Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 10

«Şol wagt Reb maňa: „Ýene-de öňkä meňzeş edip, iki ýasy daş bölegini we olary goýar ýaly bir sandyk ýasa. Soňra Meniň ýanyma – daga çyk.
2 Men bu daşlaryň ýüzüne seniň öňki kül-peýekun eden daşlaryňyň ýüzündäki sözleri ýazjak. Sen olary sandyga salyp goý“ diýdi.
3 Şeýdip, men akasiýa agajyndan sandyk ýasadym we öňkä meňzeş, iki sany ýasy daş bölegini ýasap, daga çykdym. Ol iki ýasy daş bölegi hem elimdedi.
4 Soňra Reb dagda üýşen günüňiz ot içinden size aýdan on tabşyrygyny edil öňkä meňzeş sözler bilen bu iki daşyň ýüzüne ýazyp, maňa berdi.
5 Men dagdan aşak düşdüm we daşlary sandyga saldym. Rebbiň maňa buýruşy ýaly, daşlar häzir hem ol ýerde dur».
6 Ysraýyllar Beýerot-beneýagakandan gaýdyp, Mosera geldiler. Ol ýerde Harun öldi we ony şol ýerde jaýladylar. Onuň ýerine onuň ogly Elgazar ruhany boldy.
7 Ol ýerden olar Gudgoda geldiler. Gudgodadan bolsa akyp duran çeşmeli Ýotbata diýen ýere ýöriş etdiler.
8 «Şol mahal Reb: „Äht sandygymy götersinler, huzurymda gurbanlyklar hödürläp hyzmat etsinler, Meniň adymdan pata bersinler“ diýip, lewi tiresini saýlady. Olar şu güne çenli hem şeýle edýärler.
9 Şonuň üçin hem Lewiniň öz ysraýyl doganlarynyňky ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur. Hudaýyňyz Rebbiň oňa söz berşi ýaly, Rebbiň Özi onuň mirasydyr.
10 Edil birinji gezekdäki ýaly, men dagda kyrk gije-gündizläp galdym. Bu gezek hem Reb meni diňledi. Reb sizi ýok etmek pikirinden el çekdi.
11 Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“ diýdi».
12 «Indi, eý Ysraýyl, Hudaýyňyz Reb sizden näme talap edýär? Hudaýyňyz Reb sizden Özünden gorkmagyňyzy, diňe Onuň ýolundan ýöräp, Ony söýmegiňizi, tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen Hudaýyňyz Rebbe gulluk etmegiňizi isleýär.
13 Şeýle hem, gowy günler görmegiňiz üçin, Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän tabşyryklarydyr parzlaryny ýerine ýetiriň.
14 Şeýle-de gök, gökleriň gögi, ýer ýüzi we onuň üstündäki ähli zatlar Hudaýyňyz Rebbiňki bolsa-da,
15 Reb diňe siziň ata-babalaryňyzy ýürekden söýdi we bu günki görşüňiz ýaly, ähli halklaryň arasyndan olaryň soňky nesilleri bolan sizi saýlady.
16 Siz özüňizi sünnet etmek bilen birlikde tutuş ýüregiňizi-de Rebbe bagyş ediň we mundan buýana boýnuýogynlygyňyzy goýuň.
17 Çünki siziň Hudaýyňyz Reb hudaýlaryň Hudaýy, taňrylaryň Taňrysydyr. Ol beýik Hudaýdyr, gudratly we haýbatlydyr. Ol tarapgöýlük etmeýär we para almaýar.
18 Ol ýetimiň we duluň hakyny alyp berýär. Gelmişekleri gowy görüp, olary iýmit we geýim-gejim bilen üpjün edýär.
19 Siz hem gelmişekleri gowy görmelisiňiz, çünki siziň özüňiz hem Müsürde gelmişek bolupdyňyz.
20 Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň.
21 Ol siziň şöhratyňyzdyr. Öz gözüňiz bilen gören äpet we elhenç alamatlaryny siziň üçin görkezen Hudaýyňyz Oldur.
22 Siziň ata-babalaryňyz Müsüre gidende ýetmiş adamdy. Ine, häzir bolsa Hudaýyňyz Reb siziň sanyňyzy asmandaky ýyldyzlar deý köpeltdi». ‎