Bap 12
Reb Müsürde Musa bilen Haruna şeýle diýdi:
2 «Bu aý siziň üçin aýlaryň başlangyjy bolar. Siziň üçin bu aý ýylyň ilkinji aýy bolar.
3 Ysraýyl halkyna aýt, goý, şu aýyň onunjy güni her bir maşgalabaşy öz hojalygy üçin soýmaga bir janly saýlap alsyn.
4 Eger bir hojalyk bir janlyny iýerden kiçi bolsa, onda olar özleriniň iň ýakyn goňşusy bilen bilelikde, hersiniň maşgala agzalaryna görä bir janlyny öz aralarynda paýlaşsynlar.
5 Janlyňyz hiç hili şikessiz bolmalydyr. Muňa siz birýaşar tokly ýa-da birýaşar çebiş saýlap bilersiňiz.
6 Siz ony şu aýyň on dördi gününe çenli saklaň we şol gün gije bütin ysraýyl jemagatynyň hersi öz saýlap goýan janlysyny soýup öldürer.
7 Soňra olar janlynyň ganyndan alyp, onuň eti iýiljek öýleriň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalsynlar.
8 Olar şol gije janlynyň etini otda kebap edip, petir we ajy gök otlar bilen iýsinler.
9 Onuň etini bişirmän, çigligine ýa-da suwda gaýnadyp iýmäň. Ony diňe tutuşlygyna kellebaşaýagy we içgoşlary bilen birlikde otda kebap edip iýiň.
10 Daňdana çenli ondan hiç zat galdyrman iýiň. Eger ertire çenli iýilmän artyp galsa, şol galan-gaçanlary otda ýakyň.
11 Siz ony şu ýagdaýda iýmelisiňiz: ýol geýimiňiz egniňize, çarygyňyz aýagyňyza geýlen bolsun, hasaňyz eliňizde bolsun. Şeýle hem, siz ony çaltlyk bilen iýmelisiňiz. Bu Rebbiň Pesahydyr.
12 Şol gije Men Müsüriň içine aýlanyp, müsürlileriň ähli nowbahar ogullaryny, adamlaryndan tä mallaryna çenli ilkinji doglan erkeklerini öldürerin. Men Müsüriň ähli hudaýlarynyň üstünden höküm çykararyn. Men Rebdirin.
13 Bolýan öýleriňiziň gapysyna çalnan gan siziň üçin nyşan bolar. Men ol gany görenimde, siziň üstüňizden aýlanyp geçerin. Men Müsüri jezalandyranymda, hiç hili betbagtlyk sizi weýran etmez.
14 Bu gün siz üçin ýatlama güni bolar. Siz muny Maňa bagyşlap, baýram edip bellärsiňiz. Soň siz bu baýramy nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklarsyňyz.
15 Ýedi günläp siz petir iýmelisiňiz. Şu ýedi günüň ilkinji gününde, siz öýleriňizden hamyrmaýalary çykaryp taşlaň. Kimde-kim birinji günden tä ýedinji güne çenli aralykda hamyrmaýa goşulan zatdan iýse, onda ol ysraýyllaryň arasyndan kowlup çykarylsyn.
16 Birinji günde we ýedinji günde siz mukaddes ýygnanyşyk etmelisiňiz. Şol günler ýekeje iş hem edilmeli däldir, diňe öz iýjek zatlaryňyzy taýýarlaň.
17 Şeýle hem, siz Petir baýramyny-da bellemelisiňiz, sebäbi Men sizi Müsürden topar-topar edip, hut şol gün alyp çykdym. Şonuň üçin hem siz bu güni nesilme-nesil ebedilik düzgün edip saklamalysyňyz.
18 Ilkinji aýyň on dördi güni agşamyndan tä şol aýyň ýigrimi biri güni agşamyna çenli siz petir iýmelisiňiz.
19 Şu ýedi günüň dowamynda öýleriňizde ýekeje-de hamyrmaýa bolmasyn. Kimde-kim hamyrmaýaly zat iýse, ol gelmişek ýa-da ýerli bolsun, ysraýyl halkynyň arasyndan kowlup çykarylsyn.
20 Siz hamyrmaýaly hiç zat iýmeli dälsiňiz. Ýaşap oturan ähli ýerleriňizde diňe petir iýmelisiňiz».
21 Soňra Musa ähli ysraýyl ýaşulularyny çagyryp, olara şeýle diýdi: «Heriňiz maşgalaňyza görä özüňize janly saýlaň we ony Pesah baýramy üçin soýuň.
22 Bir bogdak ýowşan otuny alyp, ony jamdaky janlynyň ganyna batyryp, gapynyň üstki söýesine we ikiýan söýesine çalyň. Daňdana çenli hiç kim öz öýüniň gapysyndan daşary çykmaly däldir.
23 Reb müsürlileri birýandan öldürip çykar. Gapynyň üstki we ikiýan söýesindäki gany görende, Reb ol gapydan sowlup geçer we janyňyzy almak üçin öýleriňize girmäge Ezraýyla rugsat etmez.
