Bap 32
«Eý asman, gulak goý, Men sözläýin. Eý zemin, aýdýanlarymy eşit.
2 Taglymatym ýagyş deý ýagsyn, Sözlerim çyg deý düşsün. Ýagsyn ot üstüne çisňeýän ýagmyr deý, Maýsalaryň üstüne inýän çabga deý!
3 Çünki Rebbiň adyny jar ederin. Beýikdigi üçin Hudaýymyzy öwüň!
4 Ol Gaýadyr, işleri kämildir, Bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.
5 Bu azgyn hem ters nesil Oňa hyýanat etdi. Ýazygyňyz sebäpli indi siz Onuň çagalary dälsiňiz.
6 Eý, akmak hem nadan halk, Şumy Rebbe jogabyňyz? Sizi bejerip, ykrar eden. Ol – Ýaradan atamyz dälmi?
7 Öten günleri ýada salyň, Geçen nesillere nazar aýlaň. Ataňyzdan soraň, aýdyp bersin, Ýaşulularyňyz gürrüň bersin.
8 Mülk paýlanda özge halklara, Olary aýry-aýry bölüp çykanda, Çäk çekdi olara Beýik Alla Perişdeleriniň sanyna görä.
9 Öz halkydyr Rebbiň paýy, Öz paýy üçin Ýakuby miras aldy Ol.
10 Ol Ýakuby gurak bir ýurtdan tapdy, Güwläp ýatan çölden tapdy. Onuň gaýgy-aladasyny etdi, Gözüniň göreji deý gorap saklady.
11 Çagalarynyň üstüne ganat gerýän bürgüt deý, Höwürtgesinden olara uçmagy öwretdi. Ganatyny gerip, olary tutdy, Ganaty bilen olary daşady.
12 Oňa ýol görkezen ýeke-täk Reb boldy, Onuň bilen bolmady keseki hudaý.
13 Ony ýer ýüzüniň belentliginde gezdirdi, Meýdan önümi bilen naharlady. Gaýadan akan bal bilen, Çakmak daşdan çykan zeýtun ýagy bilen bakdy.
14 Sygyr ýagydyr goýnuň süýdi bilen, Semiz goç-guzular bilen, Başan ýurduň öküzleridir erkeji bilen, Iň saýlama bugdaý bilen bakdy. Üzümiň gyrmyzy ganyndan şerap içdi.
15 Ýöne Ýeşurun semredi, depmäge başlady. Garnyny ýag alyp agyrlaşdy. Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi, Ret etdi Halasgär Gaýasyny.
16 Keseki hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar, Nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.
17 Olar Hudaýa däl-de, jynlara, Tanamaýan hudaýlaryna, Ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna, Ýaňy dörän hudaýlara gurban kesdiler.
18 Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň, Dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň.
19 Muny gören Reb olara gahary geldi, Olaryň ogul-gyzlaryny ret etdi.
20 Ol diýdi: „Gizläýin olardan ýüzümi, Soňuny göreýin olaryň. Çünki biderek nesildir olar, Biwepa perzentlerdir.
21 Olar hudaý bolmadyklar bilen Meni gabandyrdylar, Boş butlar bilen gaharymy getirdiler. Men hem millet bolmadyklar bilen olary gabandyraryn, Akmak bir halk bilen olaryň gaharyny getirerin.
22 Çünki ot bolup tutaşar Meniň gazabym, Ölüler dünýäsiniň düýbüne çenli ýanar. Ýeri nygmatlary bilen bile ýuwdar ol ot, Daglaryň binýadyny ýakyp kül eder.
23 Başlaryna belalar indererin, Oklarymy olara garşy ataryn.
24 Gowrup barýan gytlyk, ýakýan hassalyk, gyrgyn ýok eder olary. Iberýän ýyrtyjy haýwanlarym olara agyz salar, Ýerde süýrenýän ýylanlar zäherin pürker.
25 Ýigit ýa-da gyz bolsun, emýän körpe ýa çal goja, parhy ýok, Daşarda – gylyç heläk eder, içerde olary gorky öldürer.
