Bap 13
Eger men ynsan hem perişdeleriň dillerinde gepleýän bolsam, ýöne söýgim ýok bolsa, onda jyňňyrdaýan misdirin ýa-da seslenýän simbalydyryn.
2 Pygamberlik sylagym bolup, ähli syrlary hem ylymlary bilýän bolsam, daglary ýerinden gozgajak imanym bolsa, ýöne söýgim bolmasa, onda men hiçdirin.
3 Ähli zadymy paýlap, ýoksullary doýursam, tenimi ýakmaga bersem, ýöne söýgim bolmasa, onda munuň maňa hiç bir peýdasy ýokdur.
4 Söýgi sabyrlydyr, şepagatlydyr, söýgi göripçilik edýän däldir, söýgi öwünip, tekepbirlik edýän däldir.
5 Biabraýçylykly iş edýän däldir, öz nepini gözleýän däldir, gaharlanýan däldir, içinde hylt saklaýan däldir.
6 Adalatsyzlyga şatlanman, hakykata şatlanýandyr.
7 Her zada döz gelýändir, her zada ynanýandyr, her zada umyt baglaýandyr, her zada çydaýandyr.
8 Söýgi asla tükenmez. Pygamberlikler bolsa aýrylar, diller dymar, bilim ýoga çykar.
9 Çünki biz bölekleýin bilip, bölekleýin pygamberlik edýäris.
10 Ýöne kämil bolan gelende, bölekleýin bolan aradan aýrylar.
11 Men çagakam, çaga ýaly gepläp, çaga ýaly oýlanyp, çaga ýaly paýhas ederdim, ulalanymda, çaga gylyklarymy goýdum.
12 Şindi her zady aýnadaky ýaly ümüzli görýäris, ýöne şol wagt ýüzbe-ýüz göreris. Häzir men bölekleýin bilýärin, ýöne şol wagt öz bilinişim ýaly bilerin.
13 Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt, söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.