Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 11

«Şonuň üçin hem Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Onuň buýruklaryny, parzlarydyr hökümlerini we tabşyryklaryny hemişe ýerine ýetiriň.
2 Bu gün şuny ýatda saklaň, men şuny Hudaýyňyz Rebbiň terbiýesini görmedik-bilmedik çagalaryňyza aýdýaryn: çünki siziň çagalaryňyz Rebbiň beýikligini, Onuň gudrat-güýjüni,
3 Müsürde onuň patyşasy fyrowna hem onuň tutuş ýurduna görkezen alamatlarydyr gudratlaryny,
4 Müsür goşuny atlary we arabalary bilen siziň yzyňyzdan kowup gaýdanynda, şu gün görşüňiz ýaly, Gyzyl deňzinde olary Rebbiň nähili gark edenini,
5 bu ýere ýetip gelýänçäňiz, çölde size Rebbiň nämeler edenini,
6 ruben tiresinden Eliýabyň agtyklary Datana bilen Abyrama Rebbiň näme edenini, ýagny ähli ysraýyllaryň arasynda ol ikisini, tutuş hojalygy, çadyrlary we olara degişli ähli janly-jandary bilen bile ýeriň agzyny açyp, nähili ýuwdanyny görmediler.
7 Emma siz Rebbiň görkezen bu beýik gudratlarynyň ählisini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
8 Bu gün men size Rebbiň ähli buýruklaryny ýetirýärin, siz olary berjaý ediň. Şonda siz güýçlenersiňiz we Iordan derýasyndan geçip, eýelemäge barýan ýurduňyzy mülk edinersiňiz.
9 Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz.
10 Çünki siziň gidip, mülk edinjek ýurduňyz Müsür ýurdy ýaly däldir. Siz Müsürde ýere tohum ekip, gök-bakja ideg eden ýaly, ony zor aýakdan suwarardyňyz.
11 Emma siziň gidip mülk edinjek ýurduňyzda daglar we jülgeler bardyr. Topragy asmandan ýagýan ýagyş suwarýar.
12 Ol ýeriň aladasyny edýän Hudaýyňyz Rebdir. Ýylyň başyndan tä ahyryna çenli Hudaýyňyz Rebbiň gözi hemişe ol ýerdedir.
13 Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän her bir buýrugyna gulak goýup, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen Oňa gulluk etseňiz,
14 Ol siziň topragyňyza her güýz hem ýaz ýagyşlaryny öz wagtynda ýagdyrar. Siz dänäňizi, şerabyňyzy we ýagyňyzy ýygnarsyňyz.
15 Şeýle hem, Ol mal-garalaryňyz üçin ekin meýdanlaryňyzda ot gögerder. Siziň garnyňyz dok bolar.
16 Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp gulluk edäýmäň.
17 Ýogsam size Rebbiň gahary gelip, Ol asmany ýapyp taşlar. Şonda hiç hili ýagyş ýagmaz we ýeriňiz hasyl bermez. Rebbiň size berýän gowy ýurdunda siz tiz heläk bolarsyňyz.
18 Rebbiň bu sözlerini ýüregiňize hem kalbyňyza siňdiriň. Olary bellik hökmünde eliňize dakyň, maňlaýyňyza nyşan edip belläň.
19 Bulary çagalaryňyza hem öwrediň, öýde-de, ýolda-da, ýatanyňyzda-turanyňyzda-da diňe şular hakda sözläň.
20 Olary jaýyňyzyň gapylarynyň söýelerine we derwezelerine ýazyp goýuň.
21 Şonda Rebbiň ata-babalaryňyza bermegi wada eden ýurdunda siziň çagalaryňyz we özüňiz asmanyň astynda we ýeriň üstünde näçe gün bar bolsa, şonça-da ömür sürersiňiz.
22 Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöräp, Oňa bil baglap, meniň size berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirseňiz,
23 Reb bu halklaryň hemmesini siziň öňüňizden kowup çykarar. Siz özüňizden güýçli we köp sanly halklary kowup çykararsyňyz.
24 Aýak basan her bir ýeriňiz siziňki bolar. Siziň ýeriňiz çöllükden Liwana çenli, beýik Perat derýasyndan Günbatar deňzine çenli uzalar.
25 Garşyňyzda hiç kim durup bilmez. Özüniň söz berşi ýaly, Hudaýyňyz Reb siziň aýak basjak ähli ýeriňize gorky we howsala salar.
26 Seret, bu gün men siziň öňüňizde alkyş we nälet goýaryn:
27 Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryna boýun egseňiz alkyş alarsyňyz.
28 Emma özüňize nätanyş bolan başga hudaýlaryň yzyna eýerip, Hudaýyňyz Rebbiň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýruklaryndan ýüz öwrüp, olara boýun egmeseňiz, onda siz näletlenersiňiz.
29 Hudaýyňyz Reb sizi mülk edinjek ýeriňize getirende, Gerizim dagynda alkyş aýdarsyňyz, Eýbal dagynda bolsa nälet okarsyňyz.
30 Siziň bilşiňiz ýaly, bu iki dag Iordanyň we günbatar ýoluň aňyrsyndadyr. Olar Araba düzlüginde ýaşaýan kenganlaryň ýerindäki Gilgal galasynyň garşysynda, Moreniň dub agaçlarynyň ýanyndadyr.
31 Siz Iordandan geçip, Hudaýyňyz Rebbiň size berýän ýerini eýelemäge gideniňizde we ony eýeläp, ol ýerde ýaşanyňyzda,
32 meniň üstüm bilen bu günki siziň öňüňizde Rebbiň goýan ähli parzlaryny we hökümlerini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz». ‎