1 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 16

Mukaddesler üçin kömek ýygnama hakda, siz hem Galatýa ýygnaklaryna tabşyryşym ýaly ediň.
2 Men baranymda, ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, siziň her biriňiz hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä, bir mukdar pul süýşürip, ýanynda saklasyn.
3 Baranymda bolsa mynasyp gören adamlaryňyzy siziň gatanjyňyzy Iýerusalime gowşurar ýaly, hatlar bilen ýollaryn.
4 Meniň gitmegim hem ýaraşykly bolsa, onda olar meniň bilen gider.
5 Makedoniýadan geçenimden soň, siziň ýanyňyza-da bararyn, sebäbi men Makedoniýadan geçmekçi.
6 Meni gitjek ýerime ugratmagyňyz üçin, belki, siziň ýanyňyzda bir mütdet galaryn ýa gyşy-da geçirerin.
7 Çünki sizi häzir ýol ugrunda göresim gelenok. Reb rugsat etse, birnäçe wagtlap ýanyňyzda bolaýsam diýen umydym bar.
8 Men Hasyl baýramyna çenli Efesosda bolaryn.
9 Çünki maňa uly, iş bitiriji bir gapy açyldy, garşy çykýanlar hem köp.
10 Timoteos baranda, ýanyňyzda gorkusyz bolar ýaly, göz-gulak boluň, sebäbi ol hem meniň ýaly Rebbiň işini edýär.
11 Ony hiç kim äsgermezlik etmesin. Meniň ýanyma geler ýaly, ony sag-salamat ýola salyň. Çünki men oňa doganlar bilen bilelikde garaşýaryn.
12 Dogan Apollos hakda aýdanymda bolsa, men doganlar bilen bilelikde siziň ýanyňyza gitmegini ondan köp haýyş etdim, emma onuň şu wagt gelmäge meýli ýok; amatly pursat tapanda geler.
13 Hüşgär boluň, imanda berk duruň, mert boluň, gujurly boluň!
14 Edýän ähli zadyňyz söýgi bilen bolsun.
15 Doganlar, sizden şuny haýyş edýärin, siz Stefanyň içersini tanaýansyňyz, olaryň Ahaýada ilkinji mesihilerdigini we mukaddesleriň gullugyna berlendiklerini bilýänsiňiz.
16 Siz hem şeýle adamlara, olar bilen işläp, zähmet çekýänleriň hemmesine baş egiň.
17 Men Stefanyň, Fortunatusyň we Ahaýakusyň gelenine begenýärin, sebäbi olar maňa siziň ýoklugyňyzy bildirmeýärler.
18 Çünki olar meniň ruhuma-da siziňkä berişleri ýaly ynjalyk berdi. Şeýle adamlaryň gadyryny biliň.
19 Aziýanyň ýygnaklary size salam aýdýar. Akila we Priskilla öýlerindäki ýygnak bilen birlikde size Rebde köp salam aýdýar.
20 Doganlaryň bary size salam aýdýarlar. Biri-biriňize mukaddes ogşuk bilen salam aýdyň.
21 Men Pawlus öz salamymy öz elim bilen ýazýaryn.
22 Reb Isa Mesihi söýmeýäne lagnat bolsun. Eý Rebbimiz, gel!
23 Reb Isa Mesihiň merhemeti siziň bilen bolsun!
24 Meniň söýgim Mesih Isada siziň ähliňiz bilen bolsun! Omyn.