Bap 37
Besalel akasiýa agajyndan sandyk ýasady. Onuň uzynlygy iki ýarym tirsek, ini we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.
2 Onuň içini-de, daşyny-da sap altyna gaplady we onuň daş-töweregine altyndan jähek saldy.
3 Sandyk üçin dört sany altyn halka ýasady we olary dört aýagyna: ikisini bir tarapyndaky aýaklaryna, beýleki ikisini beýleki tarapyndaky aýaklaryna dakdy.
4 Ol akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.
5 Sandygy göterip äkider ýaly, syryklary onuň gapdallaryndaky halkalardan geçirdi.
6 Soňra ol sap altyndan gapak ýasady. Onuň uzynlygyny iki ýarym tirsek, inini bolsa bir ýarym tirsek etdi.
7 Gapagyň her iki ýan çetinde döwme sap altyndan iki sany kerup ýasady.
8 Keruplaryň birini gapagyň bir çetinde, beýlekisini beýleki çetinde ýerleşdirdi. Olary gapagyň her ýan çetinde goýup, olary gapak bilen bir bitewi edip berkitdi.
9 Keruplar ganatlaryny gapagyň depesinde ýaýyp, onuň üstüne saýa salyp durdular. Olaryň ýüzleri biri-birine bakyp, göni gapaga tarap seredip durdular.
10 Şeýle hem ol akasiýa agajyndan hantagta ýasady. Onuň uzynlygy iki tirsek, ini bir tirsek we beýikligi bir ýarym tirsek boldy.
11 Ony sap altyna gaplap, daş-töweregine altyndan jähek saldy.
12 Hantagtanyň gyralaryna dört barmak giňlikde gurşaw etdi we gurşawyň daş-töweregine altyndan jähek saldy.
13 Hantagta üçin altyndan dört sany halka ýasady. Halkalary onuň dört künjündäki dört aýagyna berkitdi.
14 Hantagtany göterip äkider ýaly, halkalardan geçen syryklary gurşawa ýakyn ýerleşdirdi.
15 Besalel akasiýa agajyndan syryklar ýasap, olary altyna gaplady.
16 Hantagtada goýar ýaly sap altyndan şu gap-gaçlary ýasady: ýakymly ysly tütetgi üçin tabaklar we jamlar, içgi sadakasy üçin şakäseler we küýzeler ýasady.
17 Besalel sap altyndan şemdan ýasady. Şemdanyň esasyny we şahasyny hünärmentçilik ýoly bilen döwme sap altyndan ýasap, onuň gülkäsesini, gülgunçasyny we gülýapragyny özi bilen bir bitewi etdi.
18 Şemdanyň her gapdalyndan üç şaha çykyp, jemi onuň alty şahasy boldy.
19 Her şahanyň ujunda badamyň güli şekilinde gülkäse ýasap, onuň gülgunçasy bilen gülýapragyny hem ýasady. Beýleki şahalarda hem hut şeýdip, alty şahanyň altysyny-da birmeňzeş edip ýasady.
20 Şemdanyň ortasyndaky şahada badam gülüne meňzeş dört sany gülkäse bolup, olar hem gülgunçasy bilen we gülýapragy bilen ýasaldy.
21 Her jübütiň astynda bir gunça çykyp, hemmesi bilelikde jemi alty şahany emele getirýärdi.
22 Şemdanyň gunçalaryny we şahalaryny bir bitewi edip ýasap, onuň tutuş özüni döwme sap altyndan ýasady.
23 Şemdana ýedi çyra dakdy. Onuň müçenegini we nowasyny sap altyndan ýasady.
24 Şemdany we oňa degişli ähli enjamlary bir ýarym batman bolan sap altyndan ýasady.
25 Ýakymly ysly tütetgi üçin akasiýa agajyndan sypa ýasady. Onuň uzynlygy bir tirsek, ini hem bir tirsek bolup, ol dörtburç boldy. Onuň beýikligi iki tirsek bolup, çykyp duran burçlaryny özi bilen bile bitewi edip ýasady.
26 Onuň depesini, ähli taraplaryny we burçlaryny sap altyna gaplady. Onuň daş-töweregine altyndan jähek çekdi.
27 Onuň üçin altyndan iki sany halka ýasady we olary jähegiň aşagyndan biri-birine garşy edip, iki tarapyna dakdy. Sypany göterip gider ýaly, ol halkalardan syryklar geçirdi.
28 Syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary altyna gaplady.
29 Ol atyr ýasaýjynyň garylmagy bilen mukaddes mesh ýagyny we ýakymly ysly tütetgi hem taýýarlady.