Bap 22
Dawut ol ýerden Adullam gowagyna gaçdy. Dawudyň agalary hem onuň atasynyň tutuş maşgalasy muny eşidip, onuň ýanyna geldiler.
2 Ezilýänler, bergi-borja batanlar hem närazylaryň ählisi onuň ýanyna ýygnanyşdylar. Şeýdip, Dawut ýanyna ýygnan dört ýüze golaý adama baştutan boldy.
3 Dawut ol ýerden Mowapdaky Mispä gitdi. Ol Mowap patyşasyna: «Hudaýyň meni näme etjegi belli bolýança, kakam bilen ejemi öz ýanyňyzda saklap bilmezmisiňiz?» diýdi.
4 Şeýdip, Dawut kakasy bilen ejesini Mowap patyşasynyň ýanyna getirdi. Dawudyň gowakda bolan döwründe olar onuň ýanynda boldular.
5 Gat pygamber Dawuda: «Gowagy taşla, Ýahuda ýurduna git» diýdi. Şoňa görä Dawut ol ýerden çykyp, Heret tokaýyna gitdi.
6 Dawudyň we onuň ýanyndakylaryň tapylandygyny Şawul eşitdi. Ol Gibgadaky bir depede, ýylgynyň aşagynda otyrdy; elinde naýzasy bardy, nökerleriniň ählisi onuň daşyny alyp durdular.
7 Şawul ýanyndaky nökerlerine şeýle diýdi: «Eý, benýaminler – tiredeşlerim, indi gulak asyň. Ýyşaýyň ogly siziň her biriňize meýdanlar, üzümçilikler berermikä, ol sizi müňbaşylar hem ýüzbaşylar edermikä?
8 Şonuň üçin meniň garşyma dildüwşük guradyňyzmy? Oglumyň Ýyşaýyň ogly bilen ülpet bolandygyny maňa habar bereniňiz bolmady. Bu günki gün, görşüňiz ýaly, oglum öz nökerimi meniň garşyma duzak gurmaga iteklände, biriňiziň-de maňa nebsiňiz agyrmady, ol hakda maňa dil ýarmadyňyz».
9 Şol wagty Şawulyň nökerleriniň gapdalynda duran edomly Döweg: «Ýyşaýyň oglunyň Ahytubyň ogly Ahymelegiň ýanyna Nop galasyna gelenini gördüm.
10 Ol Dawut üçin Rebbe ýüz tutup, onuň sapary barada sorady we oňa azyk hem-de Jalut piliştliniň gylyjyny berdi» diýdi.
11 Şawul Ahytubyň ogly Ahymelek ruhanyny, onuň tutuş maşgalasyny – Nop galasyndaky ähli ruhanylary getirmek üçin adam iberdi. Olaryň ählisi patyşanyň ýanyna geldiler.
12 Şawul Ahymelege: «Indi maňa gulak as, eý, Ahytubyň ogly» diýdi. Ol: «Gulak asýaryn, hökümdarym» diýdi.
13 Şawul oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Ýyşaýyň ogly ikiňiz meniň garşyma dildüwşük guradyňyz? Näme üçin sen oňa çörekdir gylyç berdiň we onuň üçin Hudaýa ýüz tutup, onuň sapary barada soradyň? Görşüň ýaly, şeýdip, ol meniň garşyma duzak gurdy».
14 Ahymelek Şawula şeýle jogap berdi: «Dawut seniň nökerleriňiň iň wepalysy ahyryn. Ol seniň giýewiň, baş janpenaň hem-de seniň köşgüňde iň hormatly adamdyr.
15 Hudaýa ýüz tutup, Dawut barada bu meniň ilkinji gezek soraýşymmy näme? Ýok, meniň özümi-de, meniň atamyň maşgalasyndan kimdir başga birini-de, goý, patyşahym günäkärlemesin. Seniň guluňyň bu işden düýbünden habary ýokdur».
16 Patyşa: «Ahymelek, seniň özüňiň-de, ataňyň maşgalasynyň-da öljegine şek ýokdur» diýdi.
17 Patyşa ýanynda duran janpenasyna: «Bol, Rebbiň ruhanylaryny öldür, sebäbi olaram Dawudy goldaýarlar. Olar onuň gaçyp ýörenini bilibem, maňa habar bermändirler» diýdi. Ýöne patyşanyň nökerleri Rebbiň ruhanylaryna el götermediler.
18 Soňra patyşa ruhanylary öldürmegi Döwege buýurdy. Edomdan bolan Döweg ruhanylary gyrdy. Şol gün ol zygyr matadan tikilen efot geýnen segsen bäş ruhanyny öldürdi.
19 Şawul ruhanylaryň galasy bolan Nop galasyny gylyçdan geçirdi, ol erkekdir aýallary, çaga-çugalary, mal-garalary, eşekleri, dowarlary – hemmesini gylyçdan geçirdi.
20 Ýöne Ahytubyň agtyklarynyň biri, Ahymelegiň ogullarynyň biri bolan Abýatar gaçyp, başyny gutardy we Dawudyň yzyndan gitdi.
21 Abýatar Şawulyň Rebbiň ruhanylaryny gyrgyna berendigini Dawuda habar berdi.
22 Dawut Abýatara şeýle diýdi: «Ol ýerde edomly Döwegi görüp, men onuň Şawula habar berjekdigini şol gün anyk bildim. Seniň ataňyň tutuş maşgalasynyň ölümi üçin men günäkär.
23 Meniň ýanymda gal, özüňem gorkma, çünki meniň kastyma çykanyň, seniň hem kastyňa çykdygydyr, emma sen meniň penamdasyň».