Bap 8
«Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.
2 Hudaýyňyz Rebbiň kyrk ýyllap şu çölden sizi alyp gelen uzak ýoluny unutmaň. Ol siziň ýüregiňizde näme bardygyny, Onuň buýruklaryny ýerine ýetirýändigiňizi ýa-da ýerine ýetirmeýändigiňizi bilmek üçin, sizi Özüne boýun egdirip synaga saldy.
3 Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we sizi özüňiziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen naharlady. Ol muny ynsanyň diňe bir çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.
4 Bu kyrk ýylyň içinde siziň geýen geýimleriňiz ýyrtylyp tozmady, aýaklaryňyz-da gabarmady.
5 Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Reb hem sizi terbiýeleýändir.
6 Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbiň ýolundan ýöräň we Ondan gorkuň, Onuň buýruklaryny ýerine ýetiriň.
7 Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda getirýär. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr.
8 Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr.
9 Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan bolsa mis gazyp çykararsyňyz.
10 Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz».
11 «Şonuň üçin hem siz ägä boluň, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklaryny, hökümleridir parzlaryny ýerine ýetirmekden ýüz öwrüp, öz Hudaýyňyz Rebbi unutmaň.
12 Garnyňyz doýanynda, ýaşamak üçin kaşaň jaýlar guranyňyzda,
13 mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyz, altyn-kümşüňiz köpelip, ähli zatlaryňyza bereket inende,
14 gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getiren Hudaýyňyz Rebbi unudyp, tekepbirlik etmäň.
15 Beýik we elhenç çöllügiň içi bilen, zäherli ýylanly we içýanly gurak, tozap ýatan ýerlerden sizi Ol alyp geçdi. Kert gaýadan siziň üçin Ol suw çykardy.
16 Sizi Özüne boýun egdirmek üçin synaga salyp, iň soňunda size ýagşylyk etmek üçin, çölde ata-babalaryňyzyň görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi diňe Ol naharlady.
17 Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.
18 Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.
19 Eger siz Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzdan çykaryp, başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara sygynyp gulluk etseňiz, onda bu gün men size açyk duýdurýaryn, siz hökman heläk bolarsyňyz.
20 Reb siziň öňüňizden halklary ýok edişi ýaly, sizi hem heläk eder. Çünki siz Hudaýyňyz Rebbe gulak asmadyňyz».