Kanun taglymaty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34


Bap 4

«Eý, ysraýyl halky, indi meniň size öwredýän parzlaryma we düzgünlerime gulak goýuň. Şonda siz ata-babalaryňyzyň Hudaýy Rebbiň özüňize berýän ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz.
2 Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň.
3 Rebbiň Bagalpegorda näme edenini, ýagny Hudaýyňyz Rebbiň Bagalpegor hudaýynyň yzyna eýerenleriň ählisini araňyzdan nähili ýok edenini öz gözüňiz bilen gördüňiz.
4 Hudaýyňyz Rebbe wepaly bolanlaryňyzyň hemmesi bu gün diri.
5 Ine, edil Hudaýym Rebbiň maňa tabşyryşy ýaly, siziň mülk edinmäge barýan ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin men size bu parzlary we hökümleri öwretdim.
6 Olary yhlas bilen berjaý ediň, çünki bu beýleki halklara akyl-paýhaslydygyňyzy we juda düşünjelidigiňizi görkezer. Bu parzlary eşidenler: „Dogrudan hem, bu millet akylly we düşünjeli eken!“ diýerler.
7 Haçan çagyrsak, Hudaýymyz Reb ýanymyzda, şeýle Hudaýly beýik halk nirede bar?
8 Häzir meniň size öwredýän bu tutuş Kanunym ýaly adalatly parzlarydyr hökümleri bolan başga beýik halk barmyka?
9 Ýöne habardar boluň, özüňizi goraň. Şeýdip, ömürboýy gözüňiz bilen gören zatlaryňyzy ýadyňyzdan çykarmaň, unutmaň. Olary çagalaryňyza, çagalaryňyzyň çagalaryna-da aýdyp beriň.
10 Siz Horepde Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda duranyňyzda, Reb maňa şeýle diýdi: „Halkyňy Meniň huzuryma üýşür. Men olara Öz sözlerimi eşitdirjek, şonda olar bütin ömrüne Menden gorkmagy öwrenerler we çagalaryna hem öwrederler“.
11 Siz ýakyn gelip, dagyň eteginde durduňyz. Dagyň alawlap ýanýan ody al-asmana galdy we dagy goýy tüsse bilen gara bulut gaplady.
12 Reb oduň içinden size seslendi. Siz Onuň sözlerini eşitdiňiz, emma Onuň Özüni görmediňiz, diňe sesini eşitdiňiz.
13 Reb size Ähtini mälim edip, ony berjaý etmegiňizi tabşyrdy. Bu – on tabşyrykdy we Ol ony iki sany ýasy daşyň ýüzüne ýazdy.
14 Şol wagt siziň Iordan derýasyndan geçip mülk edinjek ýurduňyzda berjaý etmegiňiz üçin size şu parzlary we hökümleri öwretmegi Reb maňa tabşyrdy.
15 Reb Horepde ot içinden size seslenende, siz Onuň suduryny görmediňiz. Habardar boluň we özüňizi goraň.
16 Özüňiz üçin but ýasap, azgynçylyga baş urmaň. Erkek ýa aýal şekilinde, ýerdäki haýwan, howada uçýan ganatly guş, ýerde süýrenýän süýrenji şekilinde, ýerden aşakdaky suwlarda ýaşaýan balyk şekilinde özüňize hiç hili but ýasamaň.
19 Gözleriňizi asmana dikip, Güni, Aýy, ýyldyzlary – ähli asman jisimlerini göreniňizde, aldawa düşmäň we olara sygynyp gulluk etmäň. Çünki Hudaýyňyz Reb sygynmak üçin olary asmanyň astyndaky başga halklara berdi.
20 Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.
21 Rebbiň siz sebäpli maňa gahary geldi. Ol meniň Iordandan geçmejekdigime ant içdi. Hudaýyňyz Rebbiň size mülk berýän gowy ýurduna men girmeli däl.
22 Çünki men Iordandan aňry geçmän, şu ýerde ölerin, emma siz ol gowy ýurdy mülk edinmek üçin Iordandan geçersiňiz.
23 Gaty seresap boluň. Hudaýyňyz Rebbiň siziň bilen eden ähtini ýatdan çykarmaň. Şeýle hem, Hudaýyňyz Rebbiň gadagan eden zatlarynyň hiç biriniň şekilinden but ýasanmaň.
24 Çünki Hudaýyňyz Reb ýakyp-ýandyryjy bir otdur, Ol gabanjaň Hudaýdyr.
