Bap 25
Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ysraýyllara aýt, Maňa sadaka bersinler. Meniň üçin her bir adamyň öz göwnünden çykaryp beren sadakasyny kabul ediň.
3 Olardan kabul edip almaly sadakalaryňyz şulardyr: altyn, kümüş, bürünç;
4 gök, badam, gyrmyzy ýüplük, nepis zygyr mata, geçi ýüňi;
5 goçuň eýlenen derisi, saýlama deri, akasiýa agajy;
6 çyra üçin zeýtun ýagy, mesh ýagy üçin we ýakymly ysly tütetgi üçin hoşboý ysly zatlar;
7 efota we gursakça dakmak üçin hakyk we başga gymmatbaha gaşlar.
8 Men olaryň arasynda ýaşar ýaly, Maňa mukaddes öý gursunlar.
9 Mukaddes çadyr we onuň ähli esbaplary Meniň size görkezme berşim ýaly gurulsyn».
10 «Akasiýa agajyndan sandyk ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
11 Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplap, onuň daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
12 Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasap, olary onuň dört aýagyna: ikisini bir tarapyna, beýleki ikisini beýleki tarapyna dakyň».
13 «Akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplaň.
14 Sandygy özüňiz bilen göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçiriň.
15 Syryklar sandygyň halkalarynda galsyn we ondan aýrylmasyn.
16 Meniň saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy hem sandykda goýarsyň».
17 «Soňra sap altyndan gapak ýasasynlar. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini bolsa bir ýarym tirsek bolsun.
18 Gapagyň her iki ýan çetinde sap altyndan iki sany kerup ýasat.
19 Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirsinler. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, gapak bilen bir bitewi edip berkitdir.
20 Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp dursun. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip dursunlar.
21 Saňa berjek ýazgyly Ähtnamamy sandygyň içinde goýup, gapagy hem onuň üstünden goý.
22 Äht sandygynyň üstündäki, gapagyň ýokarsyndaky iki sany kerubyň aralygynda Men seniň bilen duşuşaryn we ysraýyllar üçin ähli buýruklarymy saňa bererin».
23 «Akasiýa agajyndan hantagta ýasat. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek bolsun.
24 Ony sap altyna gapla we daş-töweregine altyndan jähek salsynlar.
25 Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdir we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldyr.
26 Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasat. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitsinler.
27 Hantagtany göterip äkider ýaly halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirsinler.
28 Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gapla. Hantagta şu syryklar bilen göterilmelidir.
29 Ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, sadaka hökmünde şerap bermek üçin küýzeler we şakäseler ýasat. Olar sap altyndan bolsun.
30 Hemişe hantagtanyň üstünde Maňa hödür çöregini goý».
31 «Sap altyndan şemdan ýasat. Şemdanyň esasy we şahasy döwme sap altyndan bolsun. Şemdanyň gülkäsesi, gülgunçasy we gülýapragy özi bilen bir bitewi bolsun.
32 Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, onuň jemi alty şahasy bolsun.
33 Şahalarda badam gülüniň şekilinde gülkäse bolsun. Gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasaň. Beýleki şahalarda hem hut şunuň ýaly bolsun, umuman, alty şahanyň hemmesini bir meňzeş edip ýasaň.
34 Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olaryň hem gülgunçasy we gülýapragy bolsun.
35 Her jübütiň astynda bir gunça bolup, hemmesi bilelikde jemi alty şaha çyksyn.
36 Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasat. Onuň tutuş özi döwme sap altyndan ýasalsyn.
37 Şemdan üçin ýedi çyra dak. Çyralar şemdanyň öňüne ýagty saçar ýaly, olary onuň depesine dak.
38 Onuň müçenegi we nowasy sap altyndan bolsun.
39 Şemdan we oňa degişli ähli enjamlar bir ýarym batman sap altyndan ýasalsyn.
40 Ynha, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň».