1 Şamuwel

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31


Bap 27

Dawut öz ýanyndan şeýle diýdi: «Günlerde bir gün men Şawulyň elinden heläk bolaryn. Gowsy, men piliştlileriň ýurduna gaçaýyn. Şeýtsem, Şawul meni Ysraýylyň çäginden tapmak umydyny üzer; men onuň elinden halas bolaryn».
2 Şeýdip, Dawut ýanyndaky alty ýüz adamy bilen bile Gatyň hany Magogyň ogly Akyşyň tarapyna geçdi.
3 Olar maşgalalary bilen bile Gatda Akyş hanyň ýanynda ornaşdylar. Iki aýaly ýizregelli Ahynogam we Nabalyň dul galan aýaly karmelli Abygaýyl hem Dawudyň ýanyndady.
4 Şawul Dawudyň Gata gaçandygyny eşidip, ony gözlemegini bes etdi.
5 Dawut Akyş hana şeýle diýdi: «Eger men seniň göwnüňden turan bolsam, onda ýurduň obalarynyň birinden maňa ýaşar ýaly ýer ber; goý, guluň öz ýanyňda patyşa galasynda ýaşamasyn».
6 Şeýdip, Akyş han oňa Ziklagy berdi. Şoňa görä, Ziklag şu günki güne çenli hem Ýahuda patyşalaryna degişli bolup gelýär.
7 Dawut piliştlileriň ýurdunda bir ýyl dört aý ýaşady.
8 Ol adamlary bilen bile geşurlaryň, girzileriň we amalekleriň üstüne çozuş etdi, bular Şura gidýän ýoluň ýakasynda, Müsüre çenli bolan aralykda gadym eýýämden bäri oturan ýerli ilatlardy.
9 Dawut ýurda çozuş edip, aýal-erkek diýmän gyrardy; dowarlardyr öküzleri, eşeklerdir düýeleri we geýim-gejimleri olja alyp, Akyş hanyň ýanyna dolanyp gelerdi.
10 Akyş han: «Bu gün kimiň üstüne çozduň?» diýip soranda, ol: «Negep çölündäki Ýahudalylaryň topragyna» diýip, ýa-da Negep çölündäki Ýerahmeýelleriň ýerlerine» diýip, ýa-da Negep çölündäki keýnleriň ýerlerine» diýip jogap bererdi.
11 «„Dawut şeýle-şeýle işler etdi“ diýip, biziň gürrüňimizi ederler» diýip, Dawut bir adamy-da Gata getirmezdi. Aýal-erkek diýmän, baryny gyrardy. Piliştlileriň ýurdunda bolan döwründe ol şeýle işler edipdi.
12 Akyş han Dawuda ynanyp: «Ol öz halkynyň gözünden büs-bütin düşüp, meniň hemişelik guluma öwrüler» diýip pikir edýärdi.