Müsürden çykyş

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28 29 30 31 32 33 34 35 36 37 38 39 40


Bap 29

«Harun we onuň ogullary Meniň ruhanym bolup hyzmat etmekleri üçin, olary Maňa şeýle bagyş et: Bir sany ýaş öküzçe we hiç bir şikessiz iki sany goç al.
2 Petir, ýaga ýugrulan külçe we ýüzüne ýag çalnan ýuka petir bişir. Olaryň hemmesini bugdaý unundan bişir.
3 Olary bir sebede salyp getir, şeýle hem, öküzi we iki goçy hem getir.
4 Haruny we onuň ogullaryny Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesine getir we olary suw bilen ýuwundyr.
5 Soňra ruhany geýimleri bolan uzyn köýnegi, dony, efoty we gursakçany getirip, Haruna geýdir. Efotyň nagyşly kemerini dak.
6 Onuň başyna selläni geýdir. Sellesine mukaddes ýazgyny berkit.
7 Zeýtun ýagy alyp, onuň başyna çal. Şeýdip ony saýla.
8 Soňra onuň ogullaryny getir we olara hem uzyn köýnekleri geýdir.
9 Olara bil guşaklaryny daň we başdaňylaryny daň. Haruny we onuň ogullaryny ruhany edip belle. Ruhanyçylyk olar üçin ebedilik kanun bolsun.
10 Maňa ýüz tutulýan çadyryň öňüne öküzi getir. Harun we onuň ogullary ellerini öküziň kellesine goýsunlar.
11 Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde, Meniň huzurymda öküzi soý.
12 Öküziň ganyndan alyp, barmagyň bilen gurbanlyk sypasynyň ýokary çykyp duran burçlaryna çal. Galan ganyň hemmesini gurbanlyk sypasynyň aýagyna dök.
13 Içýagynyň hemmesini al, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen al. Olary gurbanlyk sypasynda ýak.
14 Emma öküziň läşimi, onuň derisini, içgoşuny düşelgäniň daşynda ýak. Bu günä gurbanlygydyr».
15 «Soňra goçlaryň birini al. Harun we onuň ogullary goçuň kellesine ellerini goýsunlar.
16 Goçy soýup, ganyny al we ony gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.
17 Soň goçy böleklere böl. Onuň içgoşlaryny we aýaklaryny ýuwup, kellesini bir aýry, aýaklaryny bir aýry edip goý.
18 Gurbanlyk sypasynyň üstünde tutuş goçy ýak. Bu Meniň üçin ýakma gurbanlygydyr. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
19 «Beýleki goçy al. Harun we onuň ogullary ellerini goçuň kellesine goýsunlar.
20 Goçy soýup, ganyny al. Ony Harunyň we onuň ogullarynyň sag gulaklarynyň ýumşak ýerine çal. Şeýle hem, olaryň sag elleriniň we sag aýaklarynyň başam barmaklaryna çal. Galan gany bolsa gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serp.
21 Soňra gurbanlyk sypasynyň üstündäki gandan alyp, mesh ýagyny hem alyp, olary Harunyň hem onuň ogullarynyň üstüne we geýimlerine serp. Şeýdip, Harun we onuň geýimleri, şeýle hem onuň ogullary we olaryň geýimleri Maňa bagyş ediler».
22 «Şeýle hem, goçuň ýagyny, guýruk ýagyny, içýagyny, bagryň ýüzündäki ýagly perdäni, iki böwregini daşynyň ýagy bilen we sag buduny al. (Çünki bu goç ruhanyçylyga bellemek üçindir.)
23 Meniň huzurymdaky çörekler salnan sebetden bir petir, ýaga ýugrulan bir külçe we bir sany hem ýüzüne ýag çalnan ýuka petir al.
24 Olaryň hemmesini Harunyň we onuň ogullarynyň aýasyna ýerleşdir. Meniň huzurymda olary göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyr.
