Resullaryň Işleri

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21 22 23 24 25 26 27 28


Bap 25

Festus welaýata gelenden üç gün soň, Kaýsariýadan Iýerusalime gitdi.
2 Baş ruhanylar bilen ýehudylaryň ululary oňa Pawlusyň üstünden şikaýat etdiler.
3 Ondan haraý isläp, Pawlusy Iýerusalime getirtmegi haýyş etdiler. Olar buky gurap, Pawlusy ýolda öldürmegiň niýetindediler.
4 Festus Pawlusyň Kaýsariýada zyndandadygyny, özüniň bolsa basym ol ýere gitjekdigini aýtdy.
5 Onsoň: «Araňyzdaky sözi ötýän adamlar meniň bilen gelip, ol adamyň ýazykly ýeri bar bolsa, ony aýyplasynlar» diýdi.
6 Ol olaryň arasynda sekiz-on günden artyk galman, Kaýsariýa gaýtdy. Ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, Pawlusyň getirilmegini buýurdy.
7 Pawlus gelende, Iýerusalimden baran ýehudylar onuň daşyny alyp, oňa subut edip bilmedik köp hem agyr aýyplaryny ýöňkediler.
8 Pawlus özüni gorap: «Men ne ýehudylaryň kanunyna, ne ybadathana, ne-de kaýsara garşy günä etdim» diýdi.
9 Festus ýehudylaryň göwnünden turmak üçin, Pawlusa: «Iýerusalime gidip, şol ýerde bu babatda üstüňden höküm çykarmagymy isleýärsiňmi?» diýdi.
10 Emma Pawlus şeýle diýdi: «Men kaýsaryň höküm kürsüsi öňünde durun, meniň üstümden şu ýerde höküm çykarylmalydyr; men ýehudylara hiç bir ýamanlyk edemok, muny seniň özüň hem oňat bilýänsiň.
11 Men ýamanlyk eden bolsam ýa ölüme mynasyp etmiş eden bolsam, ölümden gaçmaýaryn; bularyň maňa ýöňkeýän aýyplary esassyz bolsa, onda hiç kim meni bularyň eline berip bilmez. Men dawamy kaýsara arz edýärin».
12 Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaňy kaýsara arz etdiň, kaýsara-da gidersiň» diýdi.
13 Birnäçe gün geçenden soň, Agrippa patyşa bilen Beriniki Kaýsariýa, Festusa salama geldiler.
14 Olar köp wagt ol ýerde galanlaryndan soň, Festus Pawlusyň işini patyşa gürrüň berip, şeýle diýdi: «Feliksiň tussag edip goýan bir adamy bar.
15 Men Iýerusalimdekäm, ýehudylaryň baş ruhanylary, ýaşululary oňa garşy höküm sorap, onuň üstünden şikaýat etdiler.
16 Men olara: „Aýyplanýany şikaýatçylary bilen ýüzleşdirmän, oňa ýöňkelýän aýyp barada özüni goramaga pursat bermän, höküm etmek rimlileriň adaty däldir" diýip jogap berdim.
17 Olar bu ýere üýşenlerinde bolsa eglemän, ertesi gün höküm kürsüsinde oturyp, ol adamyň getirilmegini buýurdym.
18 Ýöne şikaýatçylar galanlarynda, meniň oslan aýyplarymyň hiç birini ýöňkemediler.
19 Olaryň öz dinleri hem-de bir Isa atly ölen, ýöne Pawlusyň diri diýýän şahsy hakda käbir jedelleri bar eken.
20 Men bu zatlar baradaky jedelden aljyrap, ondan: „Iýerusalime gidip, ol ýerde bu zatlar babatda özüňe höküm edilmegini isleýärsiňmi?" diýip soradym.
21 Ýöne Pawlus dawasyny Awgustusyň hökümine saklamagy haýyş edensoň, kaýsara ýollaýançam, ony tussaglykda saklamagy buýurdym».
22 Agrippa Festusa: «Men hem şol adamyň gürrüňini diňlemek isleýärin» diýdi. Ol-da: «Ertir ony diňlärsiň» diýdi.
23 Ertesi gün Agrippa, Berniki uly dabarada gelip, müňbaşylar, şäheriň atly-abraýly adamlary bilen birlikde zala girenlerinde, Festusyň buýrugy boýunça Pawlusy getirdiler.
24 Festus şeýle diýdi: «Eý, Agrippa patyşa we şu ýerdäki ähli adamlar! Siz bu adamy görýärsiňiz; hem Iýerusalimde, hem-de şu ýerde ähli ýehudy jemagaty maňa ondan şikaýat edip: „Ol mundan artyk diri galmaly däl!" diýip gygyryşdylar.
25 Emma men onuň ölüme mynasyp iş edenini tapmanym üçin, özüniň hem dawasyny Awgustusa arz edeni üçin, ony ýollamagy karar etdim.
26 Ol hakda tagsyra ýazar ýaly belli bir zadym ýok. Şonuň üçin-de derňew geçirilenden soň, ýazmaga bir zadym bolsun diýip, ony siziň huzuryňyza, ylaýta-da, eý Agrippa patyşa, seniň huzuryňa çykardym.
27 Sebäbi, bir tussagy ýollap, oňa ýöňkelýän aýyplary bildirmezlik maňa manysyz görünýär».