Resullaryň Işleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 1

Eý Teofilus! Men ilkinji kitabymy Isanyň Öz saýlan resullaryna Mukaddes Ruh arkaly buýruk bereninden soň, Onuň tä Göge alnan gününe çenli etmäge we öwretmäge başlan ähli zatlary hakda ýazdym.
3 Ol görgüsinden soň hem kyrk günüň dowamynda resullara göründi, Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berip, köp kesgitli alamatlar bilen Özüniň diridigini olara görkezdi.
4 Olar bilen bile bolan wagty olara buýruk berdi: «Iýerusalimden aýrylman, Atanyň wadasyna garaşyň. Siz ol wadany menden eşitdiňiz.
5 Çünki Ýahýa suw bilen çokundyrdy, ýöne siz ýene birnäçe günden Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz».
6 Indi bular özara ýygnanyşanlarynda Ondan soradylar: «Ýa Reb, Ysraýyl üçin patyşalygy gaýtadan şu wagt berkarar etjekmi?»
7 Isa olara şeýle diýdi: «Atanyň Öz ygtyýaryna tabyn eden wagt ýa möwsümlerini bilmek siziň işiňiz däl.
8 Ýöne Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, Ýeriň tä soňuna çenli Meniň şaýatlarym bolarsyňyz».
9 Isa bulary aýdandan soň, olaryň gözleriniň alnynda ýokary galdyryldy, bir bulut Ony olaryň nazaryndan gizledi.
10 Ol barýarka, olar hem Göge bakyşyp durkalar, ine, ýanlarynda egni ak eşikli iki adam durup, şeýle diýdiler:
11 «Eý, jelileli adamlar! Nämä bu ýerde Göge bakyşyp dursuňyz? Isa Göge alyndy. Ol gidişi ýaly, gaýdyp hem geler».
12 Ine, şonda olar Zeýtun dagy diýen dagdan Iýerusalime öwrüldiler. Bu dag Iýerusalime ýakyn bolup, bir sabat günlük ýoldur.
13 Şähere girenlerinde Petrus, Ýahýa, Ýakup, Andreas, Filipus, Tomas, Bartolomeus, Matta, Alfeusyň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubuň ogly Iuda öz bolýan balahanalaryna çykdylar.
14 Bularyň bary aýallar, Isanyň ejesi Merem we Onuň doganlary bilen bile bir adam ýaly bolup, üznüksiz doga we dileg edýärdiler.
15 Şol günlerde Petrus sany ýüz ýigrimä golaý bolan doganlaryň ortasynda ýokary turup, şeýle diýdi:
16 «Eý doganlar! Isany tutanlara ýolbaşçylyk eden Iuda hakda Mukaddes Ruhuň Dawudyň agzy bilen ozaldan bildiren ýazgysy berjaý bolmalydy.
17 Çünki ol bizden saýylyp, bu gullukdan paý aldy.
18 Bu adam ýamanlyk muzdy bilen bir ekin meýdanyny satyn aldy. Soň ýere ýüzin ýykylyp, ortadan iki ýaryldy, bütin içegeleri döküldi.
19 Bu ähli Iýerusalim ilatyna belli boldy; şoňa görä-de ol ekin meýdanyna öz dillerinde „Hakeldama", ýagny „Gan meýdany" diýdiler.)
20 Çünki Zebur kitabynda: „Onuň mesgeni çolarsyn, içinde ýaşan bolmasyn, wezipesini başga biri alsyn" diýip ýazylgydyr.
21 Munuň üçin Reb Isanyň biziň aramyzda girip-çykan bütin zamanynyň dowamynda,
22 Ýahýanyň çokundyrmasyndan başlap, tä Onuň bizden ýokary alnan gününe çenli bize hemra bolan adamlaryň biri Onuň direlişine biziň bilen birlikde güwä geçsin».
23 Şeýlelikde, iki adamy, lakamy Ýustus bolup, Barsaba diýilýän Ýusup bilen Mattiýasy teklip etdiler.
24 Onsoň doga edip diýdiler: «Eý hemmäniň ýüregini bilýän Hudaý! Bu ikisinden haýsysyny saýlan bolsaň, görkez;
25 ol Iudanyň öz ýerine gitmek üçin terk eden bu gulluk we resullyk paýyny alsyn».
26 Olar üçin bije atdylar; bije Mattiýasa düşüp, ol on bir resuluň hataryna girdi.