Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 30

«Men siziň öňüňizde alkyşlar we näletler goýdum. Olar siziň başyňyza düşende, siz Hudaýyňyz Rebbiň sizi dargadyp goýberen halklarynyň arasyndakaňyz, bu ýalkanyşlary we näletleri ýadyňyza salsaňyz
2 we Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, meniň bu günki size tabşyryşym ýaly, özüňiz hem, çagalaryňyz hem tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen Oňa gulak assaňyz,
3 diňe şonda Hudaýyňyz Reb sizi täzeden dikeldip, size rehim-şepagat eder. Hudaýyňyz Reb sizi dargadyp goýberen başga halklarynyň içinden ýene-de yzyňyza ýygnar.
4 Hatda siz dünýäniň ol çetine sürgün edilen hem bolsaňyz, Hudaýyňyz Reb sizi ol ýerden ýygnap, yzyňyza getirer.
5 Hudaýyňyz Reb sizi ata-babalaryňyzyň mülk ýerine elter. Siz ol ýeri eýelärsiňiz. Ol ata-babalaryňyza garanda, size has köp bereket berip, sanyňyzy has-da artdyrar.
6 Hudaýyňyz Reb Özüne boýun egdirmek üçin siziň ýüregiňizi we nesilleriňiziň ýüregini üýtgeder, şonda siz Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, janyňyz-teniňiz bilen söýüp ýaşarsyňyz.
7 Hudaýyňyz Reb bu ähli lagnatlary duşmanlaryňyza we size zulum eden garşydaşlaryňyzyň üstüne ýagdyrar.
8 Şondan soň siz ýene-de Rebbe gulak asarsyňyz, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän ähli buýruklaryny ýerine ýetirersiňiz.
9 Eger siz Hudaýyňyz Rebbe gulak goýup, şu Kanun kitabynda ýazylan Onuň tabşyryklarydyr parzlaryny berjaý etseňiz, Hudaýyňyz Rebbe tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen dolansaňyz, Hudaýyňyz Reb her bir etjek işiňize bereket berer, ogul-gyzyňyz köp bolar, mal-garalaryňyzyň sany artyp, ýeriňiziň hasyly bol bolar. Çünki Reb ata-babalaryňyza ýagşylyk edeninde lezzet alşy ýaly, size ýagşylyk edeninde hem lezzet alar».
11 «Hakykatdan-da, Onuň bu günki meniň üstüm bilen berýän buýrugy siziň üçin kyn däl ýa-da el ýetmez ýaly gaty uzakda däl.
12 „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin asmana çykyp, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol asmanda däldir.
13 Ýa-da siziň: „Biz ony eşidip, ýerine ýetirer ýaly, kim biziň üçin deňziň aňry tarapyna geçip, ony bize getirip berer?“ diýmezligiňiz üçin, ol deňziň aňyrsynda däldir.
14 Ýok, bu sözler size juda ýakyndyr. Ýerine ýetirmegiňiz üçin bu siziň agzyňyzda we ýüregiňizdedir.
15 Ine, bu gün men siziň öňüňizde ýaşaýyş we ýagşylyk, ölüm we ýamanlyk goýýaryn.
16 Meniň bu gün tabşyryşym ýaly, Hudaýyňyz Rebbi söýüp, Onuň ýolundan ýöreseňiz, Onuň tabşyryklaryny, parzlarydyr hökümlerini berjaý etseňiz, onda siz ýaşarsyňyz we köpelersiňiz. Mülk edinmek üçin baran ýeriňizde Hudaýyňyz Reb sizi ýalkar.
17 Emma siz ýüregiňiz Ondan dönüp, gulak asman ýoldan çykyp, başga hudaýlara sygynyp gulluk etseňiz,
18 onda tutuşlaýyn heläk boljakdygyňyzy bu gün size jar edýärin. Iordan derýasyndan geçip, mülk edinjek ýeriňizde uzak ýaşamarsyňyz.
19 Bu gün siziň öňüňizde ýaşaýyş we ölüm, alkyş we nälet goýandygyma size garşy şaýat bolmaga asmany we ýeri çagyrýaryn. Ýaşaýşy saýlaň, şonda siziň özüňiz hem ýaşarsyňyz, nesilleriňiz-de ýaşar.
20 Hudaýyňyz Rebbi söýüň, Oňa gulak asyň we Oňa bil baglaň, çünki ýaşaýşyňyzyň we ömrüňiziň uzaklygy Ondadyr. Bu Rebbiň ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba bermegi wada eden ýurdunda ýaşamagyňyz üçindir». ‎