldürdi, Dawut bolsa on müňüsini“ diýlip, özi hakda tans edilip, aýdym aýdylan Dawut dälmi bu?»
6 Şondan soň Akyş han Dawudy çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Rebden ant içýärin, sen bir dogruçyl adam. Maňa galsa seniň bilen bile söweşe giderdim. Ýanyma gelen günüňden tä şu güne çenli senden ýaramazlyk çykanyny görmedim. Şonda-da hanlara ýaranyp bilmeýärsiň.
7 Indi parahatlyk bilen yzyňa dolan, piliştli hanlaryň gaňyrşyna gaýtma».
8 Dawut Akyş hana şeýle jogap berdi: «Meniň eden zadym näme? Ýanyňa gelen günümden tä şu güne çenli sen öz guluňdan näme erbetlik tapdyň? Näme üçin men öz jenabyň, patyşanyň duşmanlary bilen söweşmeli däl?»
9 Akyş han Dawuda şeýle jogap berdi: «Seniň edil Hudaýyň perişdesi ýaly päkdigiňi bilýärin. Ýöne piliştli baştutanlar: „Ol biziň bilen bile söweşe gitmesin“ diýdiler.
10 Indi sen we ýanyňda gelen patyşaňyň gullary daň bilen turup, meniň siz üçin bellän ýerime gidiň. Ýaramaz habary bolsa göwnüňe alma, çünki men senden razy. Ertir daň ýagtylan badyna ýola düşüň».
11 Şeýlelikde, Dawut adamlary bilen bile piliştlileriň ýurduna tarap ugrady. Piliştliler bolsa Ýizregele gitdiler.