Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 14

Ine, şonda Reb Musa: «Ysraýyllara aýt, goý, olar yzyna öwrülip, deňziň gyrasyndaky Bagalsepona golaý ýerde, Migdol bilen deňziň arasyndaky Pihahyrotda düşlesinler.
3 Fyrown: „Ysraýyllar çölde azaşyp ýörendirler“ diýip pikir eder.
4 Men fyrowny doňýürek ederin, ol ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýdar. Fyrownyň we onuň goşunyny ýeňip gazanjak ýeňşim Maňa şöhrat getirer. Şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi. Ysraýyllar özlerine aýdylyşy ýaly etdiler.
5 Müsür patyşasyna ysraýyllaryň gaçandyklary barada aýdanlarynda, ol we onuň emeldarlary ysraýyllar hakdaky pikirlerini üýtgetdiler. Olar: «Ysraýyllary özümize gul bolmakdan boşadyp, bu biziň näme etdigimiz boldy?» diýişdiler.
6 Şeýlelikde, fyrown söweş arabasyna atlanyp, goşunyny hem öz ýany bilen alyp ugrady.
7 Ol alty ýüz sany iň saýlama söweş arabalaryny we Müsüriň ähli beýleki söweş arabalaryny alypdy. Olaryň hersiniň öz onbaşysy bardy.
8 Reb Müsür şasy fyrowny doňýürek etdi. Ol Rebbiň goragy astynda gaýdan ysraýyllaryň yzyndan kowalap gaýtdy.
9 Fyrownyň ähli söweş arabalary, atlylary bilen birlikde tutuş pyýada goşun bolup, müsürliler olaryň yzyndan kowdular. Olar deňziň kenarynda, Bagalseponyň golaýyndaky Pihahyrotda düşlän ysraýyllaryň yzyndan kowup, olara golaý geldiler.
10 Fyrown olara ýakyn gelende, ine, birdenkä öz yzlaryndan müsürlileriň kowup gelýändiklerine ysraýyllaryň gözi düşdi. Olar gaty gorkdular we Rebbe perýat etdiler.
11 Ysraýyllar Musa: «Müsürde näme gabyr ýokmudy? Sen biziň çölde ölmegimiz üçin alyp gaýtdyňmy? Bizi Müsürden çykaryp, bu näme etdigiň boldy?
12 Biz saňa Müsürde: „Bizi öz günümize goý, biz müsürlilere hyzmat edibereli“ diýip aýtmanmydyk? Biz çölde ölenimizden, müsürlileriň guly bolup ýören bolsak, müň paý gowy bolardy» diýdiler.
13 Musa ysraýyllara: «Gorkmaň! Berk duruň we Rebbiň bu gün siziň üçin amala aşyrjak gutulyşyny görüň. Çünki siz bu günki görýän müsürlileriňizi gaýdyp hiç haçan görmersiňiz.
14 Siziň üçin Reb söweşer. Siz diňe bu ýerde bolsaňyz bolýar» diýdi.
15 Reb Musa: «Näme üçin sen Maňa perýat edýärsiň? Ysraýyllara aýt, goý, olar öňe tarap gitsinler.
16 Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.
17 Men müsürlileri doňýürek ederin, şeýdip, olar siziň yzyňyzdan kowup gaýdarlar. Fyrownyň, onuň bütin goşunynyň, söweş arabalarynyň we atlylarynyň üsti bilen Men şöhrat gazanaryn.
18 Haçan-da, Men fyrownyň, onuň söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstünden şöhrat gazananymda, şonda müsürliler Meniň Rebdigimi bilerler» diýdi.
19 Şundan soň, Ysraýyl goşunynyň öňünden ýöreýän Hudaýyň perişdesi olaryň yzyna geçdi. Olaryň öňünden süýşüp barýan bulut sütüni hem olaryň arka tarapyna geçip,
20 Müsür goşuny bilen Ysraýyl goşunynyň arasyna gelip durdy. Bulut gije ysraýyllar tarapyny ýagty, müsürliler tarapyny bolsa garaňky etdi. Şeýdip, bütin gije bular biri-biriniň golaýyna baryp bilmediler.
21 Soňra Musa elindäki hasasyny deňze ýetirdi. Reb bolsa şol bütin gije güýçli gündogar şemaly bilen deňziň suwuny kowdy. Deňiz gury ýere öwrülip, suw ikä bölündi.
22 Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.
23 Müsürliler olary yzarlap gelýärdiler, fyrownyň ähli atlary, onuň söweş arabalary we atlylary olaryň yzyndan kowup, deňziň ortasyna girdiler.
24 Daň atmazdan öň Reb ot we bulut sütüniniň içinden aşak, Müsür goşunyna tarap seretdi we olary aljyraňňy ýagdaýa saldy.
25 Reb olaryň söweş arabalarynyň tigirlerini batga batyrdy, şonuň üçin hem, olara arabalaryny sürmek gaty kyn düşdi. Şonda müsürliler: «Ýörüň, ysraýyllardan gaçalyň, çünki Müsüriň garşysyna olar üçin Reb söweşýär» diýdiler.
26 Soňra Reb Musa: «Eliňi deňze tarap uzat, goý, suw müsürlileriň, olaryň söweş arabalarynyň we atlylarynyň üstünden basyp, yzyna öwrülsin» diýdi.
27 Şeýdip, Musa elini deňze tarap uzatdy welin, daňdan deňziň suwy öňki akymyna öwrüldi. Müsürliler ondan gaçyp çykmaga dyrjaşdylar, emma Reb müsürlileri deňziň ortasyna eltip taşlady.
28 Suw yzyna dolup, ysraýyllaryň yzyndan deňze giren söweş arabalaryň, atlylaryň, fyrownyň tutuş goşunynyň üstüni basyp örtdi. Olaryň ýekejesi hem diri galmady.
29 Emma ysraýyllar deňizden gury ýer bilen geçdiler, suw olara sag we çep tarapdan diwar bolup durdy.
30 Şeýlelikde, Reb şol gün ysraýyllary müsürlileriň elinden halas etdi. Ysraýyllar deňziň kenarynda ölüp ýatan müsürlileri gördüler.
31 Rebbiň müsürlilere garşy görkezen beýik gudratyny görüp, ysraýyllar Rebden gorkdular. Olar Rebbe we onuň guly Musa iman etdiler. ‎