26 Ynsanlar arasyndan olary dagytmakdy, Olar hakdaky ýatlamany öçürip taşlamakdy pikirim.
27 Emma duşmanyň öjükmeginden çekindim, Çünki duşman ýalňyş düşünmesin, ‘Bulary eden Reb däl eken, Biziň elimiz rüstem eken’ diýmesin.
28 Ysraýyl bir akylsyz halkdyr, Olarda hiç hili düşünje ýokdur.
29 Dana bolsadylar, muňa düşünerdiler, Soňunyň näme boljagyny öňünden aňardylar.
30 Ysraýyly Gaýasy satmadyk bolsa, Reb olary ele bermedik bolsa, Nädip bir duşman olaň müňüsini kowar, Iki kişi on müňüsini gaçyrar?
31 Çünki biziň Gaýamyz ýaly däl olaň gaýasy, Duşmanymyzyň özi hem bilýär muny.
32 Duşmanyň üzüm çybygy Sodom çybygyndan, Gomora baglaryndandyr. Üzümleri zäher-zakgun, Salkymlary ajydyr.
33 Şeraplary ýylan zäheridir, Kepjebaşyň öldürýän awysydyr.
34 Meniň ýanymda saklanmaýarmy bular, Hazynalarymda möhürlenen dälmi näme?
35 Öç Meniňkidir, jezalandyrjak Mendirin, Çünki aýaklarynyň taýýan wagty geler. Duşmanlaryň heläk boljak güni ýakyndyr, Jeza güni gaty golaýdyr“.
36 Şeýdip, Öz halkyny Reb aklar, Ol gulda hem, erkinde hem Ysgyn-mydar ýokdugyny görende, Öz bendelerine rehim-şepagat eder.
37 Soňra Ol diýer: „Hany, bularyň hudaýlary nirede? Hany olaryň bil baglan gaýasy?
38 Gurbanlyklaryň ýagyny iýen, Guýlan şeraplaryny içen Şol hudaýlaryňyz nirede? Goý, turup, size kömek etsin olar, Bolsunlar-da siziň penakäriňiz!
39 Indi görüň, ýeke-täk Hudaý Mendirin. Menden başga hudaý ýokdur! Öldürýän-de Mendirin, direldýän-de, Ýaralaýan-da Mendirin, sagaldýan-da. Gutuljak ýokdur Meniň elimden.
40 Elimi göge galdyryp, Ant içýärin: Men ebedi diri!
41 Men lowurdaýan gylyjymy çarhlap, Höküm etmek üçin elime alsam, Duşmanlarymdan ar alaryn, Meni ýigrenýänleň jezasyny bererin.
42 Ölenleriň hem ýesirleriň ganyndan, Uzyn saçly duşmanlaryň ganyndan Oklarymy serhoş ederin, Gylyjymy etden doýraryn“.
43 Onuň halky bilen şatlanyň, eý halklar! Çünki Ol gullarynyň ganynyň öjüni alar. Duşmanlaryndan aryny alar, Öz halkynyň ýurduny päklär, Olary günäsinden saplar».
44 Musa Ýeşuwa bilen gelip, bu aýdymyň ähli sözlerini halka eşitdirip okap berdi.
45 Musa bu sözleri tutuş Ysraýyla okap berenden soň,
46 olara şeýle diýdi: «Bu günki meniň size aýdan sözlerimiň ählisini ýüregiňizde saklaň. Çagalaryňyza buýruň, goý, olar bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirsinler.
47 Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz».
48 Reb şol gün Musa şeýle diýdi:
49 «Mowap ýurdundaky Ýerihonyň garşysyndaky Abarym daglarynyň biri bolan Nebo dagyna çyk. Ysraýyllara mülk edilip beriljek Kengan ýurduny gör.
50 Agaň Harunyň Hor dagynda ölüp, öz halkyna gowşuşy ýaly, sen hem şol çykan dagyňda ölüp, ata-babalaryňa gowuşarsyň.
51 Çünki ikiňiz hem Sin çölünde, Kadeş galasynyň golaýyndaky Meriba çeşmesinde, ysraýyllaryň öňünde Maňa dönüklik etdiňiz. Ysraýyllaryň arasynda siz Meniň mukaddesligimi ykrar etmediňiz.
52 Şonuň üçin hem, ol ýeri sen diňe uzakdan görersiň, emma Meniň ysraýyllara berjek ýerime girmersiň».