Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 5

Şundan soň Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna gidip, oňa şeýle diýdiler: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Meniň şanyma baýram etsinler“».
2 Emma fyrown: «Kimmiş Ol Reb, Onuň sözüne gulak asyp, men ysraýyllary goýberer ýaly? Men Rebbi bilmeýärin, ysraýyllaryň gitmegine ýol berjek däl» diýdi.
3 Soňra olar: «Ýewreýleriň Hudaýy bize duşdy. Indi bolsa bize üç günlük çöle gidip, Hudaýymyz Rebbe sadaka bermäge rugsat et, ýogsam, Reb bizi gyrgyna berer ýa-da gylyç bilen biziň başymyzy alar» diýdiler.
4 Emma Müsüriň patyşasy olara: «Eý, Musa we Harun, näme üçin siz bu halkyň elini işden sowadýarsyňyz? Öz işiňiz bilen boluň.
5 Görýäňizmi, häzir bu ýerde olaryň sany biziň öz halkymyzyňkydan-da köp, siz bolsa olary işinden dyndarjak bolýarsyňyz» diýdi.
6 Şol günüň özünde fyrown gul hojaýynlaryna we ysraýyllaryň özleriniň baş gözegçilerine şeýle buýruk berdi:
7 «Mundan buýana bu halka kerpiç guýar ýaly saman bermäň. Goý, olar gidip, samany özleri tapsynlar.
8 Emma olaryň guýýan kerpiçleriniň sany öňküsi bilen deň bolsun, ýekejesini hem kemeltmäň. Olar ýalta, şonuň üçin olar: „Bizi goýber, Hudaýymyza sadaka bereli“ diýşip gygyryşýarlar.
9 Bu adamlaryň ünsi diňe işde bolar ýaly, has agyr işler bilen olaryň egninden basyň. Şonda olar ýalan geplere gulak gabartmazlar».
10 Şeýlelikde, ysraýyllaryň gul eýeleri we olaryň baş gözegçileri çykyp, olara: «Fyrown şeýle diýýär: Men size saman berjek däl.
11 Nireden tapsaňyz, şondan tapyň, samany özüňiz ediniň, emma gündelik edýän işiňiz bolsa sähelçe-de azaljak däldir» diýdiler.
12 Şeýdip, halk özlerine saman edinmek üçin orlan meýdan gözläp, Müsüriň ähli ýerine dagadylar.
13 Gul eýeleri olardan her günki etmeli işlerini edil saman bilen üpjün edilýän döwründäki ýaly ýerine ýetirmeklerini erjellik bilen talap edýärdiler.
14 Fyrownyň gul eýeleri tarapyndan bellenen ysraýyllaryň baş gözegçileri urulýardylar we olardan: «Näme üçin siz bu gün guýmaly kerpiç paýyňyzy öňkiňiz ýaly doly ýerine ýetirmeýärsiňiz?» diýip hasabat soralýardylar.
15 Ahyry ysraýyllaryň baş gözegçileri fyrownyň ýanyna gidip, oňa: «Näme üçin biz gullaryňa beýle daraýaň?
16 Bize saman berilmeýär, muňa garamazdan, kerpiç guýuň diýip buýruk berýärler. Ynha, gullaryňy ýençýärler, emma günä seniň öz adamlaryňda ahyry» diýip arz edýärler.
17 Emma fyrown: «Siz baryp ýatan bir işýakmaz. Şonuň üçin hem siz: „Bizi goýber, gidip, Rebbe sadaka bereli“ diýýärsiňiz.
18 Häzir bolsa gidiň-de işläň. Size saman berilmez, ýöne şonda-da kerpiji öňki möçberde öndürersiňiz» diýdi.
19 Ysraýyllaryň baş gözegçilerine her günki öndürilmeli kerpijiň sanynyň ýekejesiniň hem kemeldilmeli däldigini aýdanlarynda, olar özleriniň betbagtlyga uçrandyklaryna göz ýetirdiler.
20 Olar fyrownyň ýanyndan çykanlarynda, özlerine, garaşyp duran Musa bilen Haruna duşdular.
21 Olar Musa bilen Haruna: «Fyrown we onuň emeldarlary tarapyndan siz biziň başymyza bela getirdiňiz, bizi öldürer ýaly, olaryň eline gylyç berdiňiz. Munuň üçin Reb size göz görkezip, jezaňyzy berer» diýdiler.
22 Soňra Musa ýene-de Rebbe ýüzlenip: «Eý, Rebbim, näme üçin bu adamlara betbagtlyk getirdiň? Aslynda näme üçin meni goýberdiň?
23 Seniň adyňdan fyrown bilen gepleşmäge gelelim bäri, ol bu adamlara görgi baryny görkezdi. Sen bolsa Öz halkyňy azat etmek üçin ýekeje-de zat etmediň» diýdi. ‎