1 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 10

Eý doganlar, atalarymyzyň barynyň bulut astynda bolanyndan, barynyň deňizden geçeninden habarly bolmagyňyzy isleýärin.
2 Bary bulutda hem deňizde Musa çokundyryldy.
3 Bary şol bir ruhy iýmiti iýdi.
4 Bary şol bir ruhy içgini içdi, sebäbi olar özlerine hemralyk eden ruhy gaýadan içýärdi. Ol gaýa bolsa Mesihdi.
5 Emma Hudaý olaryň köpüsinden razy däldi. Çölde olaryň jesetleri serlip galdy.
6 Ýöne olaryň höweslenişi kimin, biz-de ýamana höweslenmez ýaly, bu wakalar bize mysal hökmünde ýüze çykdy.
7 «Halk iýip-içmek üçin aşak oturdy we oýnamak üçin ýokary galdy» diýip ýazylyşy ýaly, olaryň käbirleri kimin siz hem butparaz bolmaň.
8 Zyna etmäliň, çünki olaryň käbirleri zyna edip, bir günde ýigrimi üç müň adam öldi.
9 Rebbi synamalyň, çünki olaryň käbirleri Ony synap, ýylanlardan heläk boldular.
10 Käýinmäň, çünki olaryň käbirleri käýinip, ölüm perişdesiniň elinden heläk boldular.
11 Ýöne bu zatlaryň bary olaryň başyna görelde hökmünde inip, döwürleriň soňuna ýeten bize ündew üçin ýazyldy.
12 Şonuň üçin men dogrudyryn diýip pikir edýän adam öz ýykylmagyndan ägä bolsun.
13 Siz her kişiniň başyna gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar.
14 Şonuň üçin, eý, eziz doganlarym, butparazlykdan gaçyň.
15 Men düşünjeli adamlara gürrüň berýärin. Aýdýanlaryma özüňiz baha beriň.
16 Biziň şükür edýän şükür käsämiz Mesihiň ganyna şärikçilik dälmi? Biziň bölýän çöregimiz Mesihiň tenine şärikçilik dälmi?
17 Çöregiň bir bolşy ýaly, köp bolan biz hem bir tendiris, sebäbi biziň hemmämiziň şol bir çörekde paýymyz bardyr.
18 Ysraýyl halkyna serediň, gurbanlyklary iýýänler gurbanlyk edilýän ýer bilen şärikçilik edýänler dälmi?
19 Men näme diýýärin? Buta berlen gurban bir zatmydyr? Ýa-da but bir zatmydyr?
20 Ýok, ýöne butparazlar berýän gurbanyny Hudaýa däl-de, jynlara berýär diýýärin. Men siziň jynlar bilen şärikçilik etmegiňizi islämok.
21 Siz hem Rebbiň käsesinden, hem jynlaryň käsesinden içip bilmersiňiz. Siz hem Rebbiň saçagyna, hem jynlaryň saçagyna şärik bolup bilmersiňiz.
22 Ýa-da biz Rebbiň gabanjaňlygyny oýarýarysmy? Biz Ondan güýçlümi?
23 Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat peýdaly däldir. Maňa ähli zada rugsat edilendir, ýöne hemme zat abatlaýan däldir.
24 Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin.
25 Et bazarynda näme satylýan bolsa, ynsap hatyrasy üçin, hiç bir zady seljermän iýiň.
26 Çünki Ýer we onuň ýüzündäki ähli zat Rebbiňkidir.
27 Iman etmedikleriň biri sizi nahara çagyryp-da, siz hem gitmek isleseňiz, öňüňizde näme goýulsa, ynsap hatyrasy üçin, her bir zady seljermän iýiň.
28 Emma biri size: «Bu butlara berlen gurbanyň etidir» diýse, ýaňky habar bereniň hatyrasy üçin we ynsap hatyrasy üçin iýmäň, çünki Ýer we onuň içindäkileriň bary Rebbiňkidir.
29 Men ynsap diýip, seniň özüňkä däl-de, beýlekiniňkä diýýärin, sebäbi näme üçin meniň azatlygymyň üstünden beýlekiniň ynsaby höküm çykarýar?
30 Men şükür edip, nahara goşulýan bolsam, onda näme üçin şükür edýän zadym üçin maňa käýelýär?
31 Iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de, baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.
32 Ýehudylara, greklere we Hudaýyň ýygnagyna büdremäge sebäp bolmaň.
33 Çünki men hem her zatda her kesi razy etmäge çalyşýaryn. Men muny öz bähbidim üçin edemok, gutulsynlar diýip, köp adamlaryň bähbidi üçin edýärin.