Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 18

Hudaýyň Musa üçin we ysraýyllar üçin eden ähli işleri baradaky we Rebbiň olary Müsürden nähili çykarandygy baradaky habar Musanyň gaýynatasy, Midýan ruhanysy Ýitro baryp ýetdi.
2 Ine, Musa aýaly Syporany we iki ogluny yzyna Midýana goýberensoň, olary Musanyň gaýynatasy Ýitro saklapdy.
3 Onuň bir oglunyň ady Gerşom (Ol ony: «Men bir ýat ýurtda gelmişek boldum» diýip dakypdy),
4 beýleki oglunyň ady Eligezerdi (Onuň adyny bolsa: «Atamyň Hudaýy maňa ýardam berdi, Ol meni fyrownyň gylyjyndan gutardy» diýip, şeýle dakypdy).
5 Musanyň gaýynatasy Ýitro onuň aýaly we iki ogly bilen Musanyň ýanyna çöle, onuň düşlän dagyna Hudaýyň dagyna geldi.
6 Kimdir biri Musa: «Gaýynataň Ýitro aýalyňy we iki ogluňy alyp, seniň ýanyňa gelýär» diýip habar berdi.
7 Musa gaýynatasyny garşy almaga çykdy we dyzyna çöküp tagzym edip, ony ogşady. Olar biri-biri bilen saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, çadyryň içine girdiler.
8 Musa Rebbiň ysraýyllar üçin fyrowna we müsürlilere eden ähli işleri barada, olaryň ýolda duçar bolan kynçylyklary, Rebbiň olary azat edişi barada gaýynatasyna ýekän-ýekän gürrüň berdi.
9 Ýitro Rebbiň ysraýyllara eden ähli ýagşy işleri üçin we olary müsürlileriň elinden azat edenligi üçin gaty begendi.
10 Ýitro: «Sizi müsürlileriň we fyrownyň elinden azat eden Rebbe alkyş bolsun!
11 Häzir men bilýärin, beýleki ähli hudaýlardan Reb beýik, çünki Ol ysraýyllary tekepbirlik bilen ezýän müsürlileriň elinden halas etdi» diýdi.
12 Musanyň gaýynatasy Ýitro Hudaýa ýakma gurbanlygyny we beýleki sadakalary berdi. Harun ähli ysraýyl ýaşululary bilen birlikde Musanyň gaýynatasy bilen Hudaýyň huzurynda nahar iýmäge geldi.
13 Ertesi gün Musa adamlara kazylyk etmek üçin kürsüsine çykdy. Musa adamlary ertirden agşama çenli kabul etdi.
14 Musanyň gaýynatasy onuň adamlar bilen edýän ähli işlerini görende: «Adamlara edýän bu işiň näme boldugy? Näme üçin şunça adamy ýeke özüň kabul edýärsiň, bütin halk ertirden agşama çenli seniň töweregiňde dur» diýdi.
15 Musa gaýynatasyna: «Munuň sebäbi adamlar Hudaýyň islegini bilmek üçin, meniň ýanyma gelýärler.
16 Olaryň dawasy bolsa, maňa gelýärler. Men hem iki dawagäriň arasyndaky dawany çözüp berýärin we Hudaýyň parzlaryny, Onuň taglymatlaryny olara aýan edýärin» diýdi.
17 Musanyň gaýynatasy oňa şeýle diýdi: «Seniň edýän bu işiň gowy däl.
18 Sen özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň.
19 Indi meniň sözüme gulak goý. Men saňa maslahat berjek. Hudaý saňa ýar bolsun! Sen Hudaýyň öňünde halkyň wekili bolup, olaryň ýagdaýlaryny Hudaýa ýetir.
20 Sen olara Hudaýyň parzlaryny we taglymatlaryny öwret. Olara haýsy ýoldan ýöremelidigini we näme iş etmelidigini görkez.
21 Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.
22 Goý, hemişe olar adamlara kazylyk etsinler. Uly dawalary saňa aýtsynlar, emma kiçi dawalary özleri çözsünler. Şonda seniň üçin aňsadrak bolup, agyr ýüküň ýeňlär.
23 Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu işiň hötdesinden gelersiň. Bu adamlaryň ählisi hem öýlerine kanagatlanyp gaýdarlar».
24 Şeýlelikde, Musa gaýynatasynyň sözüne gulak goýdy. Onuň aýdan ähli zatlaryny ýerine ýetirdi.
25 Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary saýlap, olary halka müňbaşy, ýüzbaşy, ellibaşy we onbaşy edip belledi.
26 Olar halka hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary Musa getirdiler, emma kiçi dawalary özleri çözdüler.
27 Soňra Musa gaýynatasyny ugratdy. Ýitro yzyna, öz ýurduna gaýtdy. ‎