Resullaryň Işleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 16

Pawlus Derbe we Listra-da geldi; ine, ol ýerde ejesi imanly ýehudy we kakasy grek bolan Timoteus atly bir şägirt bardy.
2 Onuň Listradaky we Konýadaky doganlaryň arasynda ýagşy ady bardy.
3 Pawlus Timoteusy özi bilen äkitmek isleýärdi. Şonuň üçin ol etrapdaky ýehudylar sebäpli ony alyp, sünnetledi, çünki hemmeler Timoteusyň kakasynyň grekdigini bilýärdi.
4 Olar şäherleriň içinden geçip, Iýerusalimdäki resullar we ýolbaşçylar tarapyndan kabul edilen kararlara eýermekligi doganlara tabşyrýardylar.
5 Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkeşýärdi, sanlary gün-günden artýardy.
6 Sözi Aziýada wagyz etmeleri Mukaddes Ruh tarapyndan bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.
7 Olar Misiýa serhetlerine gelip, Bitiniýa gitjek bolanlarynda, Isanyň Ruhy muňa rugsat etmedi.
8 Onsoň Misiýadan geçip, Troasa indiler.
9 Şol gije Pawlus görnüş gördi: makedoniýaly bir adam onuň garşysynda durup, ýalbaryp: «Makedoniýa gel, bize ýardam et!» diýdi.
10 Pawlus bu görnüşi görenden soň, Reb bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, derrew Makedoniýa gitmek bilen bolduk.
11 Şeýlelikde, Troasdan gämi bilen göni Samotrakiýa, ertesi hem Neapolise,
12 ol ýerden-de Makedoniýa welaýatynyň birinji şäheri hem Rim koloniýasy bolan Filipä gelip ýetdik. Bu şäherde birnäçe günläp galdyk.
13 Sabat güni şäher derwezesinden daşaryk, derýa ýakasyna çykdyk. Bu ýerde adat boýunça doga edilýärdi. Onsoň ýygnanan aýallara oturyp gürrüň berdik.
14 Tiýatira şäherinde gyrmyzy geýim söwdagäri bolan, Hudaýa ybadat edýän Lidiýa atly bir aýal bizi diňledi; Pawlusyň aýdýanlaryna üns bermegi Reb onuň ýüregine guýupdy.
15 Ol aýal öý-içersi bilen çokundyrylandan soň ýalbaryp: «Meni Rebbe wepaly saýýan bolsaňyz, geliň-de, öýümde galyň» diýip, bizi yrdy.
16 Soňra doga okalýan ýere barýarkak, pal atmaklyk bilen hojaýynlaryna uly gazanç getirýän, palçy ruhly bir kenize duş geldik.
17 Bu gyz Pawlus dagymyzyň yzymyza düşüp: «Bu adamlar hemmelerden beýik Hudaýyň gullary, olar bize gutulma ýoluny wagyz edýärler!» diýip gygyrýardy.
18 Ol gygyrmasyny ençeme günläp dowam edensoň, Pawlus gaty tolgundy, yzyna öwrülip, ruha: «Onuň içinden çykmagy Isa Mesihiň adyndan saňa buýurýaryn!» diýdi. Ruh şol sagadyň özünde daşary çykdy.
19 Onuň hojaýynlary gazanç umytlarynyň elden gidenini görüp, Pawlus bilen Silasy tutup, bazara, başlyklaryň öňüne süýrediler.
20 Olary häkimleriň ýanyna getirip, şeýle diýdiler: «Bu adamlar şäherimizi bulam-bujar edýärler, özlerem ýehudy.
21 Biz rimlilere kabul edilmegi, berjaý edilmegi rugsat edilmedik adatlary wagyz edýärler!»
22 Halaýyk hem olara garşy aýaga galdy. Şeýlelikde, häkimler: «Egin-eşiklerini sypyryp, taýak bilen urmaly» diýen buýrugy berdiler.
23 Köp taýaklanlaryndan soň, zyndana saldylar-da, türmeçä olary berk saklamagy buýurdylar.
24 Ol-da şeýle buýruk alansoň, olary içki tussaghana salyp, aýaklaryna künde baglady.
25 Gije ýaryma golaýlanda, Pawlus bilen Silas doga edip, Hudaýa öwgüli nagmalar aýdýardylar, tussaglar hem olary diňleýärdi.
26 Birdenkä Ýer güýçli titredi, tussaghananyň binalary sarsyp, birbada ähli gapylar açyldy, hemmäniň zynjyrlary çözüldi.
27 Ukudan oýanan türmeçi zyndanyň gapylarynyň açykdygyny görüp, tussaglar gaçandyr öýtdi-de, özüni öldürjek bolup, gylyjyny syrdy.
28 Emma Pawlus gaty ses bilen: «Özüňe tyg çekme, biziň hemmämiz şu ýerde!» diýip gygyrdy.
29 Türmeçi çyra getirdip, içerik kürsäp girdi-de, sandyrap, Pawlus bilen Silasyň öňünde ýere ýykyldy.
30 Olary daşary çykaryp: «Eý agalar! Men gutulmak üçin näme etmeli?» diýdi.
31 Olar hem: «Reb Isa iman et, öý-içeriň bilen gutularsyň» diýdiler.
32 Şeýlelikde, oňa we öýündäkileriň baryna Rebbiň sözüni aýtdylar.
33 Türmeçi gijäniň şol sagadynda olary alyp, ýaralaryny ýuwdy-da, derrew öý-içersi bilen çokundyryldy.
34 Onsoň olary öýüne äkidip, öňlerine saçak ýazdy, Hudaýa iman getirdik diýip, bütin öý-içersi bilen şatlandy.
35 Gün doganda, häkimler garawullary ýollap: «Hälki adamlary boşat» diýdiler.
36 Türmeçi hem bu sözleri Pawlusa habar berip: «Häkimler sizi boşatmak üçin adam ýollapdyr; indi çykyň-da, sag-aman ýola düşüň» diýdi.
37 Emma Pawlus olara şeýle diýdi: «Olar Rim graždanlary bolan bizi hökümsiz halk öňünde ýençdiler, zyndana taşladylar, indi bolsa ogrynça daşaryk çykarjak bolýarlarmy? Bu bolmaz! Bizi özleri gelip çykarsynlar».
38 Garawullar hem bu sözleri häkimlere habar berdiler. Häkimler olaryň rimlidiklerini eşidenlerinde gorkdular.
39 Gelip ýalbardylar, olary daşary çykaryp, şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.
40 Pawlus bilen Silas zyndandan çykyp, Lidiýanyň öýüne bardylar, doganlary görüp, olara göwünlik berenlerinden soň ýola düşdüler.