Bap 3
Ýetginjek Şamuwel Eliýiň ýanynda Rebbiň huzurynda hyzmat edýärdi. Ol günler Rebbiň sözi seýrek gelerdi, Rebden gelýän ylhamlar azdy.
2 Şeýle günleriň birinde çöňňeren gözleri bilen oňly saýgarmaýan Eliý öz düşeginde ýatyrdy.
3 Şamuwel hem Hudaýyň sandygynyň saklanýan ýeri bolan Rebbiň ybadathanasynda ýatyrdy. Hudaýyň çyrasy heniz sönmändi. 4–5 Birden Reb: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ony çagyrdy. Şamuwel: «Men bärde» diýip seslendi-de, Eliýiň ýanyna ylgady. Ol baryp: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa: «Men seni çagyramok ahyryn, bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel gidip ýatdy.
6 Reb: «Şamuwel!» diýip, ony ýene çagyrdy. Şamuwel ýene turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Emma Eliý oňa ýene: «Men seni çagyramok ahyryn, oglum, bar, ýatyber» diýdi.
7 Şamuwel heniz Rebbi ýakyndan tanamaýardy, Rebbiň sözi Şamuwele entek aýan bolmandy.
8 Reb Şamuweli üçünji gezek çagyrdy. Ol ýene-de turdy-da, Eliýiň ýanyna baryp, oňa: «Ine, men geldim» diýdi. Şondan soň oglany Rebbiň çagyrýandygyna Eliý düşündi.
9 Şoňa görä Eliý Şamuwele: «Bar, ýatyber. Eger Ol seni ýene çagyraýsa, Oňa: „Ýa Reb, aýdyber, guluň diňleýär“ diýip jogap berersiň» diýdi. Şamuwel ýene-de baryp, öz ýerinde ýatdy.
10 Reb gelip, ol ýerde durdy we: «Şamuwel! Şamuwel!» diýip, ýene öňküleri ýaly ony çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýip jogap berdi.
11 Reb Şamuwele şeýle diýdi: «Hawa, Ysraýylda eşideniň inini titretjek bir iş ederin.
12 Eliýiň nesline garşy aýdanlarymyň ählisini şol gün berjaý ederin.
13 Onuň neslini ebedilik jezalandyrjakdygymy Men oňa aýdypdym. Çünki ol ogullarynyň Maňa dil ýetirendiklerini bilip hem, olary bu işden saklamady.
14 Şoňa görä Eliýiň maşgalasynyň günäsi gurbanlyk bilen-de, sadaka bilen-de hiç wagt ýuwulmaz diýip, Men onuň nesline garşy ant içdim».
15 Şamuwel daň atýança ýatdy. Soňra turup, Rebbiň öýüniň gapylaryny açdy. Şamuwel bu alamaty Eliýä duýdurmakdan gorkýardy.
16 Emma Eliý: «Şamuwel, oglum» diýip, ony ýanyna çagyrdy. Şamuwel: «Ine, men geldim» diýip jogap berdi.
17 Eliý Şamuwele: «Ol saňa näme diýdi? Menden ýaşyrma. Onuň aýdanlarynyň ýekejesini menden gizläýseň, goý, Hudaý saňa-da şony, hatda ondan-da beterini görkezsin» diýdi.
18 Şondan soň Şamuwel hiç zady gizlemän, hemmesini bolşy ýaly Eliýä gürrüň berdi. Eliý: «Ol Rebdir, goý, Ol Öz halanyny etsin» diýdi.
19 Şamuwel ulalýardy. Onuň aýdanlarynyň ählisi hakykat ýüzünde berjaý bolýardy, çünki Reb onuň bilendi.
20 Şamuweliň Rebbiň ynamdar pygamberidigini Dandan Beýerşeba çenli bütin Ysraýyl bildi.
21 Şiloda Reb sözi arkaly Özüni Şamuwele aýan edenden soň, Ol ýene-de şol ýerde görünmegini dowam etdirdi.