Bap 28
«Ysraýyllaryň arasyndan agaň Haruny we onuň ogullaryny öz ýanyňa al. Harun we onuň ogullary Nadap, Abyhu, Elgazar we Ytamar Maňa ruhany bolup hyzmat etsinler.
2 Agaň Harunyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly, oňa ruhany geýimlerini tik.
3 Meniň ukyp beren ökde ussalarymyň hemmesine aýt: Meniň ruhanym bolmaga Harunyň bagyş edilmegi üçin, onuň ruhany geýimlerini tiksinler.
4 Olaryň tikjek geýimleri şulardan ybarat: gursakça, efot, don, nagyşly uzyn köýnek, selle we guşak. Agaň Harunyň we onuň ogullarynyň Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, bu ruhany geýimleri tikeniňizde,
5 altyn, gök, badam, gyrmyzy ýüplük we nepis zygyr ulansynlar».
6 «Ukyply ökde ussalar efoty altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tiksinler.
7 Her iki ujuny biri-birine baglaýan iki sany egin bagy bolup, ol hem berkidilsin.
8 Efotyň ýüzündäki nagyşly kemer hem edil efotyň tikilişi ýaly tikilsin, ol altyndan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan tikilsin.
9 Iki sany hakyk daşyny al we olaryň ýüzüne Ysraýylyň on iki oglunyň adyny oýup ýaz.
10 Olaryň dogluş tertibi boýunça altysynyň adyny bir daşa, beýleki altysynyň adyny başga bir daşa oýup ýaz.
11 Nakgaşlaryň oýup möhür basyşy ýaly, Ysraýylyň ogullarynyň atlaryny şu iki daşa oýup ýaz. Olary altyn öýjüklere oturt.
12 Ysraýylyň ogullary üçin ýatlama bolar ýaly, bu iki daşy efotyň egin bagyna dak. Rebbiň huzurynda ýatlanar ýaly, Harun olaryň atlaryny iki egninde göterip gezsin.
13 Gaşlar üçin altyndan iki sany öýjük ýasa.
14 Sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen iki sany zynjyr ýasa we şol örme zynjyrlary gaş öýjüklere berkit».
15 «Inçe nagyşlar bilen höküm gursakçasyny tik. Ony efot ýaly edip, altyn sapakdan, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyrdan dokalan matadan tik.
16 Gursakça iki gat bolup, uzynlygy bir garyş, ini hem bir garyş, dörtburç bolsun.
17 Gursakçanyň ýüzüne dört hatar gaş dak. Birinji hatarda goýy gyzyl, sary, zümerret gaşlary;
18 ikinji hatarda pöwrize, gök ýakut, almaz;
19 üçünji hatarda mämişi, ak we goňur ýakut, goýy gyrmyzy ýakut;
20 dördünji hatarda altyn-sary, hakyk we ýaşyl gaşlar bolsun. Olar altyn gaş öýjüklere oturdylsyn.
21 Ysraýylyň ogullarynyň atlaryna görä, gaşlar on iki sany bolup, on iki tiräniň hersiniň ady edil möhür basylan ýaly, her gaşyň ýüzüne oýulyp ýazylsyn.
22 Gursakça üçin sap altyndan ýüplük ýaly tow berlen zynjyrlar ýasa.
23 Gursakça üçin altyndan iki sany halka ýasa we olary onuň ýokarky iki ujuna dak.
24 Örme iki altyn zynjyry gursakçanyň ujundaky iki halkadan geçir.
25 Zynjyrlaryň beýleki iki ujuny iki gaş öýjügine, efotyň öň tarapyndaky eginbaglara berkit.
26 Altyndan ýene iki sany halka ýasap, olary gursakçanyň aşaky iki içki ujuna, efotyň içki gatyna dak.
27 Altyndan başga ýene iki sany halka ýasap, olary efotyň öň tarapyndaky eginbagynyň aşaky bölegine berkit. Olar efotyň nagyşly kemeriniň ýokarsynda ýerleşsin.
28 Gursakça efotdan sallanyp gaçmaz ýaly, onuň halkalary gök ýüp bilen efotyň halkalaryna daňylsyn. Şonda gursakça efotyň nagyşly kemeriniň ýüzünde durar.
29 Şeýlelikde, Harun mukaddes otaga girende, ýüzünde Ysraýylyň ogullarynyň atlary ýazylan bu höküm gursakçasyny ýüreginiň üstünden dakyp barsyn. Şonda Men Reb halkymy hemişe ýatlap duraryn.
30 Höküm gursakçada Urymy we Tummymy goý. Harun Meniň huzuryma gelende, olary ýüreginiň üstünden dakyp gelsin. Meniň huzurymda Harun hemişe hökümimi ysraýyllara ýetirip gezer».
31 «Efotyň aşagyndan geýilýän dony gök matadan tik.
32 Onuň ortasyndan kelle girip-çykar ýaly açyk ýer bolsun. Bu açyk ýeri ýyrtylmaz ýaly, oňa gyýa aýla.
33 Gök, badam, gyrmyzy ýüplükden naryň şekillerini ýasap, olary donuň aşaky etegine dak. Nar şekilleriniň arasynda altyndan edilen jaňjagazlar bolsun.
34 Şeýdip, nar şekilleri we altyn jaňjagazlar biri-biri bilen başaşa düzülsin.
35 Harun hyzmat edýän wagty bu dony geýsin. Ol Meniň huzuryma mukaddes otaga girende-çykanda jaňlaryň sesi eşidilip dursun. Şonda ol ölmez.
36 Sap altyndan bezeg şaýyny ýasa. Oýup möhür basylan dek, onuň ýüzüne Rebbe bagyş edilen diýen sözleri oýup ýaz.
37 Muny gök sapak bilen selläniň öň tarapyna berkit.
38 Harun muny maňlaýyna daksyn. Ysraýyllar Maňa bagyşlap, mukaddes sadakalaryny getirenlerinde günä etseler, olaryň günäsini Harun öz üstüne alsyn. Harun ony hemişe maňlaýyna daksyn, şonda olar Meniň huzurymda ýalkanarlar».
39 «Nepis zygyr matadan nagyşly uzyn köýnek we selle tik. Nagyşlar bilen keşdelenen bil guşagyny hem tik».
40 «Harunyň ogullarynyň hormatyny we owadanlygyny bezär ýaly olara köýnekler, bil guşaklar we baş daňylar tik.
41 Bulary agaň Haruna we onuň ogullaryna geýdir. Olar Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, olaryň başlaryna ýag çalyp belle we Maňa bagyş et.
42 Ýalaňaç ýerlerini ýapar ýaly, olara zygyr matadan bilinden buduna ýetip duran iç geýimlerini tik.
43 Harun we onuň ogullary bu geýimleri Rebbe ýüz tutulýan öýe girenlerinde ýa-da mukaddes otagda hyzmat etmek üçin gurbanlyk sypasynyň ýanyna gelenlerinde, ýa-da günäni öz üstlerine alanlarynda, ölmezlikleri üçin geýsinler. Bu Harun üçin we onuň soňky nesilleri üçin ebedilik kanun bolsun».