1 Korintoslylara haty

1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16


Bap 12

Eý doganlar, men ruhy sylaglar barada-da, siziň bihabar galmagyňyzy islemeýärin.
2 Butparazkaňyz, biri sizi çekýän ýaly, dilsiz butlaryň yzyna eýerýärdiňiz.
3 Şonuň üçin size aýdýaryn: Hudaýyň Ruhy bilen gepleýän kişi: «Isa lagnat!» diýmez, hiç kim hem Mukaddes Ruh bilen bolmasa: «Isa Rebdir!» diýip bilmez.
4 Sylaglar dürli-dürli, ýöne Ruh şol bir Ruhdur.
5 Gulluklar-da dürli-dürli, ýöne Reb şol bir Rebdir.
6 Amallar dürli-dürli, ýöne hemmede her zady emele getirýän Hudaý şol bir Hudaýdyr.
7 Ýöne her kişä Ruhuň aýan bolmagy hemmäniň peýdalanmagy üçin berilýär.
8 Çünki Ruh arkaly birine akyldarlyk sözi, ýene birine şol Ruh arkaly bilim sözi,
9 başga birine şol Ruh arkaly iman, beýlekä şol Ruh arkaly şypa sylaglary,
10 birine gudrat görkezme, ýene birine pygamberlik, başga birine ruhlary saýgarma, beýleki birine dürli diller, ýene birine bolsa dilleri düşündirme berilýär.
11 Bularyň hemmesini bolsa şol bir Ruh emele getirýär. Ol her birine Öz halaýşyna görä, aýry-aýry bölüp berýär.
12 Ýöne teniň bir we agzasynyň köp bolşy ýaly, teniň agzasy köp bolsa-da, bir tendir, Mesih-de şeýledir.
13 Çünki ýehudy bolsun ýa grek bolsun, gul bolsun ýa azat bolsun ― biziň hemmämiz bir Ruh arkaly bir tene çokundyryldyk, hemmämize bir Ruhdan içirildi.
14 Ten hem bir agzadan däl-de, köp agzadan ybaratdyr.
15 Aýak: «Men el däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.
16 Gulak: «Men göz däldigim üçin, tene degişli däldirin» diýeni bilen, tene degişli bolman bilmez.
17 Tutuş ten göz bolan bolsa, onda eşidiş nirede bolardy? Bary eşidiş bolan bolsa, onda ysgaýyş nirede bolardy?
18 Emma Hudaý agzanyň her birini tende Öz isleýşine görä goýdy.
19 Hemmesi bir agza bolan bolsa, onda ten nirede bolardy?
20 Şeýlelikde, agza köp, ýöne ten bir.
21 Göz ele: «Sen maňa gerek däl» diýip bilmez. Kelle aýaklara: «Siz maňa gerek däl» diýip bilmez.
22 Tersine, teniň ejiz görünýän agzalary has köp gereklidir.
23 Biz teniň hormatsyzrak görünýän agzasyna has köp hormat goýýarys, owadan däl agzalarymyzyň has köp görki bardyr.
24 Ýöne görkli agzalarymyz muňa mätäç däldir. Emma Hudaý tende hiçbir bölünişik bolman, agzalar deňlik bilen biri-biriniň aladasyny etsin diýip,
25 teni guranda, ähmiýetsiz agzalary has köp hormatlady.
26 Bir agza horluk çekse, ähli agzalar bilelikde horluk çeker. Bir agza şöhratlansa, ähli agzalar bilelikde şatlanar.
27 Siz Mesihiň teni, aýry-aýry agzalarysyňyz.
28 Hudaý ýygnakda birinjileri resul, ikinjileri pygamber, üçünjileri öwrediji edip oturtdy. Ondan soň gudrat görkezmeleri, soňra şypa sylaglaryny, ýardamlary, edaralary, dürli dilleri berdi.
29 Hemmeler resulmydyr? Hemmeler pygambermidir? Hemmeler öwredijimidir? Hemmeler gudrat görkezýänmidir?
30 Hemmeleriň şypa sylagy barmy? Hemmeler dürli dillerde gepleýärmi? Hemmeler dilleri manylandyrýarmy?
31 Siz ulurak sylaglara yhlas ediň, men ýene size mundan hem gowy ýoly görkezeýin.