25 Soňra bulary olaryň elinden alyp, ýakma gurbanlygynyň üstünde goýup ýak. Huzurymda ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar».
26 «Haruny ruhanyçylyga bellemek üçin, soýlan goçuň döşüni al we ony Meniň huzurymda göterme sadakasy edip ýokary galdyr. Ol döş seniň paýyň bolar.
27 Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçuň döşüni göterme sadakasy we buduny üwreme sadakasy hökmünde Maňa bagyş et. Bular Haruna we onuň ogullaryna berilmelidir.
28 Bu ysraýyllar tarapyndan ebedilik kanun bolup, Haruna we onuň ogullaryna berilsin. Çünki bu sadaka ysraýyllaryň Reb üçin berýän salamatlyk sadakasyndan alyp, ruhanylara berilýän sadaka bolsun».
29 «Harunyň mukaddes lybasy özünden soň ogullaryna galsyn. Olar şol geýimlerde mesh edilsin we ruhanyçylyga bellensinler.
30 Harunyň ýerine ruhany bolan ogly ol geýimleri Maňa ýüz tutulýan öýe gelip, mukaddes otagda hyzmat edýän wagty geýsin».
31 «Ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan goçy alyp, onuň etini mukaddes ýerde gaýnadyň.
32 Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde Harun we onuň ogullary goçuň etini we sebetdäki çöregi iýsinler.
33 Ruhanyçylyga bellenip, özlerini bagyş etmekleri üçin, bu günäden saplama gurbanlygynyň naharyndan özleri iýsinler. Emma bulardan başga hiç kim mundan iýmeli däldir, sebäbi bu nahar mukaddesdir.
34 Eger ruhanyçylyga bellemek üçin soýlan malyň etinden ýa-da çörekden iýilmän ertir daňdana galsa, ony otda ýakyň. Ol iýilmeli däldir, sebäbi ol mukaddesdir».
35 «Haruny we onuň ogullaryny edil Meniň buýruşym ýaly, ýedi günden soň Maňa ruhanyçylyga belle.
36 Şeýle hem, günäden saplanmak üçin, her gün bir öküzi günä gurbanlygy edip ber. Gurbanlyk sypasyny günäden saplamak üçin, günä gurbanlygyny ber we onuň üstüne ýag sepeläp mukaddes et.
37 Gurbanlyk sypasy üçin ýedi günläp saplama geçirip, ony mukaddes et. Şonda gurbanlyk sypasy iň mukaddes bolar. Ony ellän kişi hem mukaddes bolar».
38 «Ynha, gurbanlyk sypasynda ýakyp bermeli gündelik gurbanlyklaryňyz: iki sany birýaşar tokly.
39 Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý.
40 Birinji tokly bilen bir okara saýlama bugdaý ununa bir küýze zeýtun ýagyny garyp ber. Bir küýze şerap guýup, içgi sadakasy üçin ulanyň.
41 Agşamyna hem ertirine edişiň ýaly et. Beýleki toklyny soýup, onuň bilen hamyr we şerap ber. Ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ýakymly ysy Maňa ýaraýar.
42 Huzurymdaky Maňa ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde bu adaty ýakma gurbanlygyny nesilme-nesil ýerine ýetir. Siziň bilen gepleşmek üçin, ol ýerde Men siziň bilen duşuşaryn.
43 Ol ýerde Men ysraýyllar bilen duşuşaryn. Ol ýer Meniň şöhratym bilen mukaddes bolar.
44 Maňa ýüz tutulýan çadyry we gurbanlyk sypasyny mukaddes ederin. Şeýle hem, Maňa ruhany bolup hyzmat etmekleri üçin, Haruny we onuň ogullaryny Özüme bagyş ederin.
45 Men ysraýyllaryň arasynda ýaşaryn we olaryň Hudaýy bolaryn.
46 Aralarynda ýaşamak üçin olary Müsürden alyp çykan olaryň Hudaýy Rebbiň Mendigimi bilsinler. Olaryň Hudaýy Reb Mendirin». ‎