24 Siziň özüňiz we ogullaryňyz bu baýramy ebedilik kanun hökmünde bellemelisiňiz.
25 Rebbiň size bermegi söz beren ýurduna geleniňizde hem, siz bu baýramçylygy ýerine ýetirmelisiňiz.
26 Çagalaryňyz sizden: „Bu baýram nämäni aňladýar?“ diýip soranlarynda,
27 siz olara: „Bu Rebbiň Pesahynyň gurbanlyk sadakasydyr. Müsürde Reb müsürlileri öldürende ysraýyllaryň öýleriniň üstünden sowlup geçdi, biziň janymyzy aman galdyrdy“ diýip jogap beriň». Muňa ysraýyllar başlaryny egip, sežde etdiler.
28 Soňra ysraýyllar baryp, edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.
29 Ýary gije Reb Müsüriň ilkinji doglan ogullarynyň ählisini öldürip çykdy. Tagtda oturan fyrownyň ilkinji doglan oglundan başlap, zyndanda oturan bendiniň ilkinji doglan ogluna çenli öldürdi, şeýle-de, mallaryň hem ähli ilkinji guzlanlaryny öldürdi.
30 Gije fyrownyň özi, onuň ähli emeldarlary garaz, tutuş müsürliler ýerlerinden turdular. Müsürde uly dady-perýat boldy, çünki olaryň arasynda ölüsi bolmadyk ýekeje-de öý ýokdy.
31 Şol wagt gije fyrown Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň, meniň halkymyň arasyndan çykyň. Özüňizem halkyňyz bilen bile gidiň-de, öz aýdyşyňyz ýaly, Rebbe ybadat ediň.
32 Öz soraýşyňyz ýaly, mallaryňyzdyr dowarlaryňyzy hem ýanyňyz bilen alyp gidiň. Maňa ak pata beriň!» diýdi.
33 Müsürliler öz ýurdundan ysraýyllary çalt çykarmak üçin gyssaýardylar. Sebäbi olar: «Biziň hemmämiz öleris» diýişýärdiler.
34 Şeýlelikde, ysraýyllar petirlik hamyrlaryny kendirige dolap, ony hamyr jamlara salyp, eginlerinde göterip gaýtdylar.
35 Ysraýyllar edil Musanyň özlerine aýdyşy ýaly etdiler. Olar müsürlilerden altyn-kümüşden ýasalan şaý-sepler, şeýle hem, geýim-gejimler soradylar.
36 Reb hem müsürlilere ysraýyllary sylar ýaly edipdi. Olar ysraýyllaryň soran zatlaryny berdiler. Şeýdip, ysraýyllar müsürlileriň baýlygyny talap gaýtdylar.
37 Şeýlelik bilen, ysraýyllar Ragmesesden Sukota tarap ýola düşdüler. Olar aýallardan we çagalardan başga alty ýüz müň töweregi pyýada erkek adamdy.
38 Müsürlilerden hem bir topar märeke, şeýle hem, gaty köp mal-gara: sygyrlar we dowarlar ysraýyllara goşulyp gaýtdy.
39 Ysraýyllar Müsürden alyp gaýdan hamyrlaryndan petir kökeler bişirdiler. Hamyr petirlikdi, olar Müsürden gyssanmaç kowlup çykarylandyklary sebäpli, olaryň hamyry ajatmaga wagtlary ýokdy. Hatda olar özlerine ýol üçin azyk-owkat hem taýýarlap ýetişmändiler.
40 Ysraýyllar Müsürde dört ýüz otuz ýyl ýaşadylar.
41 Dört ýüz otuzynjy ýylyň soňky güni, hut şol güni, Rebbiň halky topar-topar bolup, Müsürden çykdy.
42 Bu gije Rebbiň ysraýyllara nazar salyp, olary Müsürden alyp çykan gijesidir. Şonuň üçin hem hut şu gije ähli ysraýyllaryň we olaryň nesilleriniň dik oturyp, Rebbe bagyş edýän gijesidir.
43 Soňra Reb Musa bilen Haruna şeýle diýdi: «Pesahyň düzgünleri şudur: Ýekeje-de gelmişek gurbanlyk sadakasyndan iýmeli däldir.
44 Emma pula satyn alan guluňyz sünnet edilenden soň ondan iýip biler.
45 Ýekeje gelmişek ýa-da hakyna tutulan talaban ondan iýmeli däldir.
46 Ony bir jaýda oturyp iýiň. Ondan birje bölek eti hem öýden daşa çykarmaly dälsiňiz. Şeýle hem, janlynyň süňklerini döwmeli dälsiňiz.
47 Ähli ysraýyl halky bu baýramy bellemelidir.
48 Eger bir gelmişek gelip, siziň araňyzda ornaşyp, Rebbiň Pesahyny bellemek islese, onda, goý, onuň hojalygyndaky ähli erkekler sünnet edilsin. Şundan soň ol size goşulyp, muny belläp biler we ol siziň öz ýerli halkyňyza degişli adam hasap ediler. Emma sünnet edilmedik hiç bir adama ondan iýmek bolmaz.
49 Ýerli adam üçin hem, araňyzda ýaşaýan her bir gelmişek üçin hem ýeke-täk bir kanun bolmalydyr».
50 Ysraýyllaryň hemmesi ähli zady edil Rebbiň Musa bilen Haruna buýruşy ýaly etdiler.
51 Hut şol gün Reb ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden çykardy.