Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 31

Reb Musa şeýle diýdi:
2 «Ynha, Men ýahuda tiresinden Huruň agtygy, Urynyň ogly Besaleli saýladym.
3 Men ony Öz ruhum bilen doldurdym. Her dürli senet işinde Men oňa ukyp, akyl-paýhas we başarjaňlyk berdim.
4 Ol ökde nakgaş bolup, altyna-kümşe we bürünje dürli nagyşlar salsyn.
5 Gaşlar üçin öýjüklere daşlary oýmakda, agaç ýonmakda, her hili ussaçylyk işinde oňa ussatlyk berdim.
6 Şeýle hem, Besalel bilen işlär ýaly, Men dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýaby hem saýladym. Men ähli ökde ussalara-da ukyp berdim. Şeýlelikde, olar Meniň saňa buýran şu ähli zatlarymy ýasasynlar:
7 Maňa ýüz tutulýan çadyr, Äht sandygy we onuň üstüniň gapagy, çadyryň ähli esbaplary,
8 hantagta we onuň enjamlary, sap altyndan edilen şemdan we onuň ähli enjamlary, tütetgi sypasy,
9 ýakma gurbanlyk sypasy we onuň ähli enjamlary, legen we onuň sütüni,
10 şeýle hem, nagyşlar bilen keşdelenen geýimler, ruhany bolup gulluk edenlerinde geýmek üçin, Haruna we onuň ogullaryna niýetlenen mukaddes lybaslary,
11 mesh ýagy we mukaddes öý üçin ýakymly ysly tütetgi. Olar bulary edil Meniň saňa buýruşym ýaly etsinler».
12 Reb Musa ýene-de şulary diýdi:
13 «Seniň özüň ysraýyllara aýt, goý, olar Meniň Sabat kanunlarymy ýerine ýetirsinler, çünki bu Men bilen siziň geljekki nesilleriňiziň arasyndaky belgidir. Munuň bilen siz Men Rebbiň sizi mukaddes halkym edendigimi bilersiňiz.
14 Sabat kanunlary ýerine ýetiriň, sebäbi ol siziň üçin mukaddesdir. Kimde-kim ony harlasa, ölüme höküm ediler. Kim şol gün ýekeje iş edäýse-de, öz halkynyň arasyndan kowlup çykarylar.
15 Alty günüň dowamynda işleriňizi edip boluň, emma ýedinji gün dynç güni bolup, mukaddes Sabat günüdir. Sabat güni kim-de kim ýekeje iş etse hem, ölüme höküm ediler.
16 Şonuň üçin hem ysraýyllar Sabat kanunlary ýerine ýetirmelidirler, nesilme-nesil ony ebedi äht hökmünde ýerine ýetirmelidirler.
17 Bu ysarýyl halky bilen Meniň aramdaky hemişelik belgidir, çünki Men alty günde Gögi we Ýeri ýaratdym. Ýedinji gün bolsa hemme işden dynyp, dynç aldym».
18 Hudaý Sinaý dagynda Musa bilen gepleşip bolansoň, oňa ýüzüne buýruklar ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berdi. Ony Hudaýyň hut Özi ýazypdy. ‎