1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 18

Şawul bilen Dawut gepleşip boldular. Şondan soň Dawudy Şawulyň ogly Ýonatanyň sulhy aldy. Ýonatan ony janyndan hem eziz gördi.
2 Şawul şol günden beýläk Dawudy öz ýanyna aldy we oňa öýüne gaýtmaga rugsat bermedi.
3 Ýonatan Dawudy janyndan eziz görensoň, onuň bilen äht edişdi.
4 Ol öz egnindäki donuny, ýaraglaryny, hatda gylyjy, ýaýydyr guşagyny-da Dawuda berdi.
5 Dawut Şawul özüni nirä iberse gitdi, baran ýerinde-de işi şowuna boldy. Netijede, Şawul ony öz goşunbaşysy edip goýdy. Mundan ähli halk-da, Şawulyň hyzmatkärleri-de hoşal boldular.
6 Dawut Jalut piliştlini öldürenden soň, adamlar öýlerine gaýdyp gelýärkäler, ähli Ysraýyl galalaryndan gelen aýallar Şawul patyşany garşylamaga çykdylar. Olar deprekdir beýleki saz gurallaryny çalyp, şadyýan aýdymlar aýdýardylar, tans edýärdiler.
7 Aýallar şatlykdan ýaňa: «Şawul müňüsini, Dawut on müňüsini öldürdi» diýşip, aýdym aýdýardylar.
8 Aýallaryň bu aýdýan sözi Şawula ýakmady, onuň juda gahary geldi. Ol: «Olar Dawuda on müňüsini, maňa bolsa müňüsini berýärler. Oňa indi diňe patyşa bolaýmak galdy» diýdi.
9 Şol günden beýläk Şawul Dawudy yzarlap başlady.
10 Ertesi Hudaý tarapyndan iberilen jyn-arwah çaltlyk bilen Şawulyň kalbyna girdi. Ol öz öýünde arlamaga başlady. Dawut hemişekisi ýaly barbat çalyp otyrdy. Şawulyň elinde naýza bardy.
11 «Dawudy diwara çüýläýin» diýen niýet bilen Şawul naýzany oňa tarap zyňdy. Emma Dawut iki gezek zyňylan naýzanyň öňünden sowlup ýetişdi.
12 Şawul Dawutdan gorkýardy, sebäbi Reb onuň bilendi, Şawuly bolsa Reb terk edipdi.
13 Şoňa görä Şawul Dawudy öz ýanyndan aýryp, müňbaşy edip goýdy. Dawut söweşde öz goşunyna baştutanlyk edýärdi.
14 Dawudyň hemişe işi rowaçdy, çünki Reb onuň bilendi.
15 Onuň ähli işleriniň rowaç bolýandygyny görende, Şawul ondan gorkardy.
16 Özlerine edenli baştutan bolup ýörensoň, tutuş Ysraýyl hem, Ýahuda hem Dawudy gowy görýärdi.
17 Şawul Dawuda: «Ine, meniň uly gyzym Merap. Men ony saňa berjek. Diňe meniň batyrym bolup, Rebbiň üçin mertlerçe söweşseň bolýar» diýdi. Çünki Şawul: «Goý, ol meniň elimden däl-de, piliştlileriň elinden ölsün» diýip pikir edýärdi.
18 Dawut Şawula: «Patyşanyň giýewsi bolar ýaly, men kim, meniň maşgalam we Ysraýyldaky ata-babamyň nesli kim?» diýdi.
19 Emma Şawulyň gyzy Merabyň Dawuda berilmeli pursady gelende, gyz oňa däl-de, meholatly Adryýele durmuşa çykaryldy.
20 Şondan soň Dawuda Şawulyň Mikal atly gyzy aşyk boldy. Bu barada Şawula aýdanlarynda, ol hoşal boldy.
21 Şawul «Men ony Dawuda bererin, şeýdibem, oňa duzak guraryn. Piliştliler ondan öç alar» diýip oýlandy. Şonuň üçin ikinji gezek Şawul Dawuda: «Meniň giýewim bolmaklyga indi sen ikinji gezek mümkinçilik aldyň» diýdi.
22 «Patyşa senden hoşal, ähli hyzmatkärleri hem seni gowy görýär. Patyşa giýew bolmak pursadyň geldi» diýen habary assyrynlyk bilen Dawuda ýetirmekligi Şawul öz hyzmatkärlerine buýurdy.
23 Şeýlelikde, Şawulyň hyzmatkärleri patyşanyň sözlerini Dawuda ýetirdiler. Dawut olara: «Meniň ýaly ýoksul hem arzysyz adam üçin patyşa giýew bolmaklyk ýeňil işdir öýdýäňizmi?» diýdi.
24 Dawudyň sözlerini hyzmatkärler Şawula ýetirdiler.
25 Soňra Şawul olara: «Onda siz Dawuda: „Ýüz sany piliştlini sünnetläp, pürçüklerini getirip, duşmanlaryndan aryny alyp berseň, patyşa senden hiç hili galyň islänok“ diýip aýdyň» diýdi. (Şeýdip, Şawul piliştlileriň eli bilen Dawutdan dynmagy ýüregine düwüpdi.)
26 Şawulyň adamlary onuň sözlerini Dawuda ýetirenlerinde, ol patyşa giýew boljakdygyna begendi. Heniz bellenen gün gelip ýetmänkä,
27 Dawut öz adamlary bilen gidip, iki ýüz sany piliştlini öldürdi. Patyşa giýew bolmak üçin, ol olaryň pürçüklerini başbütin getirip, oňa berdi. Şondan soň gyzy Mikaly Şawul Dawuda durmuşa çykardy.
28 Emma Rebbiň Dawut bilen biledigine we öz gyzy Mikalyň-da oňa aşyk bolandygyna Şawul aýdyň göz ýetirdi.
29 Şoňa görä onuň Dawutdan gorkusy has artdy we ol Dawuda ömürbaky duşman boldy.
30 Piliştli goşunbaşylar söweşe çykýardylar. Her söweşde-de Şawulyň beýleki goşunbaşylaryna garanda, Dawut has uly ýeňişler gazanýardy. Şunlukda, Dawudyň abraýy has artdy.