Bap 3
Eý doganlar, men size Ruha uýanlara däl-de, tebigy adamlara, Mesihdäki çagalara gürrüň berşim ýaly gürrüň berdim.
2 Size gaty-guty däl-de, süýt berdim, çünki siz gaty-guty iýmegi başarmaýardyňyz, muny häzir hem başarmaýarsyňyz.
3 Çünki siz entek tebigy adamlarsyňyz. Sebäbi araňyzda içigaraçylyk, çekişme we dawanyň barlygyna görä, siz tebigy adamlar dälmi? Adam adaty boýunça gezmeýärsiňizmi?
4 Çünki biri «Men Pawlusyňky», ýene biri «Men Apollosyňky» diýýän bolsa, tebigy adamlar dälsiňizmi?
5 Pawlus kim? Apollos kim? Olar hyzmatçy, siz hem Rebbiň her birine berşine görä, olar arkaly iman etdiňiz.
6 Men ekdim, Apollos suwardy, ýöne ösdürýän Hudaýdyr.
7 Şoňa görä, eken-de, suwaran-da hiçdir, diňe ösdürýän Hudaý ähmiýetlidir.
8 Eken bilen suwaran birdir, ýöne her biri öz zähmetine görä sylagyny alar.
9 Biz Hudaýyň işdeşleridiris, siz bolsaňyz, Hudaýyň ekin meýdany, Hudaýyň ymaratysyňyz.
10 Hudaýyň özüme berlen merhemetine görä, men akyldar ussa kimin binanyň düýbüni tutdum. Başga biri bolsa, onuň üstüni gurýandyr, ýöne her kişi nähili salşyna dykgat etsin.
11 Sebäbi hiç kim tutulan düýpden, ýagny Isa Mesihden başga düýbi tutup bilmez.
12 Bu düýbüň üstünde gyzyldan, kümüşden, gymmatbaha daşlardan, agaçdan, otdan, samandan,
13 ymarat salan her kişiniň işi belli bolar, çünki Rebbiň güni ony aýan eder, sebäbi otda belli bolar, her biriniň işiniň nähilidigini ot synar.
14 Kimiň bina edeni oda çydasa, şol sylag alar.
15 Kimiň işi ýansa, ol zyýan çeker, ýöne özi ot içinden geçen ýaly bolup gutular.
16 Siz Hudaýyň ybadathanasydygyňyzy, Hudaýyň Ruhunyň sizde ýaşaýanyny bilmeýärsiňizmi?
17 Biri Hudaýyň ybadathanasyny ýyksa, Hudaý hem ony ýykar, çünki Hudaýyň ybadathanasy mukaddesdir. Ine, şol ybadathana sizsiňiz.
18 Hiç kim özüni aldamasyn. Siziň araňyzdan biri şu dünýäde özüni akyldar saýýan bolsa, onda ol akyldar bolmak üçin akmak bolsun.
19 Çünki bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr, sebäbi: «Ol akyldarlary öz hilelerinde tutýandyr» diýip ýazylgydyr.
20 Ýene-de: «Reb akyldarlaryň pikirleriniň boşdugyny bilýändir» diýip ýazylgydyr.
21 Şoňa görä, hiç kim adam bilen magtanmasyn, çünki hemme zat siziňkidir:
22 Pawlus, Apollos ýa Kifas bolsun, dünýä, ýaşaýyş, ölüm bolsun, häzirki ýa geljekki zatlar bolsun ― hemmesi siziňkidir.
23 Siz Mesihiňkisiňiz, Mesih-de Hudaýyňkydyr.