Bap 6
«Hudaýyňyz Rebbiň size öwret diýip maňa tabşyran ähli tabşyrygy, parzlarydyr hökümleri – ine, şulardyr. Siz bulary Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda ýerine ýetirmelisiňiz.
2 Çagalaryňyz, çagalaryňyzyň çagalary bilen bile Hudaýyňyz Rebden gorkup, Onuň size meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklarydyr parzlaryny ömürboýy berjaý ediň. Şonda ömrüňiz uzak bolar.
3 Şonuň üçin hem, eý ysraýyl halky, gulak goý. Olary yhlas bilen ýerine ýetiriň, şonda gowy günler görersiňiz we ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň size söz berşi ýaly, süýt we bal akýan ýurdunda has köpelip ýaýrarsyňyz.
4 Eý ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir.
5 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen, ähli güýjüňiz bilen söýüň.
6 Meniň bu günki buýurýan şu sözlerimi ýüregiňizde saklaň.
7 Bulary çagalaryňa hem öwret, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňda-turanyňda-da şular hakda söz sözlegin.
8 Olary bellik hökmünde eliňe dak, maňlaýyňa nyşan edip belle.
9 Olary jaýyňyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goý».
10 «Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wada eden ýurduna getirjek. Ol ýurt öz gurmadyk uly we owadan galalaryňyzdan,
11 öz gazanmadyk harytlaryňyzdan doly öýlerden, öz gazmadyk guýylaryňyzdan, öz oturtmadyk üzüm we zeýtun baglaryňyzdan ybaratdyr. Siz olardan iýip doýanyňyzda,
12 gaty seresap boluň! Gul bolup ýaşan ýurduňyz Müsürden çykaryp getireniň Rebdigini ýatdan çykarmaň.
13 Hudaýyňyz Rebden gorkuň. Oňa gulluk ediň, diňe Onuň adyndan ant içiň.
14 Başga hudaýlaryň, daş-töweregiňizdäki halklaryň hudaýlarynyň hiç biriniň yzyna düşmäň.
15 Çünki araňyzdaky Hudaý Reb gabanjaň Hudaýdyr. Hudaýyňyz Rebbiň gazaby size garşy tutaşsa, Ol sizi ýer ýüzünden ýok edip taşlar.
16 Masada edişiňiz ýaly, Hudaýyňyz Rebbi synamaň.
17 Hudaýyňyz Rebbiň özüňize buýran tabşyryklaryny, düzgünleridir parzlaryny yhlas bilen ýerine ýetiriň.
18 Rebbiň nazarynda dogry we gowy işler ediň, şonda gowy günler görersiňiz. Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna baryp, ony özüňize mülk edinersiňiz.
19 Rebbiň söz berşi ýaly, öňüňizden ähli duşmanlaryňyzy Onuň Özi kowup çykarar.
20 Wagt gelip, çagalaryňyz sizden: „Hudaýyňyz Rebbiň size buýran bu düzgünleriniň, parzlarynyň we hökümleriniň näme manysy bar?“ diýip sorasalar,
21 siz olara şeýle jogap beriň: „Biz Müsürde fyrownyň gullarydyk, emma Reb Öz gudratly goly bilen bizi Müsürden çykaryp getirdi.
22 Reb Müsüre, fyrowna we onuň tutuş hojalygyna garşy gözümiziň alnynda beýik we gorkunç alamatlardyr mugjyzalar görkezdi.
23 Ol ata-babalarymyza wada eden ýurduny bize bermek üçin Müsürden çykaryp getirdi.
24 Soňra Hudaýymyz Reb biziň Ondan gorkup, bu parzlaryň hemmesini ýerine ýetirmegimizi buýurdy. Şonda bu günki ýaly, janymyz sag bolup, görjegimiz gowulyk bolar.
25 Hudaýymyz Rebbiň bize buýruşy ýaly, Onuň huzurynda bu buýruklaryň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirsek, biz dogry saýylarys“».