Bap 1
Hudaýyň islegi bilen Mesih Isanyň resuly bolmaga çagyrylan Pawlusdan we Sostenis dogandan,
2 Hudaýyň mukaddeslige çagyrylyp, Mesih Isada mukaddes edilen Korintosdaky ýygnagyna we her ýerde hem olaryň, hem-de biziň Rebbimiz Isa Mesihiň adyny tutýanlaryň barysyna salam!
3 Atamyz Hudaýdan, Reb Isa Mesihden size merhemet hem parahatlyk bolsun!
4 Men Mesih Isada size berlen Hudaýyň merhemeti üçin, siz barada elmydam Hudaýa şükür edýärin.
5 Çünki siz Onda her zada, her söze we her bilime baý bolduňyz.
6 Biziň Mesih hakdaky güwäligimiz sizde berkedi.
7 Şonuň üçin hem siz Rebbimiz Isa Mesihiň aýan bolmagyna garaşyp, hiç bir sylagda ýetmezçiligiňiz ýokdur.
8 Ol sizi Rebbimiz Isa Mesihiň gününde müýnsüz bolar ýaly, soňa deňeç berkider.
9 Sizi Öz Ogly, biziň Rebbimiz Isa Mesih bilen şärikçilige çagyran Hudaý ynamdardyr.
10 Eý doganlar, hemmäňiziň diliňiz bir bolup, araňyzda bölünişik bolman, bir pikirde we bir islegde birleşmegiňizi Rebbimiz Isa Mesihiň ady bilen sizden haýyş edýärin.
11 Çünki, eý doganlar, siziň araňyza dawa düşenligi hakda Kloiniň öýündäkiler maňa habar berdi.
12 Meniň aýtjak bolýan zadym şu: siziň her biriňiz «Men Pawlusyňky», «Men Apollosyňky», «Men Kifasyňky», «men Mesihiňki» diýýärsiňiz.
13 Mesih bölündimi? Pawlus siziň üçin haça çüýlendimi? Ýa siz Pawlusyň adyna çokundyryldyňyzmy?
14 Hiç kim maňa öz adyna çokundyrdy diýmez ýaly,
15 Men Krispus we Gaýusdan başga siziň hiç biriňizi çokundyrmanyma Hudaýa şükür edýärin.
16 Şeýle hem men Stefanyň içersini-de çokundyrdym, başga çokundyranym ýadyma düşmeýär.
17 Çünki Mesih meni çokundyrmak üçin däl-de, Hoş Habary yglan etmek üçin ýollady, ýöne Mesihiň haçy biderek bolmaz ýaly, muny söz akyldarlygynda etmeli däldim.
18 Çünki haçyň sözi heläk bolanlar üçin akmaklyk, biz ― gutulanlar üçin bolsa Hudaýyň gudratydyr.
19 Çünki: «Men akyldarlaryň akyldarlygyny weýran ederin, düşünjelileriň düşünjesini güýçden düşürerin» diýip ýazylgydyr.
20 Akyldar hany? Kanunçy hany? Bu döwrüň alymy hany? Hudaý bu dünýäniň akyldarlygyny akmaklyga öwürmedimi?
21 Çünki dünýäniň Hudaýyň akyldarlygynda öz akyldarlygy bilen Hudaýy tanamadygyna görä, Hudaý iman edenleri wagyz akmaklygy arkaly gutarmagy unady.
22 Çünki ýehudylar gudrat görkezmegi talap edýär, grekler akyldarlygy gözleýär.
23 Biz bolsak haça çüýlenen Mesihi ýehudylar üçin büdremäge sebäp, grekler üçin-de akmaklyk bolan,
24 ýöne çagyrylanlara, hem ýehudylara, hem greklere Hudaýyň gudraty we Hudaýyň akyldarlygy bolan Mesihi wagyz edýäris.
25 Çünki Hudaýyň «akmaklygy» adam akylyndan üstün, Hudaýyň «ejizligi» adam güýjünden güýçlüdir.
26 Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi boýunça köpiňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz.
27 Ýöne Hudaý akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Hudaý güýçlüleri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.
28 Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we ähmiýetsizlerini saýlady.
29 Ol muny hiç bir adam Hudaýyň huzurynda magtanmasyn diýip etdi.
30 Ýöne: «Magtanan Reb bilen magtansyn» diýip ýazylyşy ýaly,
31 siz Hudaýyň saýasynda Mesih Isadasyňyz. Ol biziň üçin Hudaýyň akyldarlygy we dogrulygy, mukaddesligi we gutaryşy boldy.