25 Siziň bu ýerde çagalaryňyz we çagalaryňyzyň çagalary doglup, bu ýurtda uzak ýaşarsaňyz, her hili zadyň şekilinde but ýasap azmaň. Bu Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda pis işdir, bu Onuň gaharyny getirýändir.
26 Şeýle edäýseňiz, bu gün ýer we gök size garşy şaýatdyr. Iordandan geçip eýelän ýurduňyzda basym tutuşlaýyn heläk bolarsyňyz, siz ol ýerde uzak ýaşaman, gaýtam, bütinleý ýok edilersiňiz.
27 Reb sizi başga halklaryň arasyna dargadyp goýberer. Rebbiň ýol görkezjek halklarynyň arasynda galjaklaryňyzyň sany gaty az bolar.
28 Ol ýerde siz adamlar tarapyndan ýasalan hudaýlara, agaçdan we daşdan ýasalan, ne görýän, ne eşidýän, ne iýýän, ne-de ys alýan başga hudaýlara gulluk edersiňiz.
29 Olaryň içinden siz Hudaýyňyz Rebbi agtararsyňyz. Tutuş ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen gözleseňiz, siz Ony taparsyňyz.
30 Wagty gelip, bu zatlaryň ählisi başyňyzdan inende, betbagtçylyga uçranyňyzda, siz Hudaýyňyz Rebbe dolanyp, Oňa gulak asarsyňyz.
31 Çünki Hudaýyňyz Reb rehimli Hudaýdyr. Ol sizi taşlap gitmez ýa-da ýok etmez. Ol ata-babalaryňyza wada eden ähtini unutmaz.
32 Dogulmazyňyzdan öňki geçen asyrlardan bäri, Hudaý tarapyn ýer ýüzünde adamzadyň ýaradylanyndan tä şu güne çenli geçen zamandan soraň. Gögüň bu ujundan ol ujuna çenli sorap çykyň, heý, şunuň ýaly beýik waka öň boldumyka ýa-da şunuň ýaly wakanyň bolandygy hakynda eşidipmidiňiz?
33 Siziň ýaly oduň içinden seslenen Hudaýyň sesini eşidip, diri galan halk başga-da barmyka?
34 Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?
35 Bular size Rebbiň Hudaýdygyny, Ondan başga hiç bir Hudaýyň ýokdugyny bilmegiňiz üçin görkezildi.
36 Ol sizi terbiýelemek üçin, asmandan size Öz sesini eşitdirdi. Ýerde Ol size beýik ot görkezdi. Siz oduň içinden Onuň sesini eşitdiňiz.
37 Ol ata-babalaryňyzy söýýändigi sebäpli, olaryň özlerinden soňky nesillerini saýlady. Ol sizi hut Özüniň beýik güýji bilen Müsürden alyp çykdy.
38 Özüňizden uly we güýçli halklary öňüňizden kowup çykardy we görşüňiz ýaly, olaryň ýerini size mülk bermek üçin sizi şu ýere getirdi.
39 Indi bilip goýuň we ýadyňyzda saklaň, çünki ýokarda – gökde, aşakda – ýerde Reb Hudaýdyr. Ondan başga hiç Hudaý ýokdur.
40 Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».
41 Soňra Musa Iordanyň gündogaryndan üç galany belledi.
42 Aralarynda öň hiç hili duşmançylygy bolmadyk bir adamy tötänden öldüren ganhor bu galalaryň birine gaçyp baryp, başyny gutaryp biler.
43 Musa şu galalary: ruben tiresinden tekiz çölde Beseri, gat tiresinden Gilgatda Ramody we manaşe tiresinden Başanda Golany belledi.
44 Musanyň ysraýyllaryň öňünde goýan Kanuny şudur.
45 Ynha, Müsürden çykanlaryndan soň Musanyň ysraýyllara aýdan düzgünleri, parzlary we hökümleri.
46 Ol bulary Iordanyň gündogarynda, Beýtpegoryň garşysyndaky jülgede, ýagny Heşbonda höküm süren amorlaryň hany Sihonyň ýurdunda aýtdy. Musa bilen ysraýyllar Müsürden çykanlaryndan soň amorlary derbi-dagyn etdiler.
47 Olar Sihonyň ýurduny we Başan hany Oguň ýurduny, ýagny, Iordanyň gündogaryndaky bu iki amor hanynyň ýurduny özlerine mülk edip aldylar.
48 Bu ýer Arnon jülgesiniň çetindäki Arogerden Siýon dagyna (bu Hermon dagy) çenli uzalyp gidýär.
49 Şeýle hem, muňa tutuş Araba düzlüginiň gündogaryndaky Araba deňzine çenli bolan ýer we Pisga dagynyň etekleri hem degişlidir. ‎