Resullaryň Işleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 7

Baş ruhany: «Bu zatlar şeýlemidir?» diýip sorady.
2 Stefanus şeýle diýdi: «Eý doganlar, atalar! Gulak asyň, şöhratly Hudaý biziň atamyz Ybraýyma Haranda oturmazyndan öň, Mesopotamiýadaka aýan boldy.
3 Oňa: „Ýurduňdan, kowum-garyndaşyň ýanyndan çyk-da, Meniň saňa görkezjek ýurduma git" diýdi.
4 Şeýlelikde, ol keldanylar ýurdundan çykyp, Haranda oturdy; atasy ölenden soň bolsa Hudaý ony siziň häzirki oturýan ýurduňyza göçürdi.
5 Hudaý bu ýerden oňa aýak basarlyk-da miras bermedi, ýöne heniz perzendi ýokka, bu ýurdy mülk hökmünde Ybraýyma, ondan soň hem zürýadyna bermegi wada etdi.
6 Hudaý şeýle diýdi: „Seniň zürýadyň bir ýat ýurtda dört ýüz ýyllap mysapyrlyk çeker, olary gul edip gysarlar".
7 Hudaý: „Men olary gul eden milleti höküm ederin. Onsoň olar çykyp, şu ýerde maňa gulluk ederler" diýdi.
8 Hudaý Ybraýyma sünnet ähtini berdi. Şeýlelikde, ondan Yshak önende, sekizinji güni ony sünnetledi. Yshakdan bolsa Ýakup, Ýakupdan-da on iki uly ata öndi.
9 Uly atalar Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satdylar; ýöne Hudaý onuň bilendi.
10 Ol Ýusuby ähli muşakgatlaryndan halas etdi, Fyrownyň ― Müsür patyşasynyň huzurynda oňa mähir, akyldarlyk berdi. Fyrown ony Müsüriň we tutuş köşgüň häkimi edip goýdy.
11 Ine, bütin Müsür we Kengan ýurduna açlyk hem uly muşakgat indi. Atalarymyz hem iýmit tapmadylar.
12 Ýakup Müsürde galla barlygyny eşidip, atalarymyzy ilkinji gezek ol ýere ýollady.
13 Ikinji gezekde bolsa Ýusup doganlaryna özüni tanatdy. Şeýlelikde, Ýusubyň asly fyrowna belli boldy.
14 Ýusup adam ýollap, atasy Ýakuby, ýetmiş bäş adamdan ybarat bolan bütin garyndaşlaryny çagyrdy.
15 Şeýlelikde, Ýakup Müsüre gitdi. Ýakupdyr atalarymyz şol ýerde wepat boldular.
16 Olary Şekeme äkidip, Ybraýymyň Şekemde Hamor ogullaryndan pul berip satyn alan mazarynda jaýladylar.
17 Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi.
18 Şeýlelikde, Ýusuby tanamaýan başga bir patyşa tagta çykdy.
19 Bu urugymyza hilegärlik etdi, atalarymyzy gysyp başlady, çagalaryny diri galmaz ýaly, daşary taşlamaga mejbur etdi.
20 Şol wagt Musa eneden doguldy. Hudaý ony eý görýärdi. Musa üç aý atasynyň öýünde eklendi.
21 Ýöne daşary taşlanandan soň, fyrownyň gyzy ony alyp, özüne ogul edindi, ekledi.
22 Musa müsürlileriň ähli bilimlerinden sapak berildi, ol sözlerinde, işlerinde güýçlüdi.
23 Kyrk ýaşyna ýetenden soň, Musa doganlaryny, Ysraýyl ogullaryny sorap-idemegi ýüregine düwdi.
24 Biriniň adalatsyzlyga sezewar edilenini görüp, oňa arka çykdy, ýaňky müsürlini öldürip, ezileniň aryny aldy.
25 Musa Hudaýyň öz eli bilen gutulyş berýänligine doganlary düşüner öýdýärdi, ýöne olar muňa düşünmediler.
26 Ertesi gün iki adam dawalaşyp durka, Musa ýanlarynda peýda bolup, olary ýaraşdyrmaga synanyp: „Eý adamlar, siz dogan ahyryn, nämä biri-biriňize adalatsyzlyk edýärsiňiz?" diýdi.
27 Öz ýakynyna adalatsyzlyk edýän adam ony itekläp şeýle diýdi: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?
28 Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni-de öldürmekçimisiň?"
29 Musa bu sözi eşidenden gaçyp, Midiýan ýurdunda mysapyrlyk çekdi. Şol ýerde ondan iki ogul öndi.
30 Kyrk ýyl dolanda, Sina dagynyň töweregindäki çölde lowlap duran bir çalynyň ýalnynda oňa Rebbiň bir perişdesi göründi.
31 Musa bu görnüşi görende geňirgendi. Ol siňe seretjek bolup, ýakynlaşanda, Rebbiň sesi eşidildi:
32 „Men seniň atalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn". Ine, şonda Musa titräp başlady, seretmäge ýürek etmedi.
33 Reb oňa şeýle diýdi: „Aýaklaryňdan çarygy çykar, çünki üstünde duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr.
34 Men halkymyň Müsürde horlanýanyny gördüm, olaryň nalasyny eşitdim, olary halas etmek üçin aşak indim. Indi, gel, men seni Müsüre iberjek".
35 Hudaý olaryň: „Kim seni bize başlyk ýa kazy edip goýdy?" diýip inkär eden bu Musasyny oňa çalyda görnen perişdäniň üsti bilen başlyk we halasgär edip ýollady.
36 Musa Müsür ýurdunda, Gyzyl deňizde we çölde kyrk ýyllap gudratlar hem alamatlar görkezip, olary daşary çykardy.
37 Ysraýyl ogullaryna: „Reb Hudaýyňyz doganlaryňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar, oňa gulak asyň" diýen Musadyr.
38 Sina dagynda özi bilen gepleşen perişde we atalarymyz bilen çölde toplanan ýygnakda bolan, bize bermek üçin diri sözler alan hem şoldur.
39 Atalarymyz oňa boýun bolman, ony ret edip, ýüreklerini Müsüre tarap öwürdiler.
40 Olar Haruna: „Bize öňümizden ýörär ýaly taňrylar ýasap ber, çünki bizi Müsür ýurdundan çykaran Musa näme bolanyny bilmeýäris" diýdiler.
41 Şol günlerde bir göle ýasadylar, bu buta gurbanlyk berip, öz elleriniň işlerine guwandylar.
42 Şeýlelikde, Hudaý dönüp, olary Gök goşunyna gulluk etmäge berdi. Ine, pygamberler kitabynda şeýle ýazylgydyr: „Eý, Ysraýyl öýi! Siz kyrk ýyllap çölde maňa gurbanlyklar, sowgatlar berdiňizmi?
43 Siz Molokuň çadyryny, taňryňyz Refanyň ýyldyzyny we sežde etmek üçin ýasan suratlaryňyzy göterdiňiz. Men sizi Babylyň aňyrsyna göçürerin".
44 Atalarymyzyň çölde mukaddes çadyry bardy. Musa muny özi bilen Gepleşeniň buýruşy ýaly, gören suraty boýunça ýasapdy.
45 Muny atalarymyz nobatma-nobat göterip, Ýeşuwyň ýolbaşçylygynda Hudaýyň atalarymyzyň öňünden kowup çykaran başga milletleriniň ýurduna getirdiler; ol Dawudyň günlerine çenli şol ýerde galdy.
46 Dawut Hudaýyň mährini gazanansoň, Ýakubyň Hudaýyna bir mesgen salmaga rugsat diledi.
47 Muňa garamazdan, Hudaýa öý salan Süleýman boldy.
48 Ýöne hemmelerden beýik Bolan ynsan eli bilen salnan jaýlarda ýaşamaz. Ine, pygamber şeýle diýýär:
49 „Gök ― Meniň tagtym, Ýer aýaklarymyň basgançagydyr. Siz Maňa nähili öý saljak?" Reb şeýle diýýär: „Ýa-da haýsy ýer Meniň dynçlyk mekanym bolar?
50 Bularyň baryny Öz elim ýaratmadymy?"
51 Eý boýnuýogynlar, ýürek we gulaklary sünnetsizler! Siz Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz. Atalaryňyzyň edişi ýaly, siz-de şeýle edýärsiňiz.
52 Pygamberleriň haýsysyna atalaryňyz azar bermedi? Olar ol Adylyň geljegini öňünden yglan edenleri öldürdiler. Siz-de, ine, Oňa hyýanat etdiňiz, Ony öldürdiňiz,
53 eý, Mukaddes Kanuny perişdeleriň tertipleşdirişi ýaly alyp-da, ony tutmadyklar!»
54 Olar muny eşidenlerinde, gahar-gazaba münüp, Stefanusa dişlerini gyjadylar.
55 Mukaddes Ruh bilen doly bolan Stefanus Göge seredip, Hudaýyň şöhratyny, Hudaýyň sagynda duran Isany görüp:
56 «Men Gögüň açykdygyny, Ynsan Oglunyň Hudaýyň sagynda durandygyny görýärin» diýdi.
57 Şonda olar batly gygyryşyp, gulaklaryny tutuşyp, hemmesi birden Stefanusyň üstüne topuldylar.
58 Ony şäherden daşary çykaryp daşladylar. Güwäler öz geýimlerini Saul atly bir ýaş ýigidiň öňünde goýdular.
59 Olar Stefanusy daşlap durkalar, ol Rebbi çagyryp: «Ýa Reb, Isa! Meniň ruhumy kabul et!» diýdi.
60 Onsoň dyza çöküp, batly gygyryp: «Ýa Reb! Bu günäni olara ýazma!» diýdi. Muny aýdandan soň bolsa ol jan berdi.