Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 2

«Rebbiň maňa aýdyşy ýaly, biz Gyzyl deňziniň ýoly bilen çöle tarap gaýtdyk we ençeme günläp Segir daglygynyň töwereginde aýlanyp gezdik».
2 «Soňra Reb maňa şeýle diýdi:
3 „Siz bu daglygyň daşynda gaty köp aýlandyňyz. Indi sen demirgazyk tarapa öwrül
4 we adamlardan şulary talap et: ‘Siz häzir Segirde ýaşaýan garyndaşlaryňyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçmeli. Olar sizden gorkarlar, şonuň üçin siz örän seresap boluň.
5 Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş ýer hem berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.
6 Siz iýjek iýmitiňizi hem, içjek suwuňyzy hem olardan satyn alyp iýip-içiň’“.
7 Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.
8 Şeýdip, biz Segirde ýaşaýan garyndaşlarymyz Ysawyň nesilleriniň üstünden geçdik. Eýlat we Esýongeberden Araba düzlügine gidýän ýol bilen gidip, Mowap çölüne tarap ugradyk.
9 Reb maňa: „Mowaplylara duşman gözi bilen garama ýa-da olar bilen urşa girme, çünki Ar galasyny Lutuň nesillerine mülk berendigim sebäpli, Men size olaryň ýerinden mülk edip, hiç zat berjek däl“ diýdi.
10 (Ol ýerde anaklar ýaly uzyn boýly, güýçli we köp adamly eýmimler ýaşaýardy.
11 Olar hem anaklar ýaly, adatça, rapalar saýylýardy. Emma mowaplylar olary eýmimler diýip atlandyrdylar.
12 Şeýle hem Segirde horylar ýaşaýardylar, emma Ysawyň nesilleri olary kowup çykardylar. Ysraýyllaryň Rebbiň mülk beren ýerinde edişleri ýaly, Ysawyň nesilleri-de olary ýok edip, ýerlerinde özleri ornaşdylar).
13 Reb: „Indi bolsa Zeret deresinden geçeliň“ diýdi. Şeýdip, Rebbiň buýrugyna görä, biz Zeret deresinden geçdik.
14 Kadeşbarneýadan ýola düşüp, Zeret deresinden geçýänçäk, dogry otuz sekiz ýyl geçdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, şol döwrüň içinde bu nesliň urşujylary ölüp gutardy.
15 Hawa, tä Ysraýyl düşelgesindäki urşujylaryň ählisi ölüp gutarýança, hut Rebbiň Özi olara garşy boldy.
16 Halkyň arasyndaky ähli urşujylar ölüp gutaran badyna,
17 Reb maňa şeýle diýdi:
18 „Bu gün siz Ar galasynda Mowabyň araçägini kesip geçersiňiz.
19 Ammonlaryň serhedine golaýlaşanyňyzda, olara duşmançylyk gözi bilen garamaň, olar bilen urşa girmäň, sebäbi Men ammonlaryň ýerini size mülk berjek däldirin, çünki Men ol ýeri Lutuň nesillerine berdim“.
20 (Aslynda bu ýer rapalaryň ýeri hasaplanýardy. Olar bu ýerde öňden bäri ýaşaýardylar. Ammonlar olara zamzumlar diýip at berdiler.
21 Zamzumlar anaklar ýaly uzyn boýludylar, güýçlüdiler we san taýdan köp adamlydylar. Muňa garamazdan, Reb olary ammonlaryň öňünden ýok etdi. Ammonlar olary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar.
22 Reb Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri bilen hem şeýle etdi. Olaryň öňünden horylary ýok etdi. Ysawyň nesilleri horylary kowup çykaryp, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar. Hatda olar şu güne çenli hem şol ýerde ýaşaýarlar.
23 Kaptordan çykyp gaýdan kaptorlylar Gaza galasyna çenli gidýän obalarda ýaşaýan awymlylary ýok edip, olaryň ýerinde özleri ornaşdylar).
24 „Tur, ýola düş! Arnon jülgesinden geç! Ine, Men Heşbondaky amorlaryň hany Sihony we onuň ýerini seniň eliňe berdim. Ýurdy eýelemäge başla, Sihon bilen urşa gir.
25 Şu günden başlap, Men ýer ýüzündäki ähli halkyň üstünden gorky we howp salaryn. Seniň adyňy eşidenlerinde, olar gorkudan ýaňa titreşer durarlar“».
26 «Şeýdip, men Kedemot çölünden Heşbonyň hany Sihona, ine, şu parahatçylyk sözlerini aýdyp, ilçileri ýolladym:
27 „Maňa öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et. Diňe dogry ýoldan ýöräýin, saga hem, çepe hem sowulmaýyn.
28 Iýmäge iýmitimizi, içmäge suwumyzy sizden satyn alaly. Pyýadalap diňe ýoluňdan geçsem bolýar.
29 Segirde ýaşaýan Ysawyň nesilleri ýaly we Arda ýaşaýan mowaplylar ýaly, sen hem maňa Iordandan geçip, Hudaýymyz Rebbiň bize berýän ýurduna ýetmek üçin öz ýurduňyň üstünden geçmäge rugsat et“.
30 Emma Heşbonyň hany Sihon bize ýurdunyň üstünden geçmäge rugsat etmedi. Çünki Hudaýyňyz Reb şu günki görşüňiz ýaly, ony siziň eliňize bermek üçin, onuň kalbyny gatadyp, doňýürek etdi.
31 Reb maňa: „Ine, Men Sihony we onuň ýurduny saňa bermäge girişdim. Indi sen hem onuň ýerini eýelemäge başla“ diýdi.
32 Şeýlelikde, Sihon ähli urşujylary bilen Ýahasda biziň garşymyza söweşmäge çykdy.
33 Hudaýymyz Reb ony biziň elimize berdi. Biz Sihonyň özüni, onuň tohum-tijini we ähli urşujylaryny gyrdyk.
34 Şol bir wagtyň özünde onuň ähli galalaryny basyp aldyk. Galalaryň ählisindäki erkekleri, aýallary we çagalary bütinleý ýok etdik. Ol ýerde ýekeje-de janly-jandar galdyrmadyk.
35 Diňe mal-garalary, şeýle hem basyp alan galalarymyzyň baýlyklaryny olja edip aldyk.
36 Arnon jülgesiniň gyrasyndaky Aroger galasyndan başlap (jülgäniň özündäki gala hem degişlidir), tä Gilgada barýança, biziň üçin ýekeje-de berk gala ýokdy. Hudaýymyz Reb olaryň hemmesini biziň elimize berdi.
37 Muňa garamazdan, Hudaýymyz Rebbiň bize tabşyryşy ýaly, Ýabok derýasynyň boýunda we daglykdaky galalarda ýaşaýan ammonlaryň ýerine çozup girmedik». ‎