Bap 11
Meniň Mesihden görelde alşym ýaly, siz hem menden görelde alyň.
2 Eý doganlar, her zatda meni ýada salýanlygyňyz, taglymaty size tabşyryşym ýaly saklaýanlygyňyz üçin, men sizi taryplaýaryn.
3 Siziň muny-da bilmegiňizi isleýärin: her erkegiň baýary Mesih, aýalyň baýary erkek, Mesihiň baýary hem Hudaýdyr.
4 Başyna zat geýip, doga ýa pygamberlik edýän erkek kişi öz başyny biabraý edýändir.
5 Başy açyk doga ýa pygamberlik edýän aýal kişi hem öz başyny biabraý edýändir, çünki bu saçy syrylmak bilen birdir.
6 Çünki aýal başyny örtmeýän bolsa, onda saçyny-da kesdirsin. Aýal saçynyň kesilmeginden ýa-da syrylmagyndan utanýan bolsa, onda başyny örtsün.
7 Çünki erkek Hudaýyň suraty hem şöhratydygy üçin başyny örtmeli däldir, ýöne aýal erkegiň şöhratydyr.
8 Çünki erkek aýaldan däl-de, aýal erkekdendir.
9 Sebäbi erkek aýal üçin däl-de, aýal erkek üçin ýaradyldy.
10 Şonuň üçin, perişdeleriň hatyrasyna aýalyň başynda onuň ygtyýar astyndadygyny görkezýän belgi bolmalydyr.
11 Ýöne welin Rebde ne aýal erkeksiz, ne-de erkek aýalsyzdyr.
12 Çünki aýalyň erkekden bolşy ýaly, erkek hem aýal arkaly dünýä inendir, ýöne hemme zady Hudaý ýaradandyr.
13 Siziň özüňiz baha beriň: aýalyň başy açyk Hudaýa doga etmegi ýaraşyklymydyr?
14 Erkegiň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin biabraýçylykdygyny,
15 ýöne aýalyň saçy uzyn bolsa, bu onuň üçin abraýdygyny tebigatyň özi öwretmeýärmi? Çünki saç aýala bürenjek ýerine berlendir.
16 Ýöne biriniň jedel edesi gelýän bolsa, biziň hem, Hudaýyň ýygnaklarynyň hem beýle endigi ýok.
17 Emma bu taglymatda sizi taryplamaýaryn, çünki siziň üýşmeleriňiz peýdaly däl, zyýanlydyr.
18 Çünki, birinjiden, haçan ýygnakda üýşüşeniňizde, araňyzda bölünişigiň bolýanyny eşidýärin, muňa az-kem ynanýarynam.
19 Çünki araňyzdaky Hudaýyň tassyklan adamlary belli bolar ýaly, araňyzda bölünişigiň bolmagy zerurdyr.
20 Siz bir ýere üýşüşeniňizde, Rebbiň naharyny iýmek üçin üýşmeýärsiňiz.
21 Çünki nahar iýeniňizde, her kim öz naharyny beýlekilerden öňürti alýar, biri aç galýar, ýene biri serhoş bolýar.
22 Siziň iýmäge, içmäge öýüňiz ýokmy? Ýa-da Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, ýoksullary utandyrýarsyňyzmy? Men size näme diýeýin? Sizi taryplaýynmy? Bu zatda sizi taryplamaryn.
23 Çünki men Rebden alanymy size tabşyrdym. Reb Isa Özüniň tutulyp berlen gijesi çörek alyp,
24 şükür edeninden soň, ony bölüp: «Alyň, iýiň, bu meniň siziň üçin döwlen bedenimdir, muny meni ýada salmak üçin berjaý ediň» diýdi.
25 Şonuň ýaly-da, nahardan soň käsäni alyp: «Bu käse meniň ganym bilen berkidilen täze ähtdir, her gezek içeniňizde, meni ýada salmak üçin muny berjaý ediň» diýdi.
26 Çünki siz bu çöregi her gezek iýeniňizde, käseden her gezek içeniňizde, tä Özi gelýänçä, Rebbiň ölümini yglan edýänsiňiz.
27 Şonuň üçin her kim mynasyp bolmadyk tärde Rebbiň bu çöregini iýse ýa bu käseden içse, Onuň teni we gany babatda ýazykly bolar.
28 Adam özüni synap görensoň, bu çörekden iýmeli, bu käseden hem içmelidir.
29 Çünki kim Rebbiň tenini saýgarman, gelşiksiz tärde iýse, içse, özüne garşy höküm iýýändir we içýändir.
30 Şonuň üçin siziň araňyzda köpleri ejiz, hassa, ölenleriň hem sany az däl.
31 Öz-özümizi synan bolsak, höküme duçar bolmazdyk.
32 Üstümizden höküm çykarylanda, bize dünýä bilen bilelikde iş kesilmez ýaly, Reb bizi terbiýeleýär.
33 Eý doganlar, nahar iýmek üçin üýşüşeniňizde, biri-biriňize garaşyň.
34 Siz höküm üçin üýşüşmez ýaly, kim aç bolsa, öz öýünde iýsin. Galan zatlary bolsa özüm baramda düzederin.