Bap 26
«Bulardan başga-da, sen on perdeden ybarat mukaddes çadyr ýasat. Perdeler nepis zygyr matadan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen bolsun. Ussat keşdeçiler olaryň ýüzüne kerubyň şekilini owadanlap çeksinler.
2 Her perdäniň uzynlygy ýigrimi sekiz tirsek, ini dört tirsek bolup, ähli perdeleriň ölçegi bir meňzeş bolsun.
3 Bäş perde bir aýry, beýleki bäş perde hem bir aýry edilip çatylsyn.
4 Birinji bäş perdäniň iň soňkusynyň ujuna gök halka ýasa, ikinji bäş perdäniň hem iň soňkusyna şeýle edilsin.
5 Birinji toplumyň iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasa we ikinji toplumyň soňkusyna-da elli halka ýasasynlar. Halkalar biri-biriniň garşysynda ýerleşsin.
6 Altyndan elli sany ildirgiç ýasat we perdeleri ildirgiç bilen biri-birine berkitdir. Şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar».
7 «Şeýle hem, geçiniň ýüňünden edilen on bir perdeden ybarat mukaddes çadyryň daşky örtügini ýasasynlar.
8 Daşky örtügiň perdesiniň uzynlygy otuz tirsek, ini dört tirsek bolsun. On bir perdäniň-de ölçegi deň bolsun.
9 Perdeleriň bäşisini biri-birine çatsynlar, galan altysyny hem şeýle etsinler. Altynjy perdäni çadyryň öň tarapynda iki gatlaň.
10 Birinji toplumyň ortasyndan iň soňkusynyň ujuna elli sany halka ýasaň, ikinji toplumyňka hem şeýle ediň».
11 «Soňra bürünçden elli sany ildirgiç ýasat. Ildirgiçleri halkadan geçirip, çadyry birleşdir, şonda çadyr tutuş bir bitewi bolar.
12 Perdeleriň galan bölegi, ýagny galan ýarysy çadyryň arka tarapyndan asylyp dursun.
13 Çadyryň perdeleriniň her iki gapdaly bir tirsek uzyn bolsun. Soňra näme artykmaç galsa, olary her iki tarapyndan çadyry örtmek üçin asyň.
14 Çadyr üçin goçuň eýlenen derisinden ýapynja ýasaň, onuň daşky örtügi üçin saýlama deriden ýene bir ýapynja ýasaň».
15 «Mukaddes çadyr üçin akasiýa agajyndan dikligine çarçuwalar ýasat.
16 Her çarçuwanyň uzynlygy on tirsek, ini bir ýarym tirsek bolsun.
17 Çarçuwalary biri-birine sepleşdirip durar ýaly, her çarçuwada iki sany gazyk bolsun. Çadyryň ähli çarçuwalary üçin şeýle edilsin.
18 Mukaddes çadyr üçin çarçuwalary ine şeýle ýasaň: günorta tarapy üçin ýigrimi sany çarçuwa ýasap,
19 şol ýigrimi çarçuwanyň aşagyndan kyrk sany kümüşden aýak ýasasynlar. Her çarçuwanyň aşagyndan onuň gazygy üçin iki sany aýak bolsun.
20 Çadyryň ikinji, demirgazyk tarapy üçin hem ýigrimi çarçuwa ýasaň.
21 Olaryň hem her çarçuwa ikiden, jemi kyrk sany kümüşden aýagy bolsun. Her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak bejert.
22 Çadyryň ýeňsesi bolan günbatar tarapy üçin alty çarçuwa ýasaň.
23 Çadyryň arka tarapyndaky burçlar üçin iki çarçuwa ýasaň.
24 Olar aşakdan hem, ýokardan hem bir halka birleşen bolmaly. Olaryň ikisi-de şeýle edilsin we olar iki burçy emele getirsin.
25 Şeýdip, sekiz sany çarçuwa bolup, her çarçuwanyň aşagyndan iki aýak ýasalyp, jemi on alty sany kümüşden aýagy bolsun».
26 «Akasiýa agajyndan taýaklar ýasat. Çadyryň bir tarapyndaky çarçuwalar üçin bäş taýak,
27 beýleki tarapyndaky çarçuwalar üçin hem bäşisini we arka tarapy bolan günbataryndaky çarçuwalar üçin bäşisini ýasasynlar.
28 Çarçuwalaryň ortasyndan geçýän taýak çadyryň bir ujundan beýleki ujuna çenli geçmelidir.
29 Çarçuwalary altyna gaplat. Taýaklary saklar ýaly altyndan halkalar ýasat. Taýaklary hem altyna gaplat.
30 Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur».
31 «Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan edilen tuty ýasat. Onuň ýüzüne owadan edip, kerubyň şekilini nagyşlap çeksinler.
32 Tutyny asmak üçin, akasiýa agajyndan dört sany sütün ýasat. Olary altyn bilen gaplaň. Bu sütünler üçin altyndan ildirgiçler ýasaň we kümüşden dört sany aýak hem ýasaň.
33 Tutyny ildirgiçden asyp, onuň iç tarapyna Äht sandygyny getir. Bu tuty siziň üçin mukaddes otag bilen iň mukaddes otagy biri-birinden aýyrsyn.
34 Iň mukaddes otagdaky Äht sandygynyň gapagyny getirip goý.
35 Hantagtany tutynyň daş tarapynda, çadyryň demirgazyk tarapynda goý. Şemdany bolsa hantagtanyň garşysynda, çadyryň günorta tarapynda goý.
36 Çadyryň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan ýapynja ýasat. Ol keşde bilen nagyşlansyn.
37 Bu ýapynja üçin akasiýa agajyndan bäş sany sütün dikip, olary altyna gaplat. Olaryň ildirgiçleri hem altyndan bolsun we olar üçin bäş sany bürünçden aýak ýasat».