Bap 1
Hudaý gadym zamanlarda pygamberler arkaly ençeme gezek dürli ýollar bilen atalarymyz bilen gepleşipdir.
2 Ol soňky wagtlarda hem bar zadyň mirasçysy edip belläni we Ol arkaly älemi ýaradan Oglunda biziň bilen gepleşdi.
3 Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymy, Onuň barlygynyň keşbi bolup, bar zady gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden tämizländen soň, Gökde Şöhratlynyň sagynda oturdy.
4 Ol perişdelerden näçe üstün ady miras alan bolsa, şonça-da olardan üstün boldy.
5 Çünki Hudaý heý-de perişdeleriň birine: «Sen Meniň Oglumsyň, Men bu gün Seniň Ataň boldum», «Men Oňa Ata, Ol-da Maňa Ogul bolar» diýipmi?
6 Ýene Hudaý Özüniň ilkinji doglan Ogluny dünýä iberende: «Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsin» diýýär.
7 Perişdeler hakda: «Ol perişdelerini ýel, hyzmatkärlerini ot ýalny edýändir» diýýän bolsa,
8 Ogly hakda: «Eý Hudaý, Seniň tagtyň bakydyr, dogrulyk hasasy Seniň Patyşalygyň hasasydyr» diýýär.
9 «Sen dogrulygy söýüp, kanunsyzlygy ýigrendiň. Munuň üçin Hudaý ― Seniň Hudaýyň Seni şatlyk ýagy bilen ýoldaşlaryňdan artyk mesh etdi».
10 Ýa Reb, başlangyçda Ýeriň düýbüni Sen tutduň. Gök hem Seniň elleriňiň işidir.
11 Olar ýogalar, diňe Sen galarsyň. Hemmesi bir eşik ýaly köneler.
12 Olary bir geýim ýaly düýrersiň, olar üýtgär. Emma Sen şol durşuňa durarsyň, Seniň ýyllaryň tükenmez».
13 Hudaý perişdeleriň birine heý: «Duşmanlaryňy aýaklaryň astyna basgançak edýänçäm, Meniň sagymda otur» diýipmi?
14 Perişdeleriň ählisi gutulyşy miras aljaklara hyzmat etmek üçin iberilen hyzmatkär ruhlar dälmi näme?