Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 31

Musa ähli ysraýyl halkynyň öňünde sözüni soňlap, şeýle diýdi:
2 «Men häzir bir ýüz ýigrimi ýaşymda. Mundan beýläk men baştutan bolup biljek däl. Reb maňa: „Sen Iordandan aňry geçmersiň“ diýdi.
3 Hudaýyňyz Rebbiň Özi siziň öňüňizden geçer. Ol ähli halklary siziň öňüňizden ýok eder we siz olaryň ýerini mülk edinersiňiz. Rebbiň söz berşi ýaly, Ýeşuwa size baş bolup, derýadan geçer.
4 Reb amorlaryň hany Sihon bilen Ogy öldürip, olaryň ýurduny weýran edişi ýaly, bu halklary hem şeýle eder.
5 Reb olary size tabşyrar, siz hem olary meniň buýruşym ýaly edersiňiz.
6 Dözümli we mert boluň! Olardan gorkmaň, dowla düşmäň, sebäbi siziň bilen gitjek hut Hudaýyňyz Rebbiň Özüdir. Ol sizi hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez».
7 Soňra Musa Ýeşuwany çagyryp, ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda şeýle diýdi: «Dözümli we mert bol, çünki Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna bu halk bilen gitjek ýeke-täk sensiň. Bu ýurdy olara mülk edip paýlap berjek hem diňe sensiň!
8 Rebbiň Özi seniň öňüňden gider. Ol seniň bilen bolar. Ol seni hiç wagt ýeke taşlamaz, terk etmez. Gorkma we dowla düşme!»
9 Soňra Musa şu Kanuny ýazyp, ony Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryna we Ysraýylyň ähli ýaşulularyna berdi.
10 Musa olara şeýle buýruk berdi: «Her ýedinji ýylyň – karzlaryň geçilýän ýylynyň ahyrynda, Çatma baýramynda,
11 ähli ysraýyllar Hudaýyňyz Rebbiň huzuryna, Onuň Öz saýlajak ýerine gelenlerinde, siz şu Kanuny ähli ysraýyllara eşitdirip okaň.
12 Ähli halky: erkekleri, aýallary, çagalary, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekleri ýygnaň. Olar bu barada eşidenlerinde, Hudaýyňyz Rebden gorkup, bu Kanunyň ähli sözlerini yhlas bilen ýerine ýetirmegi öwrensinler.
13 Bu Kanuny bilmeýän olaryň çagalary hem Iordan derýasynyň aňyrsyndaky mülk ýerlerinde ýaşanlarynda muny eşidip, Hudaýyňyz Rebden gorkmagy öwrensinler».
14 Reb Musa: «Seniň ölmeli wagtyň golaýlaşdy. Ýeşuwany çagyr-da, ikiňiz hem Maňa ýüz tutulýan çadyra baryň, Men onuň etmeli wezipesini tabşyrjak» diýdi. Şeýlelikde, Musa bilen Ýeşuwa ikisi Rebbe ýüz tutulýan çadyra bardylar.
15 Reb çadyrda bulut sütüni görnüşinde peýda boldy. Bulut sütüni çadyryň girelgesinde durdy.
16 Reb Musa şeýle diýdi: «Tizara sen ölüp, ata-babalaryňa gowşarsyň. Şondan soň bu halk barýan ýerindäki hudaýlara, öz aralaryndaky keseki hudaýlara baglanyp, ahlaksyzlyga ýüz urar. Olar Meniň bilen eden ähtini bozup, Meni terk ederler.
17 Şol gün Meniň gahar-gazabym olaryň üstünden iner. Men olary terk edip, olardan ýüz öwrerin. Olar şobada heläk bolarlar, olaryň üstünden köp bela-beterler iner. Şol gün olar: „Aramyzda Hudaýymyzyň ýokdugy sebäpli, bu bela-beterler biziň üstümizden indimikä?“ diýerler.
18 Olaryň başga hudaýlara tarap öwrülip, eden ähli erbetlikleri üçin, şol gün Men olardan hökman ýüz öwrerin.
19 Şonuň üçin hem indi bu aýdymy ýazyp alyň we ysraýyllara öwrediň, olar okasynlar. Şonda bu aýdym Maňa ysraýyllaryň garşysyna şaýat bolar.
20 Çünki Men olary ata-babalaryna wada eden ýurduma – süýt we bal akýan ýurda getirenimde, olar iýip-içip, garynlary dok bolup mesirgäp, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk ederler. Meni ýigrenip, Meniň ähtimi bozarlar.
21 Başlaryna ençeme agyr külpetler inende, olaryň nesilleri bu aýdymy dillerinden düşürmezler, şonda bu aýdym olara şaýatlyk eder. Çünki Men wada eden ýurduma olary getirmezden öň hem, hatda häzir hem olaryň nähili pikirdediklerini öňünden bilýärin».
22 Edil şol gün Musa bu aýdymy ýazyp, ysraýyllara öwretdi.
23 Soňra Reb Nunuň ogly Ýeşuwanyň etmeli işlerini tabşyrdy we oňa: «Dözümli we mert bol, çünki ysraýyllary Meniň söz beren ýurduma getirjek sensiň. Men seniň bilen bolaryn!» diýdi.
24 Musa bu Kanuny onuň iň soňky sözüne çenli ýazyp gutardy
25 we Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewilere şeýle buýruk berdi:
26 «Bu Kanun kitabyny alyp, Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygynyň ýanynda goýuň. Goý, ol şol ýerde size garşy şaýat bolup galsyn.
27 Çünki men siziň nähili başbozar we boýnuýogyn halkdygyňyzy gowy bilýärin. Men entek dirikäm, siz Rebbe garşy pitne turuzýarsyňyz, ölenimden soň, siz, gör, näçe gezek pitne turzarsyňyz!
28 Tireleriňiziň ähli ýaşulularyny we baştutanlaryňyzy meniň ýanyma ýygnaň. Men bu sözleri eşitdirip, olara aýtjak. Goý, asman bilen Ýer olara garşy şaýat bolsun.
29 Çünki ölenimden soňra, meniň size buýran ýolumdan çykyp, büs-bütin azgynçylyga baş urjakdygyňyzy men bilýärin. Wagt gelip, başyňyzdan bela-beter iner, sebäbi siz Rebbiň nazarynda pis iş edip, öz etmişleriňiz sebäpli Onuň gaharyny getirersiňiz».
30 Soňra Musa bu aýdymyň sözlerini tutuş Ysraýyl jemagatyna eşitdirip, iň soňky sözüne çenli okady. ‎