Bap 34
Şundan soň, Musa Mowap düzlüginden Nebo dagyna, Ýerihonyň garşysyndaky Pisga depesine çykdy. Reb oňa şu ähli ýeri: Gilgatdan tä Dana çenli ýerleri,
2 tutuş Naftalyny, Efraýym we Manaşe topragyny, tutuş Ýahudadan Günbatar deňzine çenli bolan ýerleri,
3 Negep çölüni we Ýeriho jülgesinden Sogara çenli ýerleriň ählisini görkezdi. Ýeriho Palma galasy diýlip hem atlandyrylýardy.
4 Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».
5 Şeýdip, Rebbiň Öz buýruşy ýaly, Rebbiň guly Musa şol ýerde – Mowapda öldi.
6 Reb ony Mowapda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede jaýlady. Emma şu güne çenli onuň jaýlanan ýerini hiç kim bilmeýär.
7 Musa ýüz ýigrimi ýaşynda öldi. Onuň gözleri kütelmändi, güýç-kuwwaty azalmandy.
8 Ysraýyllar Mowap düzlüginde otuz günläp Musanyň ýasyny tutdular. Musanyň ýas günleri sowuldy.
9 Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.
10 Şondan soň, Ysraýyldan Musa ýaly Reb bilen ýüzbe-ýüz görşen başga bir pygamber çykmady.
11 Reb ony Müsürde fyrowna, onuň ähli gullaryna we tutuş ýurduna bir topar alamatlar we mugjyzalar görkezmek üçin iberipdi.
12 Çünki tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Musa ýaly bu ähli gudratlary, beýik we gorkunç işleri ýerine ýetiren başga hiç kim ýokdy.