Bap 14
«Siz Hudaýyňyz Rebbiň perzentlerisiňiz. Siz öli üçin bedeniňize ýara salmaň we maňlaý saçyňyzy gyrkmaň.
2 Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Reb Özüniň gymmatly halky bolmagyňyz üçin ýer ýüzündäki ähli halklaryň içinden sizi saýlady».
3 «Siz haram hasaplanýan haýwanlaryň hijisini iýmeli dälsiňiz.
4 Siz ine, şu haýwanlaryň etini iýip bilersiňiz: öküz, goýun, geçi,
5 keýik, sugun, jeren, ýabany geçi, dag tekesi, saýgak we dag goçy.
6 Toýnagy ýarykly we gäwüş gaýtarýan her bir haýwanyň etini iýip bilersiňiz.
7 Emma düýäni, towşany, atýalmany iýmeli dälsiňiz, çünki olar gäwüş gaýtarsalar hem, toýnagy ýarykly däldirler, olar siziň üçin haramdyr.
8 Şeýle hem doňuz, hatda onuň toýnagy ýarykly bolsa-da, gäwüş gaýtarmaýar, bu siziň üçin haramdyr. Siz olaryň etini iýmäň we läşini-de ellemäň.
9 Suwda ýaşaýan ähli jandarlaryň: ýüzgüçlilerini we teňňelilerini iýip bilersiňiz.
10 Ýüzgüçsiz we teňňesiz jandarlary iýmäň. Olar siziň üçin haramdyr.
11 Halal hasaplanýan ähli guşlary iýip bilersiňiz.
12 Emma ine şu guşlaryň etini iýmeli dälsiňiz: bürgüdiň, garaguşuň, deňiz bürgüdiniň,
13 gyrgynyň, çaýçaňňalagyň, laçynyň hiç bir görnüşini;
14 garganyň hiç bir görnüşini;
15 düýeguşuň, hüwiniň, çarlagyň, gyrgynyň hiç bir görnüşini;
16 baýguşuň, ibisiň, guwuň;
17 gotanyň, dazzarkeliň, jüptüniň;
18 leglegiň, hokgaryň hiç bir görnüşini, hüýpüýpigi we ýarganaty iýmeli dälsiňiz.
19 Ähli ganatly mör-möjekler siziň üçin haramdyr. Olary iýmeli dälsiňiz.
20 Halal hasaplanýan her bir ganatly jandary iýip bilersiňiz.
21 Haram ölen haýwanlaryň hiç biriniň etini iýmäň. Olary galalaryňyzda ýaşaýan gelmişeklere iýmäge beriň, keseki ýurtlulara satyň. Çünki siz Hudaýyňyz Reb üçin mukaddes halksyňyz. Owlagy enesiniň süýdünde bişirmäň».
22 «Her ýyl meýdanlaryňyzda ýetişen hasylyň ondan bir bölegini aýra goýup,
23 dänäňiziň, şerabyňyzyň we ýagyňyzyň ondan birini, şeýle hem mal-garalaryňyzdyr dowarlaryňyzyň ilkinji erkek guzlanlaryny Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň Özüne ybadat edilmegi üçin saýlajak ýerinde iýersiňiz. Şonda siz Hudaýyňyz Rebden hemişe gorkmagy öwrenersiňiz.
24 Emma Hudaýyňyz Rebbiň Özüne ybadat etmek üçin saýlajak ýeri sizden uzak bolup, Hudaýyňyz Rebbiň size bereket beren zatlarynyň ondan bir paýyny uzak ýoldan getirmeli bolsaňyz,
25 onda bu zatlary satyp, pula öwrüň. Puly alyň-da, Hudaýyňyz Rebbiň saýlajak ýerine gidiň.
26 Puluňyzy islän zadyňyza sarp ediň: öküz, goýun, meý ýa-da şerap – göwnüňiziň islän zadyny alyň. Ony Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda iýip, tutuş hojalygyňyz bilen bile şatlanyp, baýram ediň.
27 Galalaryňyzda ýaşaýan lewileri äsgermezlik etmäň, sebäbi olaryň siziňki ýaly ýer paýy ýa-da mülki ýokdur.
28 Her üçünji ýylyň ahyrynda ýeriňizden önýän önümlerden şol ýyl üçin tutuş ondan birini beriň we olary galalaryňyzda ýygnap goýuň.
29 Siziňki ýaly ýer paýy we mülki ýok lewiler, şeýle hem galalaryňyzda ýaşaýan gelmişekler, ýetimler we dullar gelip, ondan iýip doýsunlar. Şonda Hudaýyňyz Reb siziň etjek ähli işleriňize bereket berer».