1 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 9

Men erkin dälmi? Men resul dälmi? Men Rebbimiz Mesihi görmedimmi? Siz Rebde meniň zähmetimiň netijesi dälmisiňiz?
2 Men başgalara resul bolmasam-da, size resuldyryn; siz Reb ýolunda meniň resullygymyň möhrüsiňiz.
3 Özümi soraga çekýänleriň garşysynda men şeýle goranýaryn.
4 Biziň iýmäge, içmäge hakymyz ýokmy?
5 Beýleki resullar, Rebbiň doganlary we Kifas ýaly, imanly bir aýaly ýanymyzda gezdirmäge hakymyz ýokmy?
6 Ýa-da işlemezlige diňe men bilen Barnabasyň haky ýokmy?
7 Kim öz harjy bilen esgerlik edýär? Kim üzüm agajyny ekip-de, onuň miwesinden iýmeýär? Ýa-da kim sürini bakyp-da, onuň süýdünden içmeýär?
8 Men muny adamlaryň pikir edişine görä aýdýarynmy? Kanun-da şuny aýtmaýarmy?
9 Çünki Musanyň kanunynda: «Harman döwen öküziň agzyny baglama» diýip ýazylgydyr. Hudaý öküzleriň aladasyny edýärmi?
10 Bulary bütinleý biziň üçin aýtmaýarmy? Hawa, bu biziň üçin ýazylandyr. Şeýle, ýer süren umyt bilen sürmelidir, harman döwen hem harmana şärik bolmak umydy bilen döwmelidir.
11 Biz sizde ruhy zatlary ekip, sizden maddy zatlary orsak, bu bir uly zatmydyr?
12 Başgalaryň sizden muny islemäge haky bar bolsa, biziň muňa olardan köp hakymyz ýokmudyr? Ýöne biz bu hakdan peýdalanman, Mesihiň Hoş Habarynyň öňüni bökdemezlik üçin, her zada döz gelýäris.
13 Siz mukaddes zatlar bilen meşgullanýanlaryň ybadathanadan iýýänini, gurbanlyk edilýän ýeri saklaýanlaryň gurbanlyk edilýän ýerden paýlaryny alýanyny bilmeýärsiňizmi?
14 Şeýle, Reb hem Hoş Habary wagyz edýänleriň Hoş Habardan ýaşamagyny buýurdy.
15 Men bu zatlaryň hiç birinden peýdalanamok, şu zatlar maňa şeýle edilsin diýip hem ýazamok, sebäbi bu buýsanjymy biriniň biderek edeninden ölenim gowudyr.
16 Çünki Hoş Habary wagyz edýän bolsam, öwünmäge hakym ýokdur, sebäbi bu maňa wajypdyr. Eger Hoş Habary wagyz etmesem, waý meniň halyma!
17 Çünki muny meýletin etsem, sylagym bolar. Meýletin etmesem-de, diňe özüme tabşyrylan wezipäni berjaý etdigimdir.
18 Ýeri, sylagym näme? Hoş Habardaky hakymdan doly peýdalanmaz ýaly, Hoş Habary wagyz edip, Hoş Habary mugt bermegim.
19 Çünki men her kesden azat bolsam-da, köp adamlary gazanjak bolup, özümi hemmelere gul etdim.
20 Men ýehudylary gazanjak bolup, ýehudylara ýehudy boldum. Kanun astyndakylary gazanjak bolup, kanun astynda bolmasam-da, kanun astyndakylara kanun astyndaky ýaly boldum.
21 Hudaýyň garşysynda kanunsyz bolman, Mesihiň Kanuny astynda bolsam-da, kanuny ýoklary gazanjak bolup, kanuny ýoklara kanuny ýok kimin boldum.
22 Ejizleri gazanjak bolup, ejizlere bir ežiz ýaly boldum. Her niçik-de bolsa, käbirlerini halas etjek bolup, her kese her zat boldum.
23 Men bulary Hoş Habarda paýym bolsun diýip, Hoş Habar üçin edýärin.
24 Siz ylgaw meýdanynda ylgaýanlaryň hemmesiniň ylgap, ýöne baýragy biriniň alýanyny bilmeýärsiňizmi? Baýrak alar ýaly ylgaň.
25 Göreşýän adam ähli zatda öz nebsine buýurýandyr. Olar muny pany täji almak üçin, biz hem baky täji almak üçin edýäris.
26 Şonuň üçin, men maksatsyz ylgaýan ýaly ylgamaýaryn, howany ýumruklaýan ýaly ýumruklamaýaryn.
27 Ýöne beýlekilere wagyz edenimden soň, özüm mahrum galmaz ýaly, tenimi horlap, ony gul edýärin.