Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 10

Şundan soň Reb Musa: «Fyrownyň ýanyna git. Olaryň arasynda gudratly alamatlarymy görkezmek üçin, Men fyrowny we onuň emeldarlaryny doňýürek etdim.
2 Sen öz nesilleriňe we nebereleriňe Meniň müsürlileriň aňkasyny aşyryp, olaryň arasynda nähili gudratly alamatlar görkezendigimi gürrüň berersiň. Şonda siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz» diýdi.
3 Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde sen haçana çenli öz pespälligiňden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
4 Eger sen Meniň halkymy goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men ertir seniň ýurduňa çekirtge ibererin.
5 Çekirtgeler ýeriň ýüzüni örterler, olardan ýaňa ýeriň üsti görünmez. Doly ýagandan soňky galan zatlaryňyzy we meýdandaky ösüp oturan her bir agaçlaryňyzy çekirtgeler iýerler.
6 Seniň öýleriň, ähli emeldarlaryňyň we tutuş müsürlileriň öýleri çekirtgeden dolar. Dünýä ineli bäri, şu güne çenli şeýle zady siziň ata-babalaryňyz hem gören däldir“». Soňra Musa yzyna öwrülip, fyrownyň ýanyndan çykyp gaýtdy.
7 Fyrownyň emeldarlary gelip, oňa: «Bu adam haçana çenli bize duzak boljakka? Halky goýber, goý, gidip, Hudaýy Rebbe ybadat etsin. Müsüriň weýran bolýandygyna sen näme entek hem düşüneňokmy?» diýdiler.
8 Şeýdip, Musa bilen Haruny yzyna, fyrownyň ýanyna çagyrdylar. Fyrown olara: «Gidiň-de, Hudaýyňyz Rebbe ybadat ediň! Ýöne sizden kimler gider?» diýip sorady.
9 Musa oňa: «Biz garry-ýaşlarymyz bilen, ogul-gyzlarymyz bilen, mal-garadyr dowarlarymyz bilen bile gideris, sebäbi biz Rebbiň şanyna baýram etmeli» diýdi.
10 Fyrown olara: «Eger siz aýallaryňyz we oglan-uşaklaryňyz bilen gitmäge menden rugsat alyp bilen günüňiz, goý, Reb sizlik bolsun! Görýäňizmi, siziň päliňiz düzüw däl eken.
11 Ýok. Rebbe ybadat etmäge diňe erkekleriňiz gider, siziň öz islegiňiz hem şudy ahyryn» diýdi. Soňra Musa bilen Harun fyrownyň huzuryndan kowuldylar.
12 Şundan soň, Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy Müsür topragyna urup, çekirtgeler çykar. Olar Müsür ýurduna çozarlar we doly ýagandan soňky galan ähli zatlary, ähli bag-bakjalary iýerler» diýdi.
13 Şeýlelikde, Musa elindäki hasasyny Müsür topragyna urup çykdy. Reb şol gün uzakly gün we uzakly gije gündogar ýelini turuzdy. Ertesi irden bu gündogar ýeli çekirtgeler getirdi.
14 Çekirtgeler tutuş Müsür topragyna inip, tutuş ýurdy boýdan-başa eýelediler. Şeýle san-sajaksyz çekirtge sürüsi hiç haçan öňem-soňam bolmadyk, indi hem bolmajak, görlüp-eşidilmedik zatdyr.
15 Çekirtgeler tutuş ýurduň ýüzüni örtendigi sebäpli, ýeriň üsti garalypdy. Olar ýurtdaky doly ýagandan soňky galan ähli bag-bakjalary we ähli agaçlaryň miwelerini iýdiler. Tutuş Müsür topragynda ne agaç, ne-de bag-bakja galdy, ýekeje-de ýaşyl zat galmandy.
16 Fyrown derrew Musa bilen Haruny çagyrdyp, olara: «Bu bolan ähli zatdan soň, men ýene-de siziň we Hudaýyňyz Rebbiň garşysyna günä etdim.
17 Şonuň üçin hem indi meniň günämi ötüň we bu nejis betbagtçylygyň menden aýrylmagyny sorap, ýene-de birje gezek Hudaýyňyz Rebbe dileg edäýiň» diýdi.
18 Şeýdip, Musa fyrownyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.
19 Reb hem şemaly günbatardan örän güýçli öwüsýän şemala öwrüp, çekirtgeleri syryp-süpürip, Gyzyl deňzine getirip taşlady. Tutuş Müsür ýurdunda ýekeje-de çekirtge galmady.
20 Emma Reb fyrowny ýene-de doňýürek etdi, ol ysraýyllary goýbermedi.
21 Şundan soň Reb Musa: «Eliňdäki hasaňy asmana uzat, şonda Müsüriň içine garaňky düşer, tüm-garaňkylyk gaplap alar» diýdi.
22 Şeýdip, Musa elindäki hasasyny asmana uzatdy we tutuş Müsüriň içinde üç günläp tüm garaňkylyk boldy.
23 Olar hatda bir-birlerini hem görüp bilmediler. Üç günläp olaryň hiç biri hiç ýere gozganyp hem bilmedi, emma ähli ysraýyllaryň ýaşaýan ýerinde ýagtylyk boldy.
24 Soň fyrown Musany ýanyna çagyrdyp, oňa: «Baryň, gidip, Rebbe ybadat ediň. Çagalaryňyz hem siziň bilen gidibersin, ýöne diňe sygyrlaryňyz bilen dowarlaryňyz bärde galsyn» diýdi.
25 Emma Musa: «Sen Hudaýymyz Rebbe mal-garalarymyz bilen sadakalarymyzdyr ýakma gurbanlyklarymyzy bermäge-de rugsat etmelisiň.
26 Biz mal-garalarymyzy hökman özümiz bilen alyp gitmeli, bärde ýekeje-de toýnakly galmaz. Biz olary Hudaýymyz Rebbe ybadat etmek üçin äkitmeli. Ol ýere baryp ýetýänçäk, biz Rebbe näme bilen ybadat etmelidigini bilemzok» diýdi.
27 Emma Reb fyrowny doňýürek etdi, ol ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi.
28 Soňra fyrown Musa jogap berip: «Gümüňi çek şu ýerden. Özüňden habardar bol! Gaýdyp meniň gözüme görünme. Çünki meniň gözüme görnen günüň, şol pursatda ölersiň» diýdi.
29 Musa hem oňa: «Aýdyşyň ýaly bolar! Men indi hiç haçan seniň gözüňe görünmerin» diýdi